Ýewromaýdan protestleriniň pidalary ýatlanýar

Ýuriý Werbytskynyň gubury, Lwiw, 24-nji ýanwar, 2014

Ukraina Kiýewde Ýewromaýdan rewolýusiýasynyň başlanmagynyň bir ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Bu sene protestleriň dowamynda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň agyryly ýarasyny gozgady.

Ulýana Werbytska öz kakasynyň ýasyny tutýar. 50 ýaşly ýuwaş sesli seýsmolog Ýuriý Werbytskyý Ukrainanyň Lwow şäherinden Kiýewe barypdy.

Ýanwar aýynda Ýuriý işinden rugsat alyp, demokratiýa ugrundaky Ýewromaýdan protestlerine goşulmak üçin Kiýewe bardy. Ol protestçileriň lageriniň aşhanasynda sendwiç (buterbrod) taýýarlamak, protestçilere çaý demläp bermek we goldaw bildirmek bilen meşgullanýardy.

“Meniň kakam örän ýuwaş adamdy” diýip, arhitektura ugrundan bilip alan 26 ýaşly Ulýana ýatlaýar. “Ol kömege mätäç adamlardan ýüz öwrüp bilmeýärdi”.

22-nji ýanwarda, iki aýlap dowam eden protestler polisiýa bilen zorlukly çaknyşyklara öwrülensoň, Werbytskiý Kiýewiň daşynda tokaýda öli tapyldy. Onuň jesedinde aýylganç gynamalaryň yzlary galypdyr. Ol Ýewromaýdanyň ilkinji pidalarynyň biridi.

“Men onuň Maýdandadygyny bilip, örän aladalanýardym, elbetde tutuş maşgalamyz hem alada galýardy” diýip, onuň gyzy aýdýar. “Şol bir wagtyň özünde-de biz hem protestleri goldaýardyk”.

Werbytskyý gyzy bilen soňky gezek keselhanada gepleşipdi. Ol polisiýanyň ulanan sesli granatynyň bölegi degip, zeper ýeten göşüni bejerdýärdi.

“Alada etme” diýip, şonda kakasy gyzyna aýdypdy, “Bar zat gowy”.

“Alada etme”

Mundan sähelçe wagt geçensoň, Werbytskyý öz ýoldaşy aktiwist we meşhur žurnalist Ihor Lutsenko bilen keselhanadan näbelli adamlar tarapyndan ogurlandy. Lutsenko şol günüň ertesi urlup-ýenjilen halda bolsa-da, emma diri tapyldy.

Ol özlerini ogurlan adamlar tarapyndan ençeme sapar urlup-ýenjilendigini, gynalandygyny we Ýewromaýdan barada sorag edilendigini gürrüň berdi. Lutsenko özüniň, tokaýda taşlanansoň, howpsuz ýere çykmagy başarandygyny gürrüň berdi.

Werbytskyý dolanmady. Onuň jesediniň barlaglary onuň doňup ölendigini görkezdi.

Bu gün onuň ölümine gatnaşygy bolanlykda güman edilýänleriň birinden başgalary azatlykda.

Ukrainanyň täze häkimiýetleriniň pikirine görä, onuň ölümi öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň Içeri işler ministrliginiň we Baş prokuraturasynyň resmileri tarapyndan gurnalypdyr. Emma şübhe astyna düşen 13 adamdan diňe biri tussaglykda saklanýar we suda garaşýar.

Werbytskynyň wagşyçylykly öldürilmegi onuň parahatçylykly häsiýetine düýpden ters gelýär. Werbytskyny tanan adamlar onuň örän sypaýyçylykly, rehimli, tebigaty we alpinizm sportuny gowy görýän ynsan bolandygyny aýdýarlar. Onuň bu obrazy öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň protestçileri guduz, milletçi radikallar diýip häsiýetlendirmeginden örän tapawutlanýardy.

“Ol zorlugyň ulanylmagyna garşydy, ol adamlar bilen mydama ylalaşyp bolýandygyna ynanýardy” diýip, Werbytskaýa aýtdy. “Ol öz göreldesi bilen maňa tebigaty we durmuşyň ähli görnüşlerini gowy görmegi öwretdi”.

Kiýewdäki protestleriň yz ýany ýüze çykan pajygaly wakalaryň ençemesine, şol sanda Ukrainanyň hökümet goşunlarynyň ýurduň günbatarynda orsýetçi separatistlere garşy söweş alyp barmagyna garamazdan, Werbytskaýa henizem Maýdanda öňe sürlen demokratik ideallary goldaýar we öz kakasyna “ukrainleriň bütewi gahrymany” hökmünde garaýar.

Serhiý Nihoýan

Şol bir wagtda-da Ýewromaýdanyň pidalarynyň ählisiniň garyndaşlary öz hossarlarynyň ideýalaryny goldamaýar. Harik Nihoýan protestlerde wepat bolan oglunyň protestlere ýykgyn etmegini hiç wagt goldamandyr.

Ermeni milletinden bolan Nihoýan 1992-nji ýylda dawaly Daglyk-Garabag regionyndan Ukraina göçüp barypdyr. Ol oglunyň Ukraina üçin gurban bolmagynyň özüni biynjalyk edýändigini aýtdy. “Belki-de, Ukrainanyň alny açylar, emma bu biz üçin däl, biz ýitirenimizi ýitirdik” diýip, Nihoýan aýtdy.

Gündogar Ukrainadaky Dnepropetrowsk şäheriniň daşynda ýerleşýän Bereznowatiwka obasyndan Serhiý Nihoýan Ýewromaýdan protestlerine goşulmak üçin 2013-nji ýylyň dekabr aýynda öz öýüni terk etdi.

Gara sakgally 21 ýaşly ýigit Garaşsyzlyk meýdançasynda tiz köpçüligiň öňüne düşdi, odun çapmak we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly işler bilen meşgullandy.

Ol 2014-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda polisiýa protestçileriň lagerine hüjüm edende, wepat boldy. Lukmanlar onuň birnäçe gezek döşünden, kellesinden we boýnundan atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Serhiý Nihoýanyň ene-atasy “ýurda kimiň ýolbaşçylyk edýändiginiň özleri üçin tapawudynyň ýokdugyny ” aýdyp, ogullarynyň öýi terk etmegine özleriniň garşy bolandygyny gürrüň berdiler.

Häzir olar öňki Ýewromaýdan liderlerini aýyplaýarlar. ”Olaryň käbiri Ýanukowiçden soňky täze hökümetde wezipe eýeläp, protestçilerden ýüz öwürdiler” diýýärler.

“Olar Maýdanyň içinde aýlanyp, bar zat bilen gyzyklanýardylar, görkezme berýärdiler. Şu günki gün bolsa hiç kim üns hem bermeýär. Hiç kim bize jaň etmedi, hiç kim gelmedi, hiç kim bizden habar hem soramady”.

Şol bir wagtda-da millionlarça ukrainler şu hepdede protestlerde wepat bolan 110 adamyň arasynda Nihoýany hem ýatlap, matam tutýarlar.

Berežany şäheriniň günbatar bölegindäki meýdança Nihoýanyň ady berildi we ukrain kompozitory Walentin Silwestrow onuň hatyrasyna gimn döretdi.

Lwowda şäheriň alpinizm klubunyň agzalary gündogar Kawkazdaky bir daga öz ýoldaşlary Ýuriý Werbytskynyň adyny dakmagy planlaşdyrýarlar.