Aşgabadyň tutuş mikroraýonlarynyň jaýlary onlarça ýyllap düýpden bejergi görmedik bolsa, şäheriň käbir ýaşaýyş jaýlaryna häkimiýetler tarapyndan wagtal-wagtal belli bir derejede üns berilýär, meselem, jaýlaryň daşy döwletiň hasabyna timarlanýar, mermer bilen bezelýär. Has tämiz jaýda ýaşamak, elbetde, bir tarapdan amatly, emma başga bir tarapdan, munuň öz oňaýsyzlyklary hem bar.
Aşgabadyň merkezinde gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky jaýlaryň birinde ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew özüniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada gürrüň berýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar