2015-nji ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň “kanoniki” diýlip hasaplanýan portreti täzelendi. Mundan beýläk prezidentiň ak halynyň fonunda gök kostýumly we galstukly ýylgyryp duran portreti ýurduň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda hökman asylaýmaly.
Bu portretler ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerde hem ulanylýar. Hatda ýurtda guralýan sergilerde hem her pawilionda prezidentiň portreti asylýar. Özi-de şol portretler sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň pawilionlarynda hem asylýar.
Şol bir wagtda-da prezidentiň portretleriniň aýawly saklanmagy boýunça hem käbir düzgünleriň bardygy aýdylýar. Paýtagtyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Kasymyň aýtmagyna görä, prezidentiň portretine hiç hili şikes ýetirilmeli däl. Portretler hajathana ýaly ýerlerde asylmaly däl.
Könelen “kanoniki” portretleri zir-zibile zyňmak hem gadagan. Bu portretler ýygnalyp, ýörite enjam ulanylyp ýok edilýär. Kasymyň aýtmagyna görä, hatda könelen portretleri ýygnaýan ýörite jogapkär işgär bellenilýär.
Kasymyň gürrüňinden çen tutsaň, onda prezidentiň portretine kembaha garalan ýagdaýynda r şol edaranyň, kärhananyň ýa-da guramanyň ýolbaşçysynyň işden boşadylmagy hem ähtimal.
Şeýle-de kähalatda prezidentiň portretlerini satyn almak üçin pul ýygnalýar. Mekdeplerde her okuwçydan bir manat çöplenýän bolsa, edara-kärhanalaryň işgärlerinden prezidentiň portreti üçin diýlip, adam başyna 10-15 manatdan pul ýygnalyp bilinýär.
Portretleriň bahalary, olaryň ölçegine görä, tapawutlanýar. Mysal üçin, 65X92 ölçegli foto portretiň bahasy 4-5 manat durýar. 48x68 ölçegli fotoportretler bolsa 2-3 manatdan satylýar
Ýöne diňe fotoportret satyn alanyň bilen bolmaýar. Portretiň ramkasy hem bolmaly. 48x68 ölçegli ramkaly “kanonik” portretiň bahasy 180-200 manada ýetip bilýär. Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, käbir edaralar prezidentiň 400-500 manatlyk “kanoniki” diýlip hasaplanýan portretini satyn alýarlar.
Adatça, prezidentiň portretleri her ýylyň başynda çalşyrylýar. Ýöne, 2012-nji ýylda bolşy ýaly, käte bu portretler ýylyň dowamynda iki gezek hem çalşylyp bilinýär.