Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň hatarynda söweşen ýaş rus kinorežissoryna, ýurduň prezidentine eden ýüzlenmesinden soň, ukrain raýatlygy berilýär.
Ol Ukrainada söweşýän orsýetlileriň çykalgasyz kanuny ýagdaýdadygyny aýdýar.
Kristian Jeregi Orsýetiň raýaty. Bu azyndan ýene birnäçe gün şeýle. Moskwada doglan we kemala gelen Kristiana, ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistlere garşy söweşendigi üçin, ukrain raýatlygy berilýär.
25 ýaşyndaky Jeregi, öz sözleri bilen aýtsak, Orsýetiň Ukrainadaky agressiw hereketlerini gözi bilen görüp, öz dogduk watanyndan arany üzmegi karar edendigini aýdýar.
"Men Orsýetiň raýatlygyndan ýüz öwürýärin" diýip, ol AÝ/AR-syna gürrüň berdi. "Men öz pasportymy owadan bukja salyp, Orsýetiň konsullygyna iberjek."
Orsýetiň raýatlarynyň bir topary gündogar Ukrainadaky pitneçilere goşulan hem bolsa, ukrain güýçleriniň hatarynda söweşýän orsýetliler baradaky habarlar seýrek eşidilýär.
Jeregi Ukrainanyň bu ýurdy gorap, janyny howp astyna salýan orsýetli söweşijileri ykrar etmegine wagt ýetendigini aýdýar.
Jereginiň ukrain kökleri ýok. Onuň ejesi etniki rus, kakasy Waleriý Jeregi bolsa, moldowan asylly tanymal kinorežissýor.
Kiýewde Maýdan protestleri başlananda, Kristian Jeregi Ukrainada birsellem başlangyç kinorežissor we žurnalist bolup işläpdi.
Ol derrew barrikadalara tarap ugrady we ahyrynda öz ýurtlaryny Moskwanyň orbitasyndan çykaryp, Ýewropa golaýlatmak isleýän demonstrasiýaçylara goşuldy.
Ol Maýdan protest lagerinde birnäçe aý bolup, Orsýetiň ýarymadany ele geçirişini wideo düşürmek üçin Kryma gitdi we biraz soň gündogar Ukrainada separatistlere garşy söweşýän batalýona girdi.
"Özümi Ukrainanyň bir bölegi duýýaryn"
«Men indi özümi Ukrainanyň bir bölegi ýaly duýýaryn, men özümi başga ýurda garanda şu ýurda, şu jemgyýete, şu adamlara has ýakyn duýýaryn» diýip, ol aýtdy.
Jeregi häzir yzyna, Kiýewe gaýdyp geldi we gündogarda söweşen ukrain esgerleriniň saglyklaryny dikeldişi barada dokumental film düşürýär.
Ol Orsýetden prezident Wladimir Putin häkimiýet başynda oturan mahaly mümkin boldugyça daşrakda durmak kararyna geldi, sebäbi Orsýeti indi özi üçin howpsuz ýer hasaplamaýar.
Kakasy onuň gelen karary bilen ylalaşdy. Emma muňa garamazdan, onuň Ukrainadaky täze durmuşy orsýetli ejesiniň göwnünden turmady.
"Ol Orsýetde doglan we bütin ömrüni şol ýerde geçirdi, ol köki-damary bilen moskwaly" diýip, Jeregi aýdýar. "Gynansak-da, onuň pitneçileri doly goldan wagtlary, biziň aramyzdan kyn pursatlar boldy. Biz bir-birek bilen gürleşmegi hem kesdik, sebäbi men onuň bilen çaknyşmak islemedim. Ol telewideniýeden eşidýän ýalanlaryna çyny bilen ynanýar."
Jeregi pasport çalyşmagyň, simwoliki aspektinden başga, Ukrainadaky durmuşyny mazaly ýeňilleşdirjekdigini hem aýdýar.
Ukraina üçin söweşen ýa-da söweşýän orsýetliler çynlakaý kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Olaryň köpüsi bu ýurtda eýýäm ýaşaýyş rugsadyny almazdan ýaşap bolýan 90 günden has kän ýaşan. Mundan başga, geçen ýyl rus raýatlarynyň bu ýurtda alty aý möhlet içinde 90 günden kän ýaşamazlygy barada goşmaça çäklendirmeler hem girizildi.
Ikarada janserek
Jeregi häzir ukrain tarapynda söweşýän orsýetlileriň «birnäçe ýüz» adam bardygyny çaklaýar.
Olar, daşary ýurtly bolansoňlar, ukrain goşunlarynyň hataryna girip bilmeýärler we, resmi däl ýagdaýda, meýletinçi batalýonlara goşulýarlar. Bu ýagdaýda olaryň maşgalalary ukrain häkimiýetlerinden hiç bir maddy ýardam sorap bilmeýär.
"Olar kanun taýdan örän çatak ýagdaýda ýaşamaly bolýarlar. Olar ne Ukrainadan gidip bilýärler, ne-de öz kanuny durumlaryny uzaldyp bilýärler, sebäbi kanun olaryň tarapynda däl. Olar yzlaryna, Orsýete hem gidip bilmeýärler, sebäbi baran batlaryna tussag ediljekler. Olar ikarada iki jahan owarrasy bolup ýaşaýarlar."
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko dekabr aýynda pitneçilere garşy söweşde ýardam berýän daşary ýurtlularyň ählisine ukrain raýatlygynyň beriljegini wada etdi. Emma iş ýüzünde bu zatlar beýle aňsat däl.
Ukrain kanunlary bu ýurtda 90 günden artyk galmazlyk düzgünini bozan daşary ýurtlularyň raýatlyk üçin ýüz tutmagyna ýol bermeýär.
Özleriniň näresmi durumy zerarly, daşary ýurtly söweşijileriň köpüsi özleriniň Ukraina üçin söweşendigine resmi delil hem getirip bilmeýär.
Şu aýda, ukrain resmileri 19-njy aprelde gündogar Ukrainanyň Şirokine şäherinde öldürilen gürjüstanly söweşijiniň ölümini tassyklamagy başarmansoň, bu meseledäki lapykeçlik has-da çuňlaşdy.
Hökümet sözçüsi Andriý Lysenko şol günüň ertesi žurnalistlere söweşde «hiç bir ukrain esgeriniň» öldürilmändigini aýtdy.
Jeregi raýatlyk üçin dokument toplamaklyga iki aýyny sarp etdi we ahyrynda feýsbukda prezident Poroşenka ýüzlenenden soň, oňyn jogap aldy.
"Jenap Prezident, maňa ukrain raýatlygyny bermegiňizi soraýaryn - diýip, ol 19-njy aprelde, 25 ýaşynyň dolan gününde ýazdy. - Men bu ýurdy gorap, jübim rus pasportly ölmek islemeýärin.»
Şol günüň ertesi oňa prezidentiň ofisinden telefon edip, haýyşynyň mümkin boldugyça çalt bitiriljegini aýtdylar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.