Aşgabat: Bazarlara (wagtlaýynça) elin et çykaryldy

Bazarlarda satylyp başlanan elin etiň örän çalt gutarýandygyny alyjylaryň käbirleri gürrüň berýärler.

Aşgabadyň bazarlarynda birnäçe aýdan soň ýene-de elin et peýda boldy. Paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt”, “Gülüstan” söwda merkezi ýa-da ”Ors bazaryndaky” we ”Teke bazaryndaky” et satýan dükanlarda adaty bolmadyk nobatlar döredi. Her bir etçiniň söwda nokadynda azyndan 10-15 adam nobata durup, elin et satyn alýarlar.

Elin etiň bir kilogramynyň bahasy 12 manat we käbir bazarlarda ol adam başyna 5 kilogramdan satylýan bolsa beýleki bazarlarda islän möçberiňde satyn alyp bolýar diýip, satyjylar aýdýarlar. Mysal üçin, Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt” söwda merkezinde adam başyna diňe 5 kilogramdan et berilýär. ”Ors bazarynda” bolsa “näçe alasyň gelse, alybermeli” diýip aýtdylar. Et aljak bolsaň, onuň möçberiniň bir ýerde çäklendirilip, beýleki ýerde çäklendirme ýoklugynyň sebäplerini anyklap bolmady.

Parahat mikroraýonyndaky bazarda elin et üçin nobata duran adamlar.

Bazarlarda satylyp başlanan elin etiň çäklendirilen ýa-da çäklendirilmedik möçberde satylýandygyna garamazdan, onuň örän çalt gutarýandygyny alyjylaryň käbirleri gürrüň berýärler. “Öňňinem, düýnem et günortana çenli gutardy. Diňe irden satyn alyp bolýar” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Bägül aýdýar.

Bu elin etiň söwdasyna ýörite gözegçilik edýän adamlar hem bar. Polisiýanyň formasyndaky gözegçiden başga 3-4 sany gözegçiniň kimlerdigini anyklamak başartmady. Gözegçileriň käbirleri etçileriň söwdasyna gözegçilik edýän bolsalar, käbirleri nobatdaky tertip-düzgüne seredýärler.

Gytçylyk

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, iki ýyldan bäri paýtagtyň bazarlarynda elin et tapdyrmaýardy. 2012-nji ýylyň iýul aýynda azyk önümleriniň bahalarynyň galmagy bilen etiň bahasy hem ýokary galypdy. Şondan soň häkimiýetler bazarlarda satylýan eti belli bir bahadan satmagy talap edip, şol nyrhdan satmadyk etçileri bazarlardan kowdular. Netijede bazarlarda etçilerem, elin et hem azaldy.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtyň bazarlarynda öň hem häzirki ýaly aram-aram elin et satylýardy. Bu et hususyýetçileriňki däl-de, döwlete degişli maldarçylyk hojalyklaryň bazara çykarýan eti. Ylaýta-da baýramçylyklara gabatlanyp, hökümet tarapyndan bazarlara elin et çykarylýar. Mysal üçin, şu ýylyň maý aýyndaky Konstitusiýa güni baýramçylyga gabatlanyp hem elin eti satylypdy.

Hut şu sebäpden hem häzir paýtagtyň bazarlarynda elin etiň satylyp başalanandygyny ”Ors bazarda” işleýän etçi söwdagärleriň biri aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, häzirki elin et söwdasy aýyň ahyryna çenli dowam eder. “Bitaraplyk we täze ýyl baýramy üçin şu wagt elin satylýar. Bu barada ýokardan buýruk gelipdir” diýip, etçi söwdagär aýdýar.

Elin etiň gytçylygyna garamazdan, paýtagtyň et önümleri satýan dükanlary harytsyz duranok. Soňky bir-iki ýylyň içinde bazarlaryň et dükanlarynda satylýan etiň agramly bölegi Hindistandan getirilen “bloçnyý” diýlip atlandyrylýan gäwmiş eti ýa-da Ukrainadan getirilýän doň et.