Islegsiz “Ene mähri”

Balkanabat şäheriniň “Ene mähri” merkezi

Balkanabat şäheriniň 14-nji mikroraýony bilen 210-njy kwartalynyň arasyndaky ak mermer bilen örtülen Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezi şäheriň beýleki binalaryndan özüniň kaşaňlygy we owadanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Resmi metbugatda 2010-njy ýylda açylan bu ençeme gatdan ybarat Merkeziň “iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendigi, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň ýola goýlandygy” aýratyn nygtalýar.

Emma welin, “ilat üçin gurlandygy” tekrarlanýan bu kaşaň merkezde müşderilere o diýen köp duş gelinmeýär. Ýerli ýaşaýjylaryň gürrüňlerinden çen tutulsa, munuň özüne ýetik sebäpleri bar.

Nyrh

Nebitdaglylar mundan bäş ýyl ozal açylan merkezdäki nyrhlaryň adaty raýatlar üçin örän gymmatdagyny belläp, bu ýerdäki bahalary şäher poliklinikasynyň ýanyndaky bäbekhanadaky bilen deňeşdirýärler.

Entek sowet döwrinde, ýagny 1977-nji ýylda açylan şäher bäbekhanasynda aýagy agyr maşgalanyň adaty dört gün ýatmak möhleti – saglyk ätiýaçalandyryş kartoçkasy bilen – 96 manada durýar. Şäheriň 189-njy kwartalynyň golaýyndaky bu bäbekhananyň lukmanlarynyň maglumatyna görä, bu nyrhyň içine enä zerur bolan ähli derman-däriler hem girýär.

Ençeme million dollar harçlanyp bina edilen “Ene mähri” merkezinde bolsa, göwreli zenan bir güni üçin iň azyndan 200 manat tölemeli bolýar.

Balkanabadyň bäbekhanasy

Dördünji balasyna garaşýan 36 ýaşly Ogulbike gelneje, özüniň üçünji çagasyny – çykdajylara döz gelip, – täze açylan “Ene mähri” merkezinde dünýä inderendigini, emma gaýdyp ol Merkeze ýüz tutmajakdygyny aýdýar.

Ogulbike gelneje owadan edilip gurlan “Ene mähri” merkeziniň lukmanlarynyň göwreli enelere juda gödek çemeleşýändiklerini we, adatça, tejribesizdiklerini aýdýar.

Ol: “Bir palatada üç-dört ene bolsagam, men şu köne bäbekhanada ýatjak. Täze açylanyň bar lukmanlary diýen ýaly ýaňy okuwyny gutaryp gelenler. Olar ne soragyňa jogap berýärler, ne-de ýeterlik aladaňy edýärler” diýýär.

Ogulbike şäheriň keselhanasynyň ýanyndaky bäbekhanada onlarça ýyl tejribesi bolan hünärmenleriň işleýändigini, geljekki eneleriň ugruna gowy garaýandyklaryny sözüniň üstüne goşýar.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezleri açyldy.