Şu günler Aşgabadyň çetinde ýerleşýän Çoganly we Şor obalarynda ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar. Mundan öňem paýtagtyň töwereginde ençeme oba, posýolok ýok edildi. Onlarça müň jaý ýok edildi, şol öý eýeleriniň ençemesine täze berlen melleklerde gaýtadan gurlan jaýlary hem indi ýene-de ýykylýar.
Häkimiýetleriň raýatlaryň jaýlary ýykylanda berýän esasy düşündirişinde, bolsa, “olar bikanun guruldy” diýilýär.
Jaýlar “bikanun guruldy” diýen düşünje nireden gelip çykýar? Jaýlar nädip "bikanun" gurulýar?
Azatlyk Radiosy bu sowaly Aşgabadyň eteginde ýumrulan iki jaýyň eýesi ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar