Türkmen görnüşleri - 2-nji hepde

Mary welaýatynyň käbir sebitlerindäki zir-zibiller traktoryň yzyna sepleşdirilen tirkewiň arkasyna ýüklenip daşalýar. Suratda zir-zibilleri traktoryň arakasyndaky tirkewe ýükläp, onuň üstünde oturyp barýan işçileri görse bolýar.

Aşgabatdaky döwlet sirkiniň öňünde gurnalan ýolkada geçirilýän baýramçylyk çäresine gatnaşýan  gyzjagazlar arakesme wagtynda dynç alýarlar. Häzirki wagt mekdeplerdäki gyşky dynç alyşlar döwründe okuwçylaryň dürli çärlere gatnaşdyrylýandygy habar berilýär. Çagalardan şol çärelerde geýmekleri üçin talap edilýän ak egin-eşigiň bolsa ene-atalaryň gerdenine agram salýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda ýol hereketlerini kadalaşdyryjy belgi. Kähalatlarda ýurtda ýol hereketini kadalaşdyryjy belgileriň ünsden düşürilip, ýeriň ýüzünde duran halatlaryna duş gelse bolýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda gaz turbalaryny çekýän işgärler. Marynyň käbir etraplaryna henize çenli hem tebigy gazyň çekilmeýändigini şol sebitiň ýaşaýjylary belleýärler.

Aşgabatdaky döwlet sirkiniň öňünde geçirilýän ýolka baýramçylygyna tomaşa etmäge baran uly ýaşly zenan. Ol dabara tamamlanandan soň gaýdyp barýar.

Aşgabatda sowet awtoulagynyň aýnasynda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň awtoulag nomeri ýerleşdirilipdir.

Mary welaýatynda sowet döwründe gurlan awtobus duralgalarynyň biri. Häzirki wagtda bu awtobus durlaglarynyň köpüsiniň gatnaw üçin ulanylmaýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda eli çişirilen şarly gyzjagaz.