Mejbury "Sagdynlyk we bagtyýarlyk”

"Sagdynlyk we bagtyýarlyk” marafon ylgawy bilen başlandy.

1-nji aprelde ýurtda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport biraýlygyna badalga berildi. 1-30-njy aprel aralygynda geçiriljek bu sport biraýlygy paýtagtyň Köpetdag prospektinde we welaýat merkezleriniň prospektlerinde uzak aralyga marafon ylgawy bilen başlandy.

Mundan başga-da biraýlygyň dowamynda ençeme sport ýaryşlary we dürli çäreler geçiriler. Sport biraýlygynyň 31-nji martda merkezi gazetlede çap eilen meýilnamasyndan çen tutsaň, bir aýyň dowamynda ýurt boýunça 73 sany dürli sport çäreleri we maslahatlar geçirilmeli.

Sport biraýlygynyň planynda woleýbol boýunça welaýatlaryň birinjiligi, dzýu-do boýunça ýurduň çempionaty, bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaly sport ýaryşlaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Çäreden bir pursat.

Bu sport çärelerine diňe bir sportsmenler gatnaşman, eýse döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary-da gatnaşdyrylýar. Düýnki geçirilen marafona hem ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdyryldy.

Bu marafona gatnaşan paýtagtyň keselhanalarynyň biriniň özüni Öwezgeldi diýip tanadan lukmany Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň bu marafona buýruk esasynda gatnaşmaly bolandygyny aýdýar.

Öwezgeldi “Bölüm müdirimiz marafona gitmeli diýip, buýruk berdi. Bölümimizde men we ýene iki adam bu marafona gatnaşmaly edildi” diýip, gürrüň berýär.

Bu aýyň dowamynda marafon bilen bir hatarda okuw jaýlarynyň okuwçylarydyr, studentleri we edara-kärhanalaryň işgärleri öz işleýän we okaýan ýerlerinde şu aý mynasybetli ýörite geçirilýän bedenterbiýe maşklaryny hem ýerine ýetirmeli.

Önümçilik gimnastikasy diýip atlandyrylýan bu bedenterbiýe maşklary günorta golaý geçirilýär. Käbir ildeşlerimiz adamlaryň sagdynlygy üçin diýlip geçirilýän bu çäräniň kähalatlarda edaralarda maşk däl-de, diňe göz üçin geçirilýän çärä öwrülýändigini gürrüň berýärler.

Çärä gatnaşydyrylýan ýaş çagalar.

“Ilki telewideniýe gelýänçä ep-esli wagt garaşdyk. Soň ýazgy başlananda, režissýor beýle bolanok, eýle bolanok diýip, birnäçe gezek maşklary gaýtalatdy. Garaz, telewideniýä ýazgy üçin 2 sagat ýitirdik” diýip, paýtagtyň saglyk öýleriniň biriniň lukmany Annadurdy gürrüň berýär.

Mundan başga-da, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we edara-kärhanlaryň işgärleri biraýlygyň dowamynda geçiriljek sport ýaryşlarynyň tomaşaçylary hem bolup, şol çärelere gatnaşmaly. Esasanam, studentleriň paýyna bu hili borjuň has köp düşýändigini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji kursunyň studenti Yklym aýdýar.

Onuň sözlerinden çen tutsaň, olar her gün diýen ýaly indi sport egin-eşigini geýip, haýsy-da bolsa bir sport ýaryşyna gidip tomaşaçy bolmaly. Yklym “Okuw ýok. Çärä gatnaşmaly. Şu aý her gün diýen ýaly çäre bolar. Şolaryň hersine diýen ýaly gatnaşmaly” diýýär.

Ýeri gelende aýtsak, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” sport biraýlygynyň 31-nji martda merkezi gazetlerde çap edilen planynda görkeilen 73 sany çäreden başga-da biraýlyga degişli ençeme köpçülikleýin çäreler geçiriler.

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” sport biraýlygy şu ýyl ikinji gezek geçirilýär. 2013-nji ýylda bu sport çäresi hepdelik görnüşinde geçirilipdi.