ÝB energiýa ugrundan Aşgabatdan nämä garaşýar?

Nabukko gazgeçirijisi

Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada indi ençeme ýyllardan bäri gepleşikler geçirilýär. Şu güne çenli bu ugurdan takyk ädim ädilmedik hem bolsa, bu tema iki tarapyň hem agzalýan mesele boýunça gün tertibinde galýar.

Häzir ýakyn günlerde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda bu ugurdan gepleşikleriň täze tapgyrynyň başlanmagyna garaşylýar. Bu ýagdaýyň Orsýet bilen Ýewropanyň arasyndaky dartgynly döwre gabat gelmegi geçirilmeli gepleşikleriň ähmiýetini hasam artdyrýar.

Bu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Ýewropa Kommissiýasynyň energiýa bileleşigi boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçoviç bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ep-esli arakesmeden soň, türkmen gazynyň Ýewropa eksporty bilen bagly geçirilmeli gepleşikleriň täze tapgyrynyň başlanmagy barada kim ilki bolup çykyş etdi? Ýagny, siz Türkmenistan bilen habarlaşdyňyzmy ýa-da Türkmenistan sizden habar tutdumy?

Maroş Şefçoviç

Maroş Şefçoviç: Bu mesele bilen bagly Aşgabat bilen aragatnaşygymyz Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça täze kommissary wezipesine başlan badyna ýola goýuldy. Şondan soň Türkmenistanda geçirilen energiýa konferensiýasy bolsun, ýa beýleki özara duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmen gazyna bolan gyzyklanmasy dürli görnüşlerde beýan edildi. Özara memoranduma hem gol goýuldy.

Bu baradaky esasy duşuşykdan soňra, men türkmen ýolbaşçylaryna hat ugradyp, şol memorandum boýunça türkmen ýolbaşçylarynyň garaýyşlary bilen tanyşmak isleýändigimizi beýan etdim. Bu hat Türkmenistana fewral aýynda ugradyldy.

Ýagny, bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn amala aşyryldy, häzir bolsa bu meseläni syýasy derejede ara alyp maslahatlaşmagyň pikirini edýäris, mundan soňky ädimler şol duşuşykdan soňra kesgitlener.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýadan Ýewropa akdyrylýan ýa akdyryljak gaz Orsýetiň territoriýasyndan geçýär, bu şu güne çenli şeýle bolup geldi. Orsýet bu ýagdaýyň mundan beýlägem dowam etmegini islär. Şeýlelikde, eger siz Türkmenistan bilen ylalaşyga gol goýsaňyz, Orsýet Türkmenistana basyş eder diýen gorky bar. Bu ýagdaý sizi aladalandyrýarmy?

Maroş Şefçoviç: Türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy barada aýdylanda, biz häzirki döwürde köplenç käbirleri tarapyndan orta atylýan ekologiki ýagdaýa üns berip geldik. Bu barada derňew geçirildi. Elbetde, gaz proýektlerini öz içine alýan käbir kanuny soraglar hem bar.

Hazar barada aýdylanda, biz onuň töweregindäki ähli ynjyk meselelerden habarly, biz bu soraglary, Türkmenistan bilen bolşy ýaly, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ýolbaşçylary bilen hem geňeşeris. Sebäbi ol ýurtlaryň hem bu proýektiň gelejeginde uly roly bolar.

Biz diňe bir agzalan ýurtlaryň ýolbaşçylary däl, eýse öz aramyzda Orsýet bilen bagly ýagdaýlary hem gürrüň edýäris. Emma şu güne çenli Orsýet meselesinde jikme-jik gürüň edilmedi, sebäbi esasy ünsümiz Ýewropanyň ”Günorta koridor” gaz proýektine gönükdirlipdi.

Azatlyk Radiosy: Eýrana garşy girizilen sanksiýalar edil häzirki döwürde dowam edýär, emma onuň gelejekde gowşamagyna garaşylýar. Şeýle bolan halatynda Eýranyň hem Ýewropanyň ”Günorta koridor” gaz proýektine goşulmak mümkinçiligi barmy?

Maroş Şefçoviç: Men bu ýagdaýyň Eýran bilen alnyp barylýan diplomatik gepleşikleriň netijesine bagly boljakdygyny pikir edýärin. Biz onuň netijesiniň pozitiw bolmagyny arzuw edýäris. Eýranyň Ýewropa gaz hem nebit satmak potensialy gaty uly.

Eger Eýran bilen häzirki döwürde alnyp barylýan gepleşikler takyk netije hem ylalaşyk bilen tamamlansa, Ýewropanyň Tähran bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga islegi juda ýokary.