“Aýlyk haklarymyz 1 ýyl bäri berilmeýär”

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýol gurluşyk işleri bilen meşgullanýan işgärler.

Lebap welaýatynda döwlete degişli “Lebap oba gurluşyk” edarasynyň käbir etrap bölümleriniň işgärleri özlerine eýýäm ençeme adýan bäri, käbirlerine 1 ýyldan bäri aýlyk hakynyň berilmeýändigini aýdýarlar.

Kähalatlarda bolsa, işgärleriň prokuratura ýüzlenmegi esasynda aýlyk haklaryny alyp bilýändigi bellenilýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew maglumat berýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Aýlyk haklarymyz 1 ýyldan bäri berilmeýär”

Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça “Lebap oba gurluşyk” edarasynyň başlygy bilen habarlaşdy. Ol bu maglumatlary ret edip, beýle ýagdaýlaryň düýbünden ýokdugyny aýtdy.