Hatyra gününiň hatyrasy

Gökdepe galasy, 1980-nji ýyllaryň aýagynda guralan Hatyra gününe gatnaşyjylar

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda 1990-njy ýyllarynyň başyndan bäri döwlet derejesinde bellenilen Hatyra gününiň öň ýanyna gabat geldi.

Mihail Gorbaçýowyň täzeden gurmak, aç-açanlyk syýasaty döwründe we Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan soň, türkmenleriň garaşsyzlyk ugrunda alyp baran söweşleri, hususan-da rus patyşasynyň goşunlaryna garşy alnyp barlan söweşler, Gökdepe söweşi barada hem maglumatlar çap edildi.

Şonuň bilen birlikde, türkmen intelligentsiýa wekilleriniň tagallalary bilen, Türkmenistanda döwlet derejesinde Hatyra günleri geçirilip başlandy. Emma ol bu ýylyň 12-nji ýanwarynda döwlet derejesinde bellenilmeýär.

Eýsem Hatyra güni türkmenistanlylar üçin nämäni aňladýar? Onuň ähmiýeti näme?

Bu barada türkmen aktiwistleriniň gatnaşmagynda guralan söhbetdeşligi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

«Hatyra gününiň» hatyrasy