Birleşen Ştatlaryň paýtagtynda 9-njy martda Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişi hakynda brifing geçirildi.
«Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri» guramasynyň websaýtynda 13-nji martda çap edilen maglumata görä, bu çäre «Açyk jemgyýet fondlarynyň» (Open Society Foundations) Waşingtondaky ofisinde geçirilip, oňa ekspertler hökmünde «Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri» we «Crude Accountability» guramalarynyň, şeýle-de ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň wekilleri gatnaşypdyr.
Başda «Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri» proektiniň redaktory Ruslan Mätiýewiň türkmen türmeleriniň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berendigi hem-de bikanun 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýan Mansur Mingelowyň ykbaly barada durup geçendigi habar berilýär.
«Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri» ozal Mansur Mingelowyň 2012-nji ýylda gaýtadan tutulandygyny, özüniň we etniki buluç azlygynyň wekilleriniň neşä garşy polisiýa tarapyndan gynalandygyny aýdyp şikaýat edeninden soň bolsa uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar beripdi.
Brifinge gatnaşýanlara «Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri» guramasynyň «Türkmenistan: Gözenekden aňyrdaky durmuş» atly filminden bölekler hem görkezilipdir.
«Crude Accountability» guramasynyň wekili Keýt Wotters duşuşyga gelenlere türkmen türmelerinde ýitirim bolan tussaglaryň goragyna geçirilýän «Olaryň diri görkeziň» kampaniýasy barada gürrüň berdi.
Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasy tarapyndan guralan «Olaryň diri görkeziň» kampaniýasynyň 2000-nji ýyllarda Türkmenistandaky köpçülikleýin repressiýa netijesinde türmä basylan adamlar baradaky hakykaty aýan etmegi maksat edinýändigi aýdylýar.
Tussaglaryň garyndaşlarynyň tassyklamagyna görä, ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen onlarça adamyň ykbaly barada häkimiýetler on ýyldan gowrak bäri hiç bir maglumat bermän gelýärler.
Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy komissiýasynyň uly analitigi Ketrin Kosman Türkmenistanda dini jemgyýetleriň hasaba alynmagy we adamlaryň dini ynançlary zerarly ýanalmagy bilen bagly meseleleri gozgady diýip, habarda aýdylýar.
Bu brifinge ABŞ-nyň döwlet häkimiýetine wekilçilik edýän dürli guramalardan, hökümetden aýry hukuk toparlaryndan we köpçülikleýin habar serişdelerinden elli çemesi adamyň gelendigi aýdylýar.
Maslahatyň soňunda Türkmenistanda ilatyň internet elýeterliligi, daşary ýurtlara okamaga gitmek we Türkmenistanyň hökümetine adam hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin basyş görkezmek mümkinçilikleri barada pikir alşylypdyr.