"Ýaşulular" üçin gurnalan Nowruz

Ýaýla barmakçy bolanlar, baýramçylyk bolýan ýere gönümel baryp bilmeýärdiler.

Türkmenistanda Nowruz baýramy bellenilýär. Adatça, bu baýramçylygyň esasy baýramçylyk çäresi Aşgabatdan 20 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän “Ahal ýaýlasy” diýlip atlandyrylýan giň meýdanda geçirilýär. Şenbe güni hem bu ýerde ak öýler dikilip, özboluşly türkmen obasy döredi. Baýramçylyk konsertleri, folklor çykyşlary we etnografik sergiler gurnaldy.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda, bu ýere mejbury ýagdaýda getirilen ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerini görmek bolýardy. Şol bir wagtda baýramçylyga öz islegi bilen baran türkmenistanlylar hem bardy.

Türkmenler Nowruz belleýär

Öz islegi boýunça bu çärä barmak isleýän adamlar üçin paýtagtdan bu ýere gatnaýan ýörite 75-nji marşrut nomerli awtobus gatnawy ýola goýuldy. Bu awtobus marşrutynyň ýola goýlandygy barada ilata öňünden bildiriş berilmänsoň, paýtagtlylaryň köpüsi ondan bihabardylar.

Baýyrlaryň üsti bilen baýramçylyga tarap ýöräp barýan eli çagaly, çaga arabajykly ýaşlarydyr garrylary synlasa bolýardy.

Şol bir wagtda, gürrüňi gidýän awtobusda ýa-da öz hususy transporty bilen Ýaýla barmakçy bolanlar, baýramçylyk bolýan ýere gönümel baryp bilmeýärdiler. Olar çäräniň geçirilýän ýerinden takmynan 1-2 kilometr uzaklykda Aşgabat-Mary ýolunda düşüp, ýol-ýoda ýok ýerden ýöräp, baýramçylyk geçirilýän ýere barmalydylar. Şenbe güni baýyrlaryň üsti bilen baýramçylyga tarap ýöräp barýan eli çagaly, çaga arabajykly ýaşlarydyr garrylary synlasa bolýardy. Şol bir wagtda ildeşlerimiziň arasynda, ulagy geçirilmän, ýolda saklanyp, şol sebäpden baýramçylyga baryp bilmän, yzyna dolanýanlary hem bardy.

Howpsuzlyk gulluklary adamlaryň belli bir ýol bilen ýöremekleri üçin gözegçilik edýärler.

“Beýle boljakdygyny bilen bolsam, gelmezdim. Çagalary kösäp, nämä gerek bu baýramçylyk” diýip, paýtagtly 45 ýaşlaryndaky Şamyrat aýdýar. Şamyrat hem, beýleki “ýönekeý” adamlar ýaly, bu baýramçylyga gatnaşmak üçin üç çagasy we aýaly bilen 2 kilometre golaý ýoly pyýada ýöräp geçen ildeşlerimiziň biri.

Dogrusy, baýrmaçylyk geçirilýän ýere barýan ýol ýok hem däl. Iki gapdaly dürli reňkli baýdaklar bile bezelen ýörite ýoluň bardygyna garamazdan, ol ýapykdy. Bu ýola adamlary goýbermän, gorap saklaýan hukuk goraýjy organlaryň işgärleri resmi adamlar çäreden yzlaryna gaýdýançalar bu ýoluň açylmajakdygyny duýdurýardylar.

Çagalary bilen baýramçylyga gelen adaty adamlar.

Mundan başga-da, baýramçylyga bürenen “türkmen obasynyň” özi-de günortana çenli ýapykdy. Bu ýere golaýlaşan adamlara “Ýaşulular bar. Entäk ýapyk” diýip, howpsuzlyk gullugynyň raýat egin-eşigindäki işgärleri duýdurýardylar.

Baýramçylyga gözegçilik edýän polisiýa işgärleri.

Howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň “ýaşulular” diýýän resmileri wize-premýerlerden, ministrlerden we daşary ýurt diplomatik missiýalaryň wekillerinden ybarat adamlardy. Olar bu çäreden gaýdýançalar Ýaýla barýan esasy gatnaw ýoly açylmady. Ol ýol diňe günortanlar açyldy.

Şondan soň admlar bu baýramçylykdan gaýdyp başladylar. Bu ýerden adamlary alyp gaýtmaga gelen awtobuslaryň köpüsiniň haýsy-da bolsa bir edaranyň ýa-da ýokary okuw jaýynyň sargydy boýunça gelendigininden çen tutup aýtsak, bu baýramçylyga gelenler, esasan, il içinde “çäreçiler” diýip atlandyrylýan mejbury gatnaşjylardan we tomaşaçylardan ybaratdy.

Türkmenistanda Nowruz baýramy geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda, Sowet Soýuzy dargansoň, giň bellenilip başlandy. Resmi taýdan ýurduň baýramçylyk kalendaryna goşulan bu baýramçylyk mart aýynyň 21-22-de milli baýramçylyk hökmünde bellenilýär.