HRW: Aşgabat habar bilen uruşýar

Aşgabat, Parahat 2, aýrylan antennalar. 1-nji febral, 2015 ý.

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy Türkmenistanyň çanak antennalara garşy uruşýandygyny, munuň garaşsyz maglumatlara garşy urulýan zarbadygyny ýazýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaşaýjylary özleriniň hususy eýeçiligindäki satalit çanaklaryny, ýagny hemra antennalaryny söküp aýyrmaga mejbur edýär diýip, «Human Rights Watch» guramasynyň 24-nji aprelde Nýu-Ýorkdan ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Bu çäre adamlaryň bitarap informasiýalary we ideýalary alyp bilmek hukuklaryna esassyz gatyşmak bilen, dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň halkyny garaşsyz çeşmeleriň berýän habarlarydyr maglumatlaryndan mahrum edip, has-da izolýasiýa salmaga hyzmat edýär.

Paýtagt Aşgabadyň häkimiýetleri mart aýynyň aýagynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylarynyň hemra antennalaryny aýyrmalydyklaryny, munuň «ýokardan berlen görkezmedigini», olaryň, hamala, şäheriň görküni bozýandygyny aýtdylar.

Hökümet antennalary

Häkimiýetler ýaşaýjylaryň muňa derek hökümetiň ýa-da döwlet hemra gullugynyň antennalary arkaly berilýän kabel telewideniýe paketlerini alyp biljeklerini habar berdiler.

“Hemra telewideniýeleri Türkmenistanyň halkynyň daşarky dünýä bilen iň soňky baglanyşygy bolup durýar” diýip, adam hukuklaryny goraýan «Human Rights Watch» guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy. “Hökümet söz azatlygyny çäklendirmekdäki ýowuz taktikalaryny bes edip, adamlara öz habar we tomaşa çeşmelerini erkin saýlamak mümkinçiligini bermeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaşaýjylaryň käbiri öz hemra antennalaryny Azatlyk radiosyny, Birleşen Ştatlaryň maliýeleşdirmeginde türkmen dilinde alternatiw täzelikleri eşitdirýän ýeke-täk habar çeşmesini diňlemek üçin ulanýar. Hususy eýeçilikdäki hemra antennalary bolmasa, ýaşaýjylar Azatlyk radiosyna hem elýeterliligini ýitirýär.

Köp gatly hökümet jaýlaryndaky satalit, ýagny hemra antennalaryny aýyrmak kampaniýasy esasy köçeleriň ugrundaky jaýlardan başlanyp, soň başga ýerlere hem ýaýrady. Indi ýerli häkimiýetler Aşgabadyň golaýyndaky Abadan, Änew şäherlerinde, has golaýda bolsa, demirgazyk Türkmenistandaky Daşoguz şäherinde hem hemra çanaklaryny aýyrdyp başladylar.

Bu hökümetiň adamlary hemra telewideniýesinden aýyrmak üçin dört ýylda edýän üçünji synanyşygydyr diýip, HRW ýazýar. Hökümetiň 2007-nji ýylda çanak antennalary sökdürmek synanyşygy halkara protestleri esasynda başa barmady. Soňra, 2011-nji ýylyň awgustynda prezident G.Berdimuhamedow çanak antennalaryny hökümetiň kabel TW paketleri bilen çalşyrmagy buýurdy, emma bu buýruk ýerine ýetirilmedi.

«Human Rights Watch» guramasy Türkmenistanda metbugat azatlygyna rugsat berilmeýändigini aýdýar. Hökümet hakykat ýüzünde ähli çap we elektron neşirlerine kontrollyk edýär, websaýtlaryň köpüsi, şol sanda daşary ýurt habar guramalarynyň sahypalary hem petiklengi. Hökümet elektron we telefon aragatnaşygyna gözegçilik edýär diýip bilinýär.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti, Türkmenistanyň hem gol çeken Raýat we syýasy hukuklar konwensiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen, hökümetleriň metbugata döwlet monopoliýasyny girizmeli däldigini, metbugatda pikir dürlüligini ilerletmek barada alan borçlaryna wepaly bolmalydygyny aýdyp gelýär.

Yzagalaklyk

“Adamlary garaşsyz habar çeşmelerinden kesmek hatda türkmen hökümeti üçinem yzagalaklyga tarap ädilen ýene bir ädim bolar” diýip, Denber aýtdy. “Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary hökümeti bu kampaniýany bes etmäge gyssagly çagyryş etmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet eýeçiligindäki telekommunikasiýa kompaniýasy bolan Türkmentelekomyň ýaşaýjylara kabel TW paketini hödürledi. Emma bu paketdäki 100 çemesi kanal esasan aýdym-saz we tomaşa kanallary bolup, türkmen hökümeti babatda nähilidir tankydy pikirleri berýän habar kanallaryny öz içine almaýar. Görnüşinden, döwlet eýeçiligindäki satalit paketleri hökümet babatda haýsam bolsa bir tankydy habar berjek kanallara asla eýe däl.

Mundanam başga, hökümet ol kanallary islendik wagt ýapyp biljek. Aýdaly, 2011-nji ýylda Abadan şäherinde tötänleýin partlamalar bolanda, bu baradaky habarlaryň öňüni almak üçin, hökümet hut şeýle usula ýüzlendi.

"Internet we mobil telefon aragatnaşygyna hökümet monopoliýasynyň bolmagy olaryň islendik wagt, eden-etdilikli ýapylmak ýa baglanmak ähtimallygyny aňladýar" diýip, «Human Rights Watch» aýtdy.