Kristian Midtoý Oslo şäheriniň merkezinde ýerleşýän çagalar bagynyň baş aşpezi. Ol çagalara nahar bişirýän ýönekeý bir aşpez däl, ol baş aşpez diýlen adyň hakyky manysyndaky eýesi. Onuň bişirýän naharlarynyň arasynda gyzyl balykdan edilen suşi-saşimi ýapon delikateslerinden başlap, buglanan keýik eti ýaly tagamlar bar. Aşpeziň müşderileri bolsa 1 we 6 ýaş aralygyndaky körpeler.
Kristian Midtoýyň aşhanasy çagalar bagynyň merkezinde ýerleşýär we onuň içi mydama şadyýan, aç we bilesigelijilikli çagalardan doly.
“Bu ýerde ýer köp, şonuň üçin çagalar bu ýerde galyp, nahardan lezzet alyp bilýärler. Men böleklere bölünmedik, tüýli haýwanlary ýa-da balyklary, diri leňňeçleri we omarlary tutuşlygyna satyn almaga çalyşýaryn. Şeýlelikde çagalar biziň iýýän jandarlarymyzyň dükanda satylýan gapyrjaklardan çykyp gelmeýändigini bilip galýarlar. Çagalar örän bilesigelijilikli we täze maglumata gyzyklanma bildirýärler” diýip, aşpez Krisitian Midtoý aýdýar.
Bu çagalar bagy dünýä boýunça her adam başyna umumy içerki önümçilik taýdan iň baý ýurtlaryň arasynda dördünji ýerde duran Norwegiýa üçin hem adaty däl.
Ýöne, Norwegiýada çagalar bagynyň bahasynyň 80%-i döwlet tarapyndan tölenýär, şeýlelikde körpelere süýjüden-süýji tagamlary hödürleýän çagalar bagyna her aýda goşmaça 116 dollar tölemek her bir ene-ata üçin elýeterli bolsa gerek. Sebäbi ÝB-niň agzasy bolmadyk Norwegiýada ortaça aýlyklar ÝB-ä girýän ýurtlardakydan 50% ýokary.
Norwegiýanyň baýlygy geň bir zat däl. Bu ýurt nebitiň eksportynyň möçberiniň ululygy boýunça dünýäde bäşinji ýerde durýar. Onuň nebitden gelýän ýyllyk girdejisi 40 milliard dollar çemesi. Ilatyň girdeji taýdan deňsizligi boýunça hasabatlarda hem Norwegiýa raýatlarynyň girdejileriniň arasynda iň az tapawutly ýurtlaryň biri hasaplanýar.
Bu meselede Norwegiýa nebit öndüriji beýleki köp ýurtlardan düýpgöter tapawutlanýar. Aýratynam, bu Orta Gündogar we öňki sowet ýurtlaryna degişli, sebäbi bu ýurtlarda nebitden gelýän girdejiler häkimiýet başyndaky elitalary çakdanaşa baýlaşdyrýan, şol bir wagtda-da ýurduň beýleki raýatlaryny, hökümetiň islegine görä, berlen zatlar bilen öňuşmaga mejbur edýär.
Norwegiýanyň öz nebit baýlyklaryny ulanmak we ondan gelýän girdejileri dolandyrmak tejribesi bu ýurtlar üçin gowy nusga we sapak bolup bilerdi. Norwegiýanyň tejribesi bilen has ýakyndan tanyşmak üçin biz Oslodan günbatara tarap Demirgazyk deňziniň kenarynda ýerleşýän Stawanger şäherine, ýagny ýurduň nebit öndüriji paýtagtyna syýahat edeliň.
Ykdysady ösüş
1969-njy ýylda nebitiň tapylmagyndan öň Stawanger şäheri balykçylyk şäherçesidi. Onuň iň üstünlikli ýyllary seld balygyny tutmak bilen bagly bolupdy. 1870-nji ýylda tutulýan balygyň möçberi birden azalypdy. Norwegiýa özüniň uly floty we oba hojalyk ykdysadyýeti bilen senagat taýdan ösen köp ýurtlardan yza galypdy.
Nebit bar zady özgertdi.
“1960-njy ýylda Norwegiýada durmuş derejesi Şwesiýa ýa Daniýa garanda 30-40% pesdi. Häzir Norwegiýada durmuş derejesi agzalan iki ýurda garanda has ýokary” diýip, Osloda ýerleşýän Norwegiýanyň biznes mekdebiniň professory Bruno Gerarda aýdýar.
Stawanger şäherinde nebitden gelýän baýlygyň alamatlaryny hemme zatda görmek bolýar. 1960-njy ýylda 90 müň ilatly bu şäherçe şu günki gün 204 müň ilatly munisipal regiona öwrüldi.
Stawangeriň kenarynda regionyň gämi kärhanalaryndan gurlan ägirt uly gämiler dur. Olar açyk deňizde ýerleşýän nebit platformalaryna zerur gurallary we materiallary eltýärler. Şäherde 10 000 studente niýetlenen täze uniwersitet işleýär, täze konsert zaly we birnäçe muzeý bar. Şäheriň daşynda gyşda gök önüm ýetişdirilýän uly teplisalar ýerleşýär. Bu ýagdaý Norwegiýanyň günbatar kenaryndaky tutuş regiona degişli. Bu ýerde demirgazyga tarap uzaýan 70 sany nebit öndüriji platforma ýerleşýär. Olar döwlet nebit kompaniýalaryna ýa-da daşary ýurtly eýelerine degişli.
“Golland keseli”
Norwegiýanyň nebit önümçiligi ýurduň bäş million ilatly ýurduny baýlaşdyrdy.
Emma bu netije öňünden çak edip bolaýjak adaty bir ýagdaý däldi. Köp ýurtlar nebitiň ýurduň ykdysadyýetine agyr zarba urup biljegine, ýagny energiýa pudagyny güýçlendirmek bilen bir wagtda, beýleki pudaklary gowşatmaga ukyplydygyna öz tejribelerinde göz ýetirdiler.
“Golland keseli” adyna eýe bolan bu tejribe 1960-njy ýyllarda Demirgazyk deňzinde Niderlandlarda tebigy gazyň uly baýlyklarynyň tapylmagynyň yz ýany ýüze çykypdy.
Norwegiýanyň üstünliginiň syry
Norwegiýanyň hökümeti başda nebit önümçiliginden gelýän girdejileri täze nebit ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek işine sarp etmek kararyna gelipdi, emma 1995-nji ýylda nebit girdejileriniň möçberiniň gözleg işleri üçin gereginden has köp bolmagy sebäpli, Norwegiýa ykdysadyýetde ulanylmadyk, geljekki nesiller üçin niýetlenen pul üçin ýörite fond döretdi. Hökümet döwlet we infrastruktura proýektleri üçin bu fonddan 4%-den köp puly almagy öz-özüne gadagan etdi.
Bu fondda 1995-nji ýyldan bäri 890 milliard dollar puluň toplanandygy, ýagny her bir raýatyň paýyna 170 000 dollar möçberde puluň düşýändigi habar berilýär.
Resmi taýdan bu pul döwlet pensiýalarynyň tölenmegi üçin niýetlenýär. Emma bu pullaryň esasy maksady Norwegiýanyň ykdysadyýetiniň öz nebit senagatyna garaşlylygyny azaltmakdan ybarat. Şeýlelikde Norwegiýa nebit gutarandan soň hem bäsdeşlige ukyply ýurt bolup galar.
Norwegiýanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, 1998-nji we 2013-nji ýyllar aralygynda Norwegiýanyň girdejileriniň derejesi, Orsýetde bolşy ýaly, Umumy içerki önümçilikde 15% bolupdyr. Emma Norwegiýa 2013-nji ýyla çenli öz fondunda ýyllyk umumy içerki önümçilik derejesiniň 200%-ini toplapdyr, Orsýet bolsa diňe 20% bilen çäklenipdir.