"Sanjar wakalary": 12 ýyl nämälimlik

"Sanjar wakalary" boýunça tussag edilenleriň ykbaly nämälimligine galýar.

“2002-nji ýylyň sanjar aýynyň 25-nde Türkmenistanyň prezidentiniň janyna kast etmek, we terorçylygy amala aşyrmak bilen Aşgabatda agyr jenaýat edildi. Döwlet agdarylyşygyny geçirmäge, häkimiýeti eýelemäge we ýurduň konstitutsion gurluşyny üýtgetmäge synanyşyk edildi”.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ”Altyn asyr” telekanalyndan bu habaryň berleli bäri aradan 12 ýyl geçdi. Habarda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşyk hakda gürrüň edilýär.

Boldy diýilen şol wakadan soň, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we onuň egindeşi diýlen we şol wakada oňa kömek etdi diýlen aýyplama bilen onlarça adam tutulyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Şol wagt daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision partiýalardan biriniň ýolbaşçysy bolan Boris Şyhmyradow başda 25 ýyl, soňra-da ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi. Daşary ýurtlarda hereket edýän beýleki Türkmen oppozision toparlarynyň ýolbaşçylaryna we agzalarynyň käbirlerine hem gaýybana iş kesildi.

​Şyhmyradow bilen bilelikde Yklymowlar maşgalasyndan hem ençeme adam ele salyndy. Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Saparmyrat Yklymow bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berýär: “Üç sanak doganym, birki sanak dogan oglanym, birki sanak ýegen, köpüsinä bilemogam ýatanlaryň sany ýedi-sekiz bardyr”.

Nämälimlik

Aradan 12 ýyl geçendigine garamazdan, boldy diýilýän şol synanyşygyň bolup-bolmandygy, bolan bolsa onuň nähili amala aşyrylandygy, oňa kimleriň gatnaşandygy, ýapyk gapylaryň arkasynda bolan sud diňlenişikleriniň nähili geçirilendigi hakda takyklanmadyk maglumat gaty köp.

Hökümet terrorçylykly waka boldy diýse, daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision toparlary, bu garaýşy ret edýärler we, olaryň sözleri bilen aýdylanda, “hökümet toslap tapan bu bahanasy bilen öz tankytçylaryny basyp ýatyrmaga synanyşypdyr”.

Nämälimligine galýan ýagdaýlardan ýene biri hem boldy diýlen şol waka bilen baglanyşykly näçe adamyň tussag edilendigi bilen bagly. Resmi çeşmelerde bu barada takyk maglumat berilmeýär, emma “Crude Accountability” guramasynyň ýakynda ýaýradan maglumatynda şol waka bilen dahylly 61 adamyň sanawy mälim edilýär.

Şeýle-de tussag edilmedik bolsa-da, boldy diýilen şol waka bilen ilteşikli dürli ýazgarmalara uçran, hak-hukuklary bozulan adamlar hem kän. Sanlary takyk bolmadyk bu raýatlar şol waka dahyllylykda aýyplanan adamlaryň kowum-garyndaşlaryndan ybarat bolup, olaryň atlary gara sanawa girizilen we ýurtdan çykmagy bolsa gadagan edilen.

Agzalýan waka dahyllylykda käbir raýatlara berlen şol jeza çäreleri olaryň ýaş çagalaryna hem öz täsirini ýetirdi. Oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Yklymow bu barada ýene şeýle diýýär: ”Şol wakadan bäri giden nesil ýetişdi, şol çagalaryň sany 50-den 60-dan kän, biz bir uly maşgala, dört-bäş sany adamynyň çagasy ep-esli bolýar-da. Onsoňam hemesi öýsüz-öwzarsyz, olaryň kakalary türmede ýatanlary hem bir welin, azyndan 20-den gowrak hojalygyň öýlerini konfisikasiýa etdiler. Şu günki gün şol jaýlarda polisiýa polkownigi, prokuraturanyň işgärleri, şolar ýaşaýarlar. Bu wakada uly talaňçylyk hem bar.”

Olaryň tussag edilmeginden bäri aradan 12 ýyl geçendigine garamazdan, şol adamlaryň ençemesiniň, şol sanda hökümet tarapyndan “topar başy diýlip yglan edilen Boris Şayhmyradowyň öli ýa diridigi hakda hem maglumat ýok.

"Ýaş prezident"

2007-nji ýylyň awgust aýynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa Uniwersitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şyhmyradowyň ykbaly barada berlen bir soraga özüniň ýaş prezidentdigini, emma şol tussaglaryň diridigine ynanýandygyny aýdypdy.

Şol pikir käbir adamlarda umyt döreden hem bolsa, edilen çykyşdan bäri aradan 7 ýyl geçendigine garamazdan, şol adamlaryň ykbaly hakda henize çenli hiç hili maglumat berilmän gelýär.

Şeýle pursatda, "Crude Accountability" ýaly käbir daşary ýurt guramalary ýakynda şol adamlaryň ykbaly bilen bagly kapmpaniýa başlatdylar.

Şol kompaniýany gurnaýjylar, öz tagallalarynyň diňe adamkärçilige esaslanýandygyny, maksatlarynyň şol adamlaryň ykbaly barada maglumat almakdan ybaratdygyny aýdyp, bu barada henize çenli Türkmenistanyň hökümetinden takyk maglumat alyp bilmändiklerini aýdýarlar.