Rim papasy: "Men katolik Hudaýyna ynanamok"

Vatican -- Pope Francis waves as he leaves after his weekly audience in St.Peter's square, at the Vatican City, May 13, 2015.

Rim papasy Fransisiň aýdan iň ýörgünli alty jümlesi.

"Towşanlar" hakynda

Golaýda Filippinden gaýdyp gelýärkä papadan ekläp biljeginden artykmaç çaga dogurýän ene-atalar hakdaky pikrini sorapdyrlar.

Papa muňa şeýle jogap beripdir: "Hudaý adama jübütleşmek hakyny berýär. Ýöne şeýle hakdan jogapkärçilikli peýdalanmak gerek. Käbir adamlar şeýle suratlandyrma sebäpli, bagyşlaň welin, mömin katolik bolmak üçin edil towşan ýaly köpelmelidiris öýdýärler. Ene-ata bolmaklyk gaty jogapkärçilikli bir wezipedir".

Geýler hakynda

Gomoseksuallaryň özara nikalaşmagyna garşy çykýandygy bilinse-de, papanyň geýler hakynda golaýda beýan eden bir pikiri gaty köp katoligi ör-gökden getirdi.

Papa Rimden Braziliýa uçup barýarka metbugat işgärleriniň sowallaryna beren jogabynda, "Geý bolan bir adam Hudaýa çokunýan we niýeti düzüw bolsa, oňa dil uzadar ýaly men kim".

Geý aktiwistleri muňa rewolýusion pikir hökmünde baha berdiler.

Hudaý we "Katolik Hudaýy" hakynda

2013-nji ýylda "La repubblika" gazetiniň jogapkäri Ýewgenio Skalfari (ateist) bilen din hakynda söhbet eden mahaly papa käbir katolik ruhanylary tankyt edipdir.

Şonda olaryň "katolik merkezçi" garaýyşlaryna garşy çykypdyr we şeýle diýipdir: "Men Hudaýa ynanýaryn. Ýöne katolik Hudaýyna däl. Katolik Hudaýy ýokdyr. Hudaý bar we onuň inkarnasiýasy bolan Isa pygambere ynanýaryn".

Gymmat zatlary halaýan ruhanylar hakynda

Papa kasam dabarasy üçin Watikan köşgüniň deregine ýönekeýje bir [jaýy] saýlap almak bilen ruhanylara görelde bolmaga synanyşypdyr.

Ol "soňky çykan awtomobillere münýän" ruhanylary tankyt edipdir. Olara ulag alan mahaly ynsaply bolmaga çagyrypdyr: "Eger iň gymmat bahalysyny saýlap aljak bolsaň, ilki bilen dünýäde näçe çaganyň açlykdan ölýändigini bir pikir et".

Garry mama meňzeýän Ýewropa hakynda

2014-nji ýylda Ýewropa bileleşigindäki býurokratiýany tankyt eden papa, Ýewropany çaga dogrup bilmeýän önelgesiz garry mama meňzedip: "Ýewropada ählumumy bir ýadawlyk, garrap tapdan düşmek ýagdaýy bar" diýipdir.

Pygamberiň karrikaturasy hakynda

Muhammet pygamberiň karrikaturasyny çap edendigi üçin Parižde radikal yslamçylaryň hüjümine duçar bolan "Çarli Hedbo" žurnaly barasyndaky sowala hem papa: "Söz azatlygynyň hem bir çeni-çaky, ýagny çägi bardyr. Hiç kimiň özgeleriň ynanjyny äsgermezçilik etmäge haky ýokdur. Kimde kim meniň ejeme sögjek bolsa, ýumruk iýjegini gaty gowy bilmelidir. Bu adaty ýagdaýdyr" diýen görnüşde jogap beripdir.