"Mätäç maşgalalara goltgy bermeli"

Meýdanda işläp, gök önüm getirýän oglan.

Türkmenistanda ýanwar aýynyň başyndan manadyň, milli puluň dollaryň garşysyndaky hümmeti 20 prosent gowrak aşakladyldy.

Şol bir wagtda, döwlet edaralarynda işleýän, döwletden pensiýa, kömek pullaryny, stipendiýa alýan raýatlaryň aýlyklary, pensiýalary, kömek pullary we stipendiýalary hem on prosent ýokarlandyryldy.

Emma muňa garamazdan, manadyň hümmetiniň aşaklamagy, harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde, ilatyň sosial goraglylygynyň pese gaçandygy, netijede eli ýuka maşgalalaryň, çagaly eneleriň, garrylaryň we goldawa mätäç maýyplaryň indi öňki alýan azyk önümlerini almakda kynçylyk çekýändigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, ýerli synçy, Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Mätäç maşgalalara goltgy bermeli"