Awtobus petekleriniň satuw nokatlary azaldyldy

Okuwçylar üçin bu ýagdaý amatly bolsa-da, bir aýlyk awtobus ýol petekleriniň beýleki müşderileri üçin täze düzgün o diýen amatly bolup görnenok.

Şu aýdan girizilen täze düzgün boýunça, indi bir aýlyk şäher içi awtobus peteklerini paýtagtyň diňe käbir bellenen poçta bölümlerinde satyn alyp bolýar. Şol dört sany poçta bölümleriniň salgylary Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 19-njy ýanwaryndaky sanynda çap eden bildirişinde hem görkezilipdir.

Mundan ozal bir aýlyk ýolagçy petekleri paýtagtyň birnäçe poçta bölümlerinde we gazet-žurnal kiosklarynda satylýardy.

Pensionerlere ýüzlenip çap edilen bu bildirişde bir aýlyk ýolagçy petekleriniň her aýyň 25-den indiki aýyň 5-e çenli aralykda satylýandygy habar berilýär. Bir aýlyk umumy ýol petekleri hem şol dört sany poçta bölümlerinde satylýar. Okuwçylar üçin bir aýlyk ýol petekleri bolsa indi mekdeplerde satylýar.

Okuwçylar üçin bu ýagdaý amatly bolsa-da, bir aýlyk awtobus ýol petekleriniň beýleki müşderileri üçin täze düzgün o diýen amatly bolup görnenok.

Nobatlar

Şol dört sany poçta bölümleriniň biri bolan ”Ors bazarynyň” golaýyndaky poçta bölüminde eýýäm birnäçe gün bäri uly nobatlar döreýär. Bu poçta bölüminde pensionerler bilen bir hatarda bir aýlyk umumy awtobus petegini satyn alýanlar hem nobata durýarlar.

Aýratyn durulýan nobatlaryň has köp adamlysy pensionerleriň durýan nobaty. Düýn bu nobatda 30 töweregi adam nobata garaşyp durdylar. Olaryň hersiniň elinde olaryň pensionerdigini tassyklaýan dokumentleri bardy.

Ep-esli wagt nobatlaryna garaşyp durmaly bolýan pensionerler täze düzgünden närazydylar. “Öň proýezdnoý aljak bolsaň, nobata durman, çalt alyp bolýardy. Indi bolsa ep-esli wagt nobata garaşyp durmaly” diýip, nobatyna garaşyp duran paýtagtly pensioner nägileligini bildirýär.

Umuman aýdylanda, bir aýlyk ýol petekleriniň söwdasynyň häzirki girizilen täze düzgünleri ýolagçylar üçin goşmaça kynçylyklary döredýär. Bu kynçylyklar, dogrusy, iki ýyl mundan ozal, 2013-nji ýylda başlanypdy.

Şondan öň, ýagny 2013-nji ýylyň iýulyndan öň bir aýlyk awtobus ýol peteklerini her bir awtobus duralgasynda satyn alyp bolýardy. Bu petekleri ýörite konduktorlar satýardylar. Şol ýylyň iýul aýyndan soň bir aýlyk ýol petekleri awtobuslaryň soňky duralgalarynda satylyp başlandy. Şol sebäpden bir aýlyk ýol petekleri poçta bölümlerinde we gazet-žurnal kiosklarynda hem satylmaly edildi.

Ýokarda agzalan Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetindäki bildirişinde aýdylyşy ýaly häzir bir aýlyk ýol petekleri diňe dört sany poçta bölüminde satylýar. Bu poçta bölümleri paýtagtyň merkezi raýonlarynda ýerleşýär.

Paýtagtyň täze raýonlary bolan Abadan, Ruhabat ýa-da Çoganly raýonlarynyň ýaşaýjylary bolsa, eger bir aýlyk ýol petegini almakçy bolsalar, ony öz ýaşaýan etraplarynda alyp bilenoklar. Olar ony başga bir raýona baryp, ep-esli wagtlap nobata durup, satyn almaly bolýarlar.

Mümkin sebäpler

Bir aýlyk awtobus petekleriniň satylýan ýerleriniň azaldylmagynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Emma pensionerleriň bir aýlyk ýol petekleriniň satuwy babatynda aýdylanda, il içinde şol petekleriň pensioner bolmadyklara satylmagynyň öňüni almak üçin edilýär diýen çaklama bar.

Mundan başga-da ýolagçy petekleriniň galp ýol bilen ýasalmagynyň öňüni almak üçin olaryň satuwyna berk gözegçilik etmek üçin petekleriň satylýan ýerleri azaldylýar diýen pikir hem ýok däl.

Emma ilat arasyndaky bu pikirleriň hakykata näderejede gabat gelýändigi dogrusynda bu soragy ilat üçin aýdyňlaşdyryp biljek degişli häkimiýetlerden hiç hili maglumat ýa-da kommentariý almak başartmady.