Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 1-nji hepde

1
Aşgabadyň eteginde ýerleşýän täze awtomenzildäki ýolagçy otlularynyň kassalary. Demirýol kassalary Çoganly şäherçesindäki awtomenziliň binasyna geçirilensoň, kassalarda ýolagçylar seýrek duş gelýär.

2
Aşgabatda gyzyny Täze Ýyl ýolkasyndan alyp gelýän ene. Şu günler Täze Ýyl ýolkasyna gatnaşmak üçin ak köýnek geýnen gyzjagazlary Aşgabadyň köçelerinde görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde bu egin-eşikleri dikdirmegiň ýa-da almagyň ene-atalaryň gerdenine düşýändigi we munuň käbir maşgalalara agram salýandygy aýdylýar.

3
Ulanyşdan galan awtoulag. Türkmenistanyň obadyr-şäherlerinde SSSR döwründen galan köne markaly awtoulaglar ulanylmasa-da, ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda saklanylýandygy aýdylýar.

4
Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň geçelgelerinde sapar edýän ýolagçylar. Türkmenistanda bilet ýetmezçiligi sebäpli, käbir ýolagçylaryň geçelgelerde sapar edýändigi aýdylýar. 2014-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanda otly biletleriniň gymmatladylandygyna garamazdan, ýolagçylaryň otly biletlerini ýeterlik derejede tapyp bilmeýändigi bellenilýär.