"Ýyladyş" talaby berjaý edilmeýär

Ýaşaýjylar gaz peçleri bilen jaýlaryny ýyladýarlar.

Geçen aýyň başynda, 3-nji noýabrda, geçen nobatdaky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan, gyş paslynyň golaýlamagy bilen, ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi talap etdi. Ýurt baştutanynyň bu çykyşyndan soň bir aýdan gowrak wagt geçdi. Howa sowady.

Ýurduň Howa maglumatlary gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabatda şu günler howanyň temperaturasy selsiýa boýunça plýus 10 gradusdan ýokary galanok. Gijelerine bolsa howa has hem sowap, minus derejä düşýär. Mysal üçin, geçen gije howanyň temperaturasy -2, -3 gradus sowuk boldy.

Emma, prezidentiň eden talabyna garamazdan, paýtagtlylaryň köpüsiniň kwartiralaryndaky ýyladyş sistemalary kadaly işlemeýär. Paýtagtyň 2-nji, 6-njy, 30-njy mikroraýonlaryndaky käbir ýaşaýyş jaýlarynyň merkezi ýyladyş sistemalary asla işlemeýär.

Merkezi ýyladyş sistemalary işlemeýän bu jaýlaryň ýaşaýjylary elektrik peçlerini ulanyp, öýlerini ýyladýarlar. Olaryň käbirleri 1-2 sany elektrik pejini ulanýan bolsa, käbirleri öýi göwnejaý ýylatmak üçin hatda 3-4 sany peji ýakmaly bolýarlar.

"Elektrik pejini ulansaňam, iň soňy kwartirany ýyladyp bolmaýar. Howa maýylrak bolsa, ýylaýar.
Arslan

"Elektrik pejini ulansaňam, iň soňy kwartirany ýyladyp bolmaýar. Howa maýylrak bolsa, ýylaýar. Ýogsamam, diňe şol pejiň golaýynda oturaýmasaň, sowuk bolýar" diýip, 6-njy mikroraýonyň ýaşaýjysy Arslan gürrüň berýär.

Arsalanyň aýtmagyna görä, onuň ýaşaýan jaýynyň ýyladyş ulgamy eýýäm iki ýyl bäri işlemeýär. Arslan, goňşulary bilen bile ýerli öý uprawleniýesine ýüz tutanlarynda, ol ýerde ”bejereris” diýip söz berýändiklerini, emma munuň boş wada bolup çykýandygyny, öz jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň henizem işlemeýändigini gürrüň berýär.

Paýtagtyň käbir ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa ýyladyş ulgamynyň ýarpysy işläp, galan ýarpysy işlemeýär. Mysal üçin, paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonynyň 24-nji jaýynyň birinji girelgesindäki kwartiralaryň bir gapdalyndaky ýyladyş sistemasy işleýän bolsa beýleki tarapyndaky işlemeýär. Ýaşaýjylaryň bu ýagdaý boýunça häkimiýetlere eden arz-şikaýatlary netijesiz galýar.

Köne radiatorlar aýryldy.

Şol bir wagtda hem soňky birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtyň ýyladyş sistemasyny oňarmak boýunça häkimiýetler tarapyndan käbir işler hem edilýär. Mysal üçin, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň poslap, içi biten köne turbalary çalşyldy. Köne radiatorlar aýryldy. Ýöne täze radiatorlary ýaşaýjylaryň özleri, öz hasaplaryna goýmaly boldular.

Elbetde, geçirilen abatlaýyş işleri öz oňyn netijelerini hem berdi. Öň gyzmaýan radiatorlar ýylap başlady. Emma radiatorlary gyzýan öýleriň köpüsinde-de, eger goşmaça ýyladyjy enjam goýulmasa, kwartirany doly ýyladyp bolanok.

Ylaýta-da Parahat mikroraýonyndaky ýaly beton ýaşaýyş jaýlaryny merkezi ýyladyş ulgamyň radiatorlary bilen ýyladyp bolmaýanlygyny bu etrabyň ýaşaýjylary aýdýarlar. Şol sebäpden ýaşaýjylar elektrik peçlerini ulanmaly bolýarlar. Kähalatda bolsa gaz peçlerini hem ulanýarlar.

“Radiatorlaryň kämahal ýylatmaýan mahalam bolýar. Radiator gyzýan hem bolsa, kwartirany ýyladyp bilmeýär. Kämahal bolsa radiatorlar asla gyzmaýar” diýip, Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Aman gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn günlerde hem howanyň temperaturasy şu günlerdäkiden o diýen tapawut etmez. Şu gije bolsa -3 -1 gradus sowuk boljakdygy Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň ”Altyn asyr” websaýtynda berlen howa maglumatynda hem görkezilýär.