Çäreden alyp galýan "çäre parasy"

Köpçülikleýin çäresine barýan talyplar

Ýurt boýunça her gün diýen ýaly haýsy-da bolsa bir senä ýa-da waka bagyşlanyp, köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu çäreler barada her gün ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde habar berilýär. “Halkyň ýürek joşguny” diýlip mediada beýan edilýän bu köpçülikleýin çärelere, adatça, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri gatnaşýarlar.

Resmi taýdan döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri bu çärelere meýletin gatnaşýarlar. Emma, iş ýüzünde, olar bu çärelere mejbury gatnaşmaly bolýarlar. Çäreden boýun gaçyranlaryň işden çykarylmak ýa-da käýinç almak howpy bar.

Mundan başga-da bu çärelere gatnaşýan adamlar birnäçe sagatlap, sowuk bolsun, yssy bolsun – tapawudy ýok, çäräniň geçýän ýerinde dik aýak üstünde durmaly bolýarlar.

Mümkinçilik

Emma ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň hem-de döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň käbirlerinde bu kynçylyklardan “gutulmaga” mümkinçilik bar. Soňky wagtlarda degişli resmilere para berip, köpçülikleýin çärelerden sypyp bolýandygyny aýdýan adamlar köpelýär.

Paýtagtyň çagalar baglarynyň biriniň adynyň agzalmagyny islemedik terbiýeçisiniň aýtmagyna görä, onuň başlygy köpçülikleýin çärä gatnaşmak islemeýän işgärden 50 manat para talap edýär. “Mundan öň, çäreden galjak bolsaň, 30 manat tölemelidi. Soň 40 manat indi bolsa 50 manat tölemeli etdi. Özem her gezek çäreden galjak bolsaň, 50 manat bermeli” diýip, çagalar bagynyň terbiýeçisi gürrüň berýär.

Köpçülikleýin çärä gitmek islemeýänlerden para almak diňe bir ýokarda ady agzalan çagalar bagynda däl, eýse döwlete degişli käbir beýleki edaralarda hem bar. Paýtagtyň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasynyň aýtmagyna görä, onuň işleýän saglyk öýünde hem para berip, çäreden galsa bolýar.

“Eger çärä gidesiň gelmese, adamyny tapyp 30 manat berseň, seniň ýeriňe başga biri iberilýär” diýip, saglyk öýüniň şepagat uýasy aýdýar.

Talyplar

Ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň hem käbirlerinde şunuň ýaly ýagdaýyň bardygy aýdylýar. Mysal üçin, paýtagtdaky S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň studenti Begenjiň aýtmagyna görä, bu okuw jaýynda 10-20 manada çäreden sypyp bolýar.

Köpçülikleýin çäreden boşamak üçin para bermeklik diňe bir paýtagtyň döwlet edaralarynda ýa-da okuw jaýlarynda däl, eýse ýurduň welaýatlaryndaky edaradyr okuw jaýlarynda hem bar. Özüni Arzuw diýip tanadan daşoguzly ildeşimiziň aýtmagyna görä, onuň işleýän medisina edarasynda hem çäreden ýa-da pagta ýygymy ýaly işlerden galmak üçin azyndan 40 manat soralýar.

Mundan başga-da döwlet işgärleri käbir baýramçylyk dabaralarynyň repetisiýalaryndan ýa-da marşirowkalaryndan galmak üçin hem başlyklaryna para töleýärler. Adatça, bu hili taýýarlyk çärelerine her gün diýen ýaly gatnamaly bolýar.

“Şonuň üçin marşirowkadan galmak üçin alynýan paranyň möçberi az bolmaýar. 100 manat berip, marşirowka gatnamasaň hem bolýar” diýip, paýtagtyň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy aýdýar.

"Temmi"

Şol bir wagtda hem ýokarda agzalan “çäre parasy”, bir tarapdan, işgäre ýa-da studente çäreden galmaga mümkinçilik berýän bolsa, beýleki tarapdan, bu pul çärä gitmekden boýun gaçyrýana temmi görnüşinde hem ulanylyp bilinýär.

“Eger-de sen, çäreden haýsy-da bolsa bir sebäp bilen galan bolsaň ýa-da çärä gijä galyp, goýberilmän, adyňy belletmedik bolsaň, direktor 50 manat bermegiňi talap edýär. Bermeseňem, işden boşadylýarsyň” diýip, Aşgabadyň çagalar baglarynyň terbiýeçilerinden biri gürrüň berýär.

Diňe şu ýylyň ýanwar aýyndan tä awgust aýyna çenli aralykda ýurduň medeniýet pudagynyň guramalary ýurt boýunça 25 müň 900 sany köpçülikleýin çäreleri geçirendiklerini şu ýylyň 8-nji awgustynda geçen hökümet maslahatynda wise-premýer M.Ýazmuhammedowa habar berdi.