Mejbury saz muşdaklygy

Köpçülikleýin aýdym-saz çäresine gatnaşýan talyplar.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda paýtagt Aşgabatda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri geçiriler. Resmi maglumatlara görä, dekabr aýynyň 16-19-y aralygynda paýtagtyň “Gyşky oýunlar” köşgünde rus, türk we liwanly aýdymçylaryň konsertleri bolar.

Bu konsertlerde türk aýdymçylary Deňiz Atiýe, Rafet El-Roman, rus aýdymçylary Sergeý Lazarew we Nýuşa dagy aýdym aýdarlar. Konsertleriň ahyrky gününde bolsa liwanly aýdymçy Haýfa Wahbiniň çykyşy bolar.

turkmenistan. people in front of 'ice palace" in ashgabat

Bu konsertlere biletleri “Gyşky oýunlar” köşgüniň kassalaryndan satyn alyp bolýar. Konsertler üçin biletiň bahasy 30 manat. Kassalarda nobat ýok diýen ýaly. Bu günler bu kassalarda adam o diýen köp bolmasa-da, bilet söwdasynyň erbet däldigini kassirleriň biri aýdýar.

Boljak konsertler barada şu gezek resmi mediada hem habar berildi. Ýogsa, mundan ozalky daşary ýurt aýdymçylarynyň konsertleri baradaky maglumat diňe dilden-dile geçip, ilat köpçüligine ýetýärdi. Ýöne bu gezegem paýtagtyň köçelerinde daşary ýurt artistleriniň konsertleriniň boljakdygy barada ýekeje-de afişa ýa-da bildiriş ýok.

Emma planlaşdyrylýan konsertleriň bildirişi bu gezek media arkaly halka ýetirilse-de, konsertlere bolan gyzyklanmanyň barybir çak ederden pesdigini “Gyşky oýunlar” köşgüniň bilet satýan kassiri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, biletler esasan Rafet El-Roman we Haýfa Wahbiniň konsertlerine gowy satylýar.

“Geçen gezekki ýaly Tarkan ýaly aýdymçy bolsa, onda zal dolardy. Häzir zallar ýene-de studentler bilen doldurylar. Eýýäm zalyň bir-iki sektory üçin biletler studentler üçin goýuldy” diýip, kassir gürrüň berýär.

“Gyşky oýunlar” köşgüniň öňünde asylan bildirişler

Paýtagtdaky ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti Aýdogdynyň aýtmagyna görä, 17-nji dekabrda Sergeý Lazarewiň konsertine gitmeli. Paýtagtyň beýleki käbir ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem bu konsertlere çärä baran ýaly gatnaşmalydygyny aýtdylar.

“Adaty köpçülkikleýin çäre ýaly barmaly. Ýöne bu gezekki çäre üçin 30 manat bilet pul tölemeli bolar” diýip, Aýdogdy gürrüň berýär.

Başda aýdyşymyz ýaly, konsert paýtagtdaky “Gyşky oýunlar” köşgünde geçer. Bu köşgüň uly hokkeý zaly 10 müň tomaşaça niýetlenen. Ýöne, konsert geçirilende bu sport meýdançasynyň üçden biri, adatça, ýörite guralan sahnanyň aňyrsynda galýar we şol sebäpdenem zaldaky oturylýan orunlara takmynan 7 müň töweregi tomaşaçy sygar.

Paýtagtda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda daşary ýurt aýdymçylarynyň gatnaşmagynda konsertleri gurnamak indi däbe öwrülip barýar. Bu hili konsertler Ilkinji gezek 2012-nji ýylda geçirilipdi.

Mundan başga-da ýurduň beýleki käbir baýramçylyk çärelerine hem daşary ýurt aýdymçylarynyň çagyrylýan halatlary bolýar. 2013-nji ýylda bolsa prezident Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçen daşary ýurt aýdymçylarynyň konsertinde beýlekiler bilen bir hatarda amerikan aýdymçysy Jenifer Lopes hem “Happy birthday, Mr President!” (“Doglan günüňiz bilen, jenap prezident”) aýdymy bilen çykyş etdi. Ýöne soňra aýdymçy bu konserte gatnaşany üçin adam hukuklaryny goraýjy belli haklara guramalar tarapyndan ýazgaryldy.