Häzirki wagtda, uzak arakesmeden soň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurtlarda ýokary we orta bilim alan türkmenistanly ýaşlaryň diplomlaryny ykrar etmek işine gaýtadan girişdi. Munuň bilen baglylykda, öz daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmekçi bolýan türkmen graždanlarynyň dokumentleri kabul edilip ugrady.
Bilim ministrliginiň merkezi binasynda asylan bildirişe görä, daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek bilen bagly dokumentler fewral aýynyň dowamynda şenbeden we ýekşenbeden gaýry ähli günlerde sagat 9.00-dan tä 13.00-a çenli kabul ediler.
Bilim ministrliginiň adynyň agzalmagyny islemedik işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu proses fewral aýynda başlanyp, bütin ýyl dowam eder. Ýagny, diplomlaryny ykrar etdirmek isleýän adamlar dokumentlerini ýylyň bütin dowamynda görkezilen wagtda Bilim ministrligine tabşyryp bilerler.
Daşary ýurt diplomalaryny kabul etmek işi geçen ýyl hem bir gezek amala aşyrlypdy, bu ýyl başlanýan proses hem edil şol tertipde geçiriler. Emma indi ozalky talap edilýan dokumentleriň sanawyna üç sany täze dokument goşulypdyr.
Dokumentleriň sanawy
Olaryň birinjisi, ýokary we orta bilimi baradaky diplomyny döwlet derejesinde tassyklatmak isleýän adamynyň pasportynyň nusgasy. Ikinjisi, onuň okuw üçin Türkmenistandan giden hem-de soňra okuwy gutaryp, yzyna gaýdyp gelen senelerini görkezýän ýazmaça düşündiriş.
Üçünji dokument bolsa, studentiň okan okuw jaýyndan onuň şol okuw jaýynda bir kursdan beýleki kursa geçendigini görkezýän ýazgy. Bu sprawkada studentiň bir kursdan beýleki kursa geçendigi barada okuw jaýynyň beren degişli buýrugy bolmaly.
Umuman, daşary ýurtda alan ýokary ýa-da orta hünär bilimi hakyndaky diplomyny ykrar etdirmek isleýan adamdan şu dokumentler talap edilýär:
- Ýokary hünär bilimiň maksatnamalary boýunça okuwyň möhleti dört okuw ýylyndan az bolmaly däldir;
- Orta hünär bilimiň maksatnamalary boýunça okuwyň möhleti iki okuw ýylyndan az bolmaly däldir;
- Okuwyň görnüşi gündizki görnüşde amala aşyrylan bolmalydyr;
- GDA agza ýurtlar üçin – döwlet okuw mekdepleriniň, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin – degişli daşary ýurt döwletiniň abraýly okuw mekdepleriniň hataryna girýän bolmalydyr;
- Hünär ýa-da taýýarlyk ugry boýunça okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw (hünär) dersiniň (modullaryň) möçberi Türkmenistandaky degişli hünär ýa-da taýýarlyk ugry boýunça bilimiň mazmunyna laýyk gelmelidir.
Synaglar
Şol dokumentler bilen bir hatarda, diplomlaryny ykrar etdirmek isleýan raýatlar olara berlen daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek işi boýunça geçirilýän synaglara hem gatnaşarlar. Bu synaglar ýylyň dowamynda iki gezek, ýagny ýanwar we iýul aýlarynda geçirilýär.
Olaryň biri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş derslerinden, beýlekisi bolsa öz alan hünäri boýunça degişli derslerden ybarat bolar. Bu synaglardan kanagatlanarsyz baha alan raýatyň ýene-de iki gezek synagy gaýtadan tabşyrmaga hukugy bar.
Bilim ministrliginiň adynyň agzalmagyny islemedik işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, eger diplomyny tassyklatmak isleýän adam şol bir synagdan jemi üç gezek geçip bilmese, şondan soň ol daşary ýurtda alan diplomyny ykrar etdirmek hukugyndan mahrum edilýär.
Onuň aýtmagyna görä, diplomlaryny ykrar etmek isleýänlere ýurduň ýokary we orta hünär okuw jaýlarynda ýokarda agzalan synaglara taýýarlanmak üçin ýörite tölegli okuwlary hem gurnalýar. Diplom ykrar edilensoň, agzalýan raýata diplomynyň ykrar edilendigi barada şahadatnama berilýär.
Şol bir wagtda hem diplomlary asla ykrar edilmez diýen katagoriýa hem bar. Gaýybana okanlaryň diplomlary şol katagoriýa girýär. Döwlete degişli bolmadyk ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “abraýly” diýip hasaplamaýan daşary ýurt okuw jaýylarynyň diplomlary hem ykrar edilmez.
Daşary ýurt ýokary we orta okuw jaýlarynyň abraýynyň nädip kesgitlenýänligi dogrusynda halk köpçüligine resmi derejede hiç hili jikme-jik maglumat berilmeýär.