Aşgabat: Käbir etraplarda suw kesildi

Aşgabadyň Parahat, Howdan mikroraýonlarynda agyz suwy “režimli” berilýär

Düýn 14-nji maýda irden Aşgabadyň birnäçe raýonlarynda suw kesildi. Paýtagtyň 2, 5, 6, 11-nji mikroraýonlarynda, Hitrowka we ”Posýolka” diýlip atlandyrylýan raýonlarynda bütin gün diýen ýaly agyz suwy bolmady. Agyz suwy diňe gije sagat 10-lara berildi.

Agyz suwunyň kesilmeginiň sebäpleri belli däl. Bu raýonlaryň ýaşaýjylarynyň käbirleri paýtagtyň häkimliginiň nobatçysyna hem-de ”Wodokanala”, ýagny ”Suwkanala” jaň edenlerinde-de, ol edarada näme sebäpden suwuň ýoklugyny aýtmandyrlar.

Mundan başga-da düýn ýokarda agzalan raýonlaryň käbirlerinde elektrik togy hem öçdi. Hususan-da, ”Posýolka” diýip atlandyrylýan raýonynda birnäçe sagatlap elektrik togy öçdi. Bu ýagdaý raýonyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynda goşmaça kynçylyklary döretdi.

Ýaşaýjylaryň gürrüňlerinden çen tutsaň, onda adamlar düýn ne arkaýyn çaý-nahar edinip bilipdirler, ne-de ýuwnup-ardynyp. Ylaýta-da mikroraýonlardaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna has-da kyn bolupdyr. Howluly jaýlarda ýaşaýanlaryň köpüsinde howuzlar bar, olar şeýle kynçylykly pursatlarda howuz suwundan peýdalanyp bilseler-de, köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylarynda beýle mümkinçilikler ýok.

“Hajathanalar porsap dur. Çagalar suwa düşünip bilenoklar. Gap-gaçlar ýuwulman galdy. Iň bärkisi içer ýaly suwam ýok” diýip, 2-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy Hekim gürrüň berýär.

"Garaşyberiň"

Suwuň kesilendigine garamazdan, häkimiýetler suwsuz galan raýonlara ýörite suw daşaýan awtoulaglary hem ibermändirler. Ýaşaýjylaryň käbirleri häkimliklere jaň edip, iň bolmanda suw daşaýan awtoulaglar bilen ilata suw getirmeklerini haýyş edipdirler. Emma olara “agyz suwy berler garaşyberiň” diýip jogap berlipdir.

Şol bir wagtda hem paýtagtda agyz suwunyň kesilmegi seýrek ýagdaý hem däl. Mundan bir hepde ozal Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonyndaky birnäçe köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda hem suw kesildi.

“4-5 gün günüň dowamynda birnäçe gezek suw kesilýärdi. Käwagt 3 sagat kesilýän bolsa, käwagt 5-6 sagat suw bolanokdy” diýip, bu raýonyň ýaşaýjysy Kerim aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Parahat, Howdan mikroraýonlarynda entegem agyz suwy “režimli” berilýär. Ýagny, gije suw berilmeýär. Mysal üçin, Parahat mikroraýonynda gije sagat 1-den daňdan sagat 5-e çenli suw berilmeýär.

Ýurtda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylandygy häli-şindi nygtalýar. Resmi mediada bolsa Aşgabat fontanlaryň şäheri diýlip hem waspy ýetirilýär. Bu şygarlaryň fonunda bolsa paýtagtyň käbir etraplarynda agyz suwunyň kesilmegi ýaly ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykyp durýar.