Şu günler Aşgabadyň köçelerinde Täze ýyl baýramçylygynyň simwollary bolan Täze ýyl arçalary oturdylyp, olaryň töwereginde her dürli erteki gahrymanlary goýlupdyr. Aýaz-babalar bilen bir hatarda şu ýyl şol arçalaryň golaýynda indiki ýylyň simwoly bolan goýnuň şekilleri hem goýlupdyr.
Köçeler her dürli illýuminasiýalar bilen bezelen. Gijelerine lowurdap, owadan ýanýan illýuminasiýalar bilen diňe bir Täze ýyl arçalary däl, eýsem olaryň golaýyndaky adaty arçalar hem bezelipdir. Emma täze ýyl arçalaryny diňe şertli arça diýip atlandyryp boljak. Olaryň hiç birem “diri” arça däl. Käbirleri demirden we plastikden ýasalan bolsa, käbirleri diňe gök arça çalymdaş ýaşyl çadyra meňzeýärler.
Paýtagtdaky “Älem” dynç alyş merkezinde arçanyň diri şahajyklaryndan düzülip dikilen ýurduň baş arçasy ýaly ýene-de bir-iki sany Täze ýyl arçalary diýäýmeseň, paýtagtyň köçelerindäki beýleki arçalar “diri” agaç bilen arabaglanyşygy bolmadyk emeli arçalar.
Protokol köçeler
Emma bu emeli owadanlyga-da paýtagtyň her bir köçesinde duş gelip bolanok. Esasan, protokol we merkezi köçelerde Täze ýyl baýramy bezeglerine duşmak bolýar. Şol köçeleriň käbirlerinde her ädimiňde diýen ýaly Täze ýyl arçasy dikilipdir.
Mysal üçin, Magtymguly prospektindäki her bir edara-kärhananyň gapysynda Täze ýyl arçasy dikilipdir. Şol köçäniň diňe Türkmenbaşy prospektinden tä Bitaraplyk propsektine çenli böleginde 14 sany Täze ýyl arçasy bar. Türkmenbaşy prospektinde hem şeýle arçalardyr, illýuminasiýalar az däl. Paýtagtyň durşuna mermer binalardan ybarat bolan günorta-günbatar bölegindäki täze raýonlaryň köçelerinde-de Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýändigi duýulýar.
Emma paýtagtyň merkezi bolmadyk hem-de protokol däl köçelerinde Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigi duýulmaýar. Olaryň käbirlerinde asla Täze ýyl temasyna degişli alamatlar hem ýok diýen ýaly.
Mysal üçin, Oguzhan köçesiniň gündogar böleginde günbatar bölegindäkiden Täze ýyl arçalary has köp goýlupdyr. Şäheriň Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde hem şeýle bezegler seýrek duş gelýär. Paýtagtyň gaýrasynda ýerleşýän raýonlarda bolsa asla Täze ýyl baýramynyň alamatlary ýok diýen ýaly.
Şol bir wagtda resmi mediada paýtagtyň Täze ýyl baýramy mynasybetli her dürli öwüşginlere beslenendigi barada wasp ediji äheňde maglumatlar berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmen telewideniýesiniň bu hili gysgajyk wideoreportažlarynda paýtagtyň mermerlenmedik raýonlary asla görkezilmeýärem.
Baýramçylyk
Il içinde bu ýagdaý Aşgabady baýramçylyk bezegleri bilen bezemek, esasan, ýurt ýolbaşçylary üçin edilýär diýen çaklamalary döredýär. Çünki baýramçylyk alamatlaryny, dogrusy, diňe protokol köçelerde ýa-da paýtagtyň merkezi raýonlarynda görmek bolýar.
Aşgabadyň merkezi raýonlarynda ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylary ýaşaýarlar we işleýärler. Protokol köçelerden bolsa olar her gün işe geçýärler.
Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary 22-nji dekabrda ýakyldy. Şol günden başlap ýurtda täze ýyl arçalary bilen bagly çäreler başlandy. Bu çäreleriň iň görnüklisi Täze ýyl baýramy gijesi bolup geçer. Şonda paýtagtyň we welaýatlaryň baş arçalarynyň arasynda baýramçylyk telemostyna prezident bilen bilelikde döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem-de mekdep ýaşyndaky çagalar gatnaşarlar.
Çagalaryň Täze ýyl arçalaryna “zyýaratlary” şondan soň hem dowam eder. Olar ýanwar aýynyň 10-nyna çenli, gyşky kanikullary gutarýança Täze ýyl dabarasyna gatnaşdyrylar. Mekdepleriň we çagalaryň baglarynyň Täze ýyl arçalarynyň ýanyna gitmek “grafigi” eýýäm düzülen. Mekdeplerde hem bu çärelere haýsy okuwçylaryň gatnaşmalydyklary şu günler kesgitlenýär.