Türkmenistanyň prezidenti dünýädäki ykdysady krizisiň ýurduň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir ýetirendigini boýun aldy.
Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň “dürli ugurlary boýunça oňat netijeleriň gazanylýandygyna garamazdan”, ýurduň ykdysady ösüşinde bökdençlikleriň dörändigini aýtdy.
Prezident Berdimuhamedow ykdysady kynçylyklaryň döwletiň eksport we import mümkinçilikleriniň, haryt dolanyşygynyň, alynýan girdejileriň peselmegine getirýändigini belledi.
Şol bir wagtda-da türkmen lideri gürrüňi gidýän kynçylyklaryň ýurduň anyk haýsy pudagyna täsir ýetirendigini we çekilen zyýanyň möçberine degişli sanlary aýan etmedi.
Görülmeli çäreler
Türkmen prezidenti çykalga hökmünde diňe nebit-gaz pudagyna bil baglaman, eýse ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmalydygyny aýtdy.
Berdimuhamedow görülmeli çäreleriň çäginde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça hem-de Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet programmasyny işläp taýýarlamalydygyny öňe sürdi.
Berdimuhamedow, degişli pudaklara “köp möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigine garamazdan”, ol pudaklaryň önümleriniň eksportynyň nebit önümlerine garanyňda “örän” pesdigini aýtdy.
Artykmaç çykdajylary azaltmak
Türkmen lideri öz çykyşynyň dowamynda degişli wise-premýere öz nägileligini bildirip, häzirki döwürde býujet serişdeleriniň göz öňünde tutulmadyk we zerur bolmadyk möçberde sarp edilmegine ýol berilýändigini, pudaklarda dolandyryş ulgamynyň gereginden artyk ulaldylandygyny, kabir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgär, wezipe sanynyň zerur ýok ýerinden artdyrylandygyny aýtdy hem-de bellenilen kemçilikleriň seljerilmelidigini we olary düzetmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Berdimuhamedow şu ýylyň döwlet býujetine ýene bir gezek seredilmelidigini, artykmaç çykdajylaryň edilmegine ýol berilmeli däldigini, göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň azaldylmalydygyny sözüniň üstüne goşdy. Adatça, Türkmenistanyň resmi baştutanlary ýurduň ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolan beýanatlar bilen seýrek çykyş edýärler.