Türkmenistanda, resmi derejede yglan edilmese-de, okuwçylaryň mekdebe öz mobil telefonlaryny getirmegi gadagan edilýär. Bu ugurdan hiç hili resmi buýruk bolmasa-da, okuwçylara we olaryň ene-atalaryna bu barada dilden duýdurylýar. Ene-ata ýygnaklarynda hem okuwçylaryň mobil telefonly mekdebe gelmeli däldigi barda häli-şindi ýatladylýar. Mekdebe mobil telefonly baranlaryň mobil telefonlarynyň ellerinden alynjakdygy ýa-da polisiýa gözegçiligine goýuljakdygy barada hem öňünden duýdurylýar.
Emma, bu görülýän çärelere garamazdan, mekdebe ogrynça el telefonyny getirýän okuwçylaryň az däldigini 48-nji orta mekdebiň 10-njy klas okuwçysy Ýagmyr aýdýar.
Barlag
Bu ýagdaýlarda okuwçylaryň mobil telefonlaryna girizilen gadagançylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin mugallymlar tarapyndan ýaşlaryň el goşlarynyň dökülýän wagtlary hem seýrek bolmaýar. Ýagmyryň sözlerinden çen tutsaň, onda okuwçylaryň ýanyndan mobil telefonlary tapylanda, mobildäki audio we wideoýazgylar, tilsimler hem barlanylýan bolmaly.
Bu barlaglarda okuwçylaryň mobil telefonlaryndan erotik häsiýetli suratlar ýa-da wideoýazgylar gözlenilýär. Ýaşlaryň arasynda giňden ýaýran we Türkmenistanyň durmuşyna degişli “Türkmen prikoly” atly gysga wideoýazgylar hem okuwçylaryň mobil telefonlaryndan pozdurylýar.
Käbir okuwçylaryň aýtmagyna görä, soňky wagtlarda okuwçylaryň mobil telefonlaryndan dini mazmunly media faýllar hem gözlenilýäne meňzeýär.
Galyberse-de, okuwçylaryň mobil telefonlaryndan soňky döwürde ýörgünli bolan on-line oýunlar hem gözlenýär. Mysal üçin, “Clash of clans” atly on-line oýun ýaşlaryň arasynda meşhur diýse bolar. Ýaňy-ýakynda paýtagtyň 48-nji orta mekdebinde mugallymlar okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlap, şol oýny gözläpdirler.
Sosial ulgamlar
Türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhur bolan mail-ru agent, Line, Mobimeet, Whats up ýaly sosial setler bilen “göreş” hem eýýäm birnäçe ýyl bäri alnyp barylýar. Bu sosial ulgamlarda “oturýan” okuwçylar bilen has köp “terbiýeçilik” işleri geçirilýär.
Belläp geçsek, okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlamak kampaniýasynyň ýygylygy mekdepden-mekdebe üýtgäp bilýär. Mysal üçin, geçen ýyl paýtagtyň 50-nji, 55-nji we 35-nji mekdeplerinde käbir okuwçylaryň mobil telefonlary barlanypdyr. Emma beýleki mekdeplerde munuň ýaly barlag bolmandyr.
Adatça, mobil telefonlarynda gadagan edilen zatlar tapylan okuwçylaryň ene-atalary mekdebe çagyrylyp, duýduryş berilýär. Düşündiriş ýazdyrylýanlary hem bar. Käbir has gözdençykgynç ýagdaýda bolsa okuwçyny polisiýanyň “hasabyna” ýa-da gözegçiligine hem goýup bilýärler.
Mekdeplerde okuwçylaryň mobil telefonlarynyň barlanmagyny olaryň mugallymlary okuwçylaryň ahlak taýdan pese düşmezligi üçin edilýändigini aýdýarlar. Mugallymlar mekdepde mobil telefonlaryna girizilen gadagançylygy soňky döwürlerde mobil telefonlar arkaly pornografiki mazmunly materiallaryň ýaýradylýanlygy bilen düşündirýärler.