Bitaraplyk baýramy: öň we häzir

Il içinde “üç aýak” diýip atlnadyrylýan Bitaraplyk binasy

Türkmenistan Bitaraplyk güni baýramyny belleýär. 19-njy gezek bellenilýän bu baýramçylyga gabatlap, şu gün ir bilen il içinde “üç aýak” diýip atlnadyrylýan Aşgabadyň etegindäki Bitaraplyk binasyna gül goýuldy. Bu çärä döwlet ýolbaşçylary, parlamentiň deputatlary we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Bitaraplyk baýramy bilen bagly paýtagtda geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri, esasan, kinokonsert, medeni-dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk konsertlerinden ybarat boldy.

Ýeri gelende aýtsak, dekabr aýynyň başyndan bäri bu baýramçylyk mynasybetli ýurt boýunça dürli derejeli köpçülikleýin çäreleriň ençemesi geçirildi. Düýn bolsa Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplygy: parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hatyrasyna döredijilik we hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Ýöne...

Şol bir wagtda hem Bitaraplyk baýramynyň soňky döwürde bellenilşinde öňki ýyllardan düýpli tapawut bar. S. Nyýazow döwründe Bitaraplyk baýramyna ýurduň üç sany esasy syýasy baýramçylyklarynyň biri hökmünde garalýardy.

Bu baýramçylykda hem beýleki Garaşsyzlyk we Baýdak baýramlarynda bolşy ýaly stadionda ýurduň sungat we medeniýet işgärleriniň dabaraly köpçülikleýin baýramçylyk çäresi geçirilýärdi. Bu däp tä 2012-nji ýyla çenli dowam etdi. 2012-nji ýyldan soň Bitaraplyk we Baýdak baýramy mynasybetli bu hili köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi ýatyryldy.

Ozalkylar bilen deňeşdirilende paýtagtyň köçelerinde bu baýramçylyga bagyşlanan şygarlardyr nyşanlar hem o diýen göze ilenok. Ýogsa, öňler paýtagtyň merkezi köçeleriniň gyrasyndaky her bir sütünde bu baýramçylygyň nyşany asylyp goýulýardy. Şeýle-de şäheriň käbir ýerlerinde uly plakatlar hem asylýardy.

Bitaraplygy "alyp beren"

Resmi mediada Türkmenistanyň bitaraplygy “bütin adamzadyň gymmatlygy” diýlip aýdylýan-da bolsa, bir wagtlar bitaraplygy “alyp beren” diýip häsiýetlendirilen adamyň ady tutulmaýar. Hiç bir gazet-žurnalda S.Nyýazowyň ýa-da öz döwründe "Beýik" diýlip atlandyrylan Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady çykanok.

Şu ýyl 19 ýaşaýan bu baýramçylygyň indiki ýyl has uly gerimde bellenmegi ähtimal. Çünki prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynyň birinde eýýäm şu ýyldan Bitaraplyk baýramynyň 20 ýyllyk ýubileýine taýýarlanmagy tabşyrdy. Indiki 2015-nji ýyl “Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edildi.