Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobatlar emele gelip başlady. Bu walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň hersinde diýen ýaly azyndan 15-20 adam nobata dur. Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky "Paýtagt" bazaryndaky, "Owadan" hyzmat öýündäki we "Ors bazardaky" "Aşgabat" söwda merkezindäki walýuta alyş-çalyş nokatlarynda bu nobatlary görse bolýar.
Nobatlaryň emele gelmegi 1-nji iýundan ABŞ-nyň dollarynyň manada bolan kursunyň ýokary galjakdygy baradaky gürrüňler bilen bagly. Aýdylyşyna görä, bir dollaryň bahasy 5 manat bolmaly. Emma resmiler bu gürrüňleri inkär edip, ýa-da tassyklap çykyş etmediler.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýyndan tä dekabr aýyna çenli walýuta alyş-çalyş nokatlarynda häzirkiden has köp adamly nobatlar döräpdi. Şol nobatlar hem dollaryň kursunyň ýokary galjakdygy baradaky gürrüňler bilen baglydy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şonda häkimiýetler dollaryň kursunyň galmajakdygy barada kepil geçip, walýuta alyş çalyş nokatlarynda ýörite ýüzlenmeler asypdylar. Emma, muňa garamazdan, edil täze ýyl gijesi ABŞ-nyň bir dollarynyň bahasy 3 manat 51 teňňe boldy. Ondan öň dollaryň nyrhy 2.85 manatdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda hem nobatlar döräpdi. Bu nobatlar hem 1-nji fewraldan dollaryň kursunyň ýokary galjakdygy baradaky gürrüňler bilen baglydy. Mundan başga 1-nji maýdan dollaryň kursy ýokary galar diýen gürrüň zerarly walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobatlar emele gelipdi. Emma dollaryň kursy öňküligine galdy.
Indi bolsa adamlar 1-nji iýundan dollaryň kursunyň ýokary galmagyndan howatyrlanyp, nobata durup, walýuta satyn alýarlar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, häkimiýetler dollaryň geljekki kursy barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Mundan başga-da geçen ýylyň 11-nji noýabrynda girizilen walýuta satyn almakdaky çäklendirmeler hem saklanyp galýar. Mälim bolşy ýaly, ady agzalan düzgün boýunça her bir adam walýutany öz ýaşaýan welaýatynda satyn almaly. Paýtagtlylar bolsa diňe Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlaryndan dollary satyn alyp bilýärler.
Şonuň üçin walýuta satyn almaga barýan adamyň ýanynda pasporty hem bolmaly. Bir adam bir walýuta alyş-çalyş nokadynda günüň dowamynda diňe bir gezek walýuta satyn alyp bilýär. Onuň ady kompýutere hem ýazylýar. Şol ýazgysyz walýuta satylmaýar.
Her adama çalşyp berilýän walýutanyň möçberi hem çäkli. Her kim müň dollar satyn alyp bilýär. Şol sebäpden walýuta alyş-çalyş nokatlaryna ýakynlaryny, garyndaşlaryny we tanyşlaryny alyp barýanlar hem az däl.
Hatda hakyna nobata durup berýän adamlar hem bar. Bu adamlaryň “hyzmatlary” üçin azyndan 10-15 manat tölemelidigini ildeşlerimiziň käbirleri adýarlar. Welaýatlylaryň ýerli ýaşaýjylara pul töläp, dollar satyn aldyrdýandyklary hem aýdylýar.
Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyldan öň ýurtda dollaryň iki kursy ýöräpdi. Şol wagt resmi kurs boýunça banklarda dollar satylmansoň, dollar, esasan, “gara bazardan” satyn alynýardy. Şol wagt dollaryň gara bazardaky bahasy onuň resmi hümmetinden dört esse ýokarydy.
2009-njy ýyldan soň ýurtda dollaryň bir kursy ýöräp başlady. Şol wagt Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kesgitlän bir dollar 2,85 manat kursy şu ýylyň başyna çenli saklanyp geldi.