Ikinji jahan urşunyň toý-dabaralarynyň sowulmagynyň yz ýany uruş weteranlarynyň suratlarynyň ýere zyňylmagy nägilelik döretdi.
Ikinji jahan urşunyň weteranlarynyň portret suratlarynyň ýoluň gyrasyndaky hapa taşlanýan gapyrjaklarda ýatmagy ýaňy-ýakynda uly tutumda toý-dabara bilen Ýeňşiň 70 ýyllygyny bellän Orsýetde gahar-gazap döretdi.
Moskwanyň Gyzyl meýdanynda geçirilen san taýdan iň uly harby parad bilen bir wagtda ýüzlerçe müň adam urşa gatnaşan öz garyndaşlarynyň portretlerini göterip geçdi.
Bu ýörişiň başynda prezident Wladimir Putin öz kakasynyň suratyny goltuklap geçdi.
Moskwanyň häkimiýetleri bu ýörişe 500 müň adamynyň gatnaşandygyny habar berdiler, tutuş ýurt boýunça we daşary ýurtlarda geçirilen şeýle ýörişlere 12 million adamyň gatnaşandygy aýdyldy.
Şeýle ýörişler Orsýetiň daşyndaky şäherleriň ençemesinde, şol sanda Berlinde, Almatyda, Bişkekde, Wenada, Maltada, anneksiýa edilen Krymyň Sewastopol şäherinde we gündogar Ukrainanyň separatistleriň gözegçiligindäki böleklerinde Donetsk we Lugansk şäherlerinde geçirildi.
Emma zir-zibile taşlanan portretleriň surata düşürilip, internetde giňişleýin peýda bolmagy geçen dabaralaryň abraýyna uly kölege saldy we ýörişlere gatnaşan adamlaryň Ikinji jahan urşunyň weteranlarynyň hakyky hossarlarydygyny sorag astynda goýdy.
“Eger adamlar wepat bolan garyndaşlarynyň portretlerini göterip geçen bolsalar, olar bu suratlary soň zyňarmydylar?” diýip, žurnalist we syýasy analitik Andreý Malgin ”LiveJournal” sosial ulgamynda ýazýar.
http://avmalgin.livejournal.com/5446212.html Malgin iki suraty çap etdi. Birinde weteranlaryň suratlary çilim galyndylary we boş piwo çüýşeleri bilen bile hapa taşlanýan gapyrjakda ýatyr, beýlekisinde onlarça portret köçäniň gyrasynda hapa-hupalara garylyp, çaşyp ýatyr.
Bu suratlar internetde giňden ýaýrady we häkimiýetleriň ýörişe gatnaşdyrmak üçin adamlary hakyna tutandygy ýa-da döwlet işgärlerini çykmaga mejbur edendigi baradaky çaklamalary tutaşdyrdy. Rus režiminiň tankytçylary ýurtda giň derejede ulanylýan bu tejribäni uzak wagt bäri tankyt edip gelýärler.
“Olar hakyna tutulan adamlardan protretleri yzyna getirip bermegi talap eden bolsalar, şeýle masgaraçylygyň öňüni alyp bilerdiler” diýip, Malginiň çap eden maglumatynda ýazylan teswirleriň birinde aýdylýar. Ýene bir teswirde “hakykatdanam öz garyndaşlaryny ýatlamak üçin çyn ýürekden ynanyp, ýörişe gatnaşanlar üçin bu näderejede agyr degendir?!” diýip bellenilýär.
Orsýetiň ençeme şäherinde birnäçe ýyl bäri geçirilýän şeýle ýörişler Sibiriň Tomsk şäheriniň TW-2 atly meşhur telekanalynyň žurnalistleri tarapyndan esaslandyrylypdy, bu garaşsyz telekanal şu ýylyň 1-nji ýanwarynda ýerli häkimiýetler tarapyndan ýapyldy.