Aşgabat: Wi-fi üçin pasport soralýar

“Türkmentelekom” wi-fi internet hyzmatyny hödürläp başlady.

Ýurduň döwlete degişli internet prowaýderi “Türkmentelekom” wi-fi internet hyzmatyny hödürläp başlady. Bu kärhanananyň ilkinji wi-fi (waý-faý) internet nokatlary Ýimpaş söwda merkezinde, Aşgabadyň halkara aeroportunyň 2-nji terminalynda we paýtagtyň demirýol wokzalynda açyldy.

Ýaňy-ýakynda bolsa paýtagtyň halkara awtobus terminalynda hem “Türkmentelekomyň” wi-fi internet hyzmaty hödürlenip başlandy. Şeýle-de ”Ylham” we ”Aşgabat” parklarynda hem wi-fi hyzmatyny hödürlemek planlaşdyrylýar. Häzirki wagtda agzalan ýerlerde ýörite işleriň alnyp barylýandygyny bu kärhanananyň müşderilere hyzmat edýän ofisinde habar berdiler.

Pasport talaby

Emma bu wi-fi hyzmatyna öz kompýuteriňi we beýleki enjamlaryňy azarsyz, gös-göni birikdirip bolmaýar. Müşderi ilki bilen wi-fi hyzmaty hödürlenýän ýerdäki “Türkmentelekomyň” müşderilere hyzmat edýän nokadyna baryp, özüni registrasiýa etdirmeli, ýagny hasaba aldyrmaly. Wi-fi hyzmatyna birikdirilmek üçin müşderiniň ýanynda hökman pasporty bolmaly. Pasportsyz bu hyzmatdan peýdalanyp bolmaýar. “Türkmentelekomyň” müşderilere hyzmat edýän nokadynda müşderiniň pasport maglumatlary alnyp, müşderä ulanyjy ady we parol berilýär. Müşderä berilýän kwitansiýada ulanyjynyň ady, parol we pasport seriýasy hem-de nomeri görkezilip, soňunda diňe atasynyň ady ýazylýar.

“Türkmentlekomyň” hödürleýän wi-fi hyzmaty tölegli we tizligi sekuntda 2 mbitlik bu internede bir sagat birikdirilmek üçin 5 manat we üç sagat üçin 10 manat tölemeli. Ony bir aýlyk ulanmak üçin bolsa müşderi 300 manat tölemeli.

Ýöne paýtagtyň halkara aeroportynyň halkara gatnawlar ýa-da tranzit zaly üçin nyrh birneme tapawutlanýar. Bu ýerde wi-fi hyzmatynyň bir sagady 5 dollar.

Şol bir wagtda müşderileriň käbirleri wi-fi hyzmatynyň signalynyň pesliginden şikaýat edýärler. Paýtagtyň demirýol wokzalyndaky wi-fi signalynyň, şol binadaky “Türkmentelekomyň” müşderilere hyzmat edýän nokadyndan 5-6 metr uzaklaşsaň, eýýäm peselip başlaýandygyny aşgabatly Ahmet gürrüň berýär.

S.Nyýazow döwründe Türkmenistanda internet ilat köpçüligine elýeter däldi. Ol aradan çykansoň, 2007-nji ýylda “Türkmentelekomyň” paýtagtda iki sany internet-kafesi açyldy. Häzir Aşgabatda 13 sany internet-kafeler bar. “Türkmentelekom” müşderileriň öýlerine çekilýän dial-up we ADSL internet hyzmatlaryny hem hödürleýär.

Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurtda internet aragatnaşygynyň ilat köpçüligine has elýeter bolup başlandygyna garamazdan, ýurtda internet senzurasy hem hereket edýär. Türkmenistan barada resmi garaýyşdan tapawutly maglumatlary berýän web-saýtlaryň köpüsiniň öňi beklenýär.