Türkmenistanyň prezidentiniň anna güni geçiren hökümet maslahatynda, ýurduň durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler bilen bir hatarda, ilaty agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek barada hem gürrüň edildi.
Türkmen telewideniýesiniň habarynda aýdylmagyna görä, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Artykow hökümet maslahatynda ilaty agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat beripdir.
Hasabatda aýdylmagyna görä, ýurduň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, welaýatlarda suw arassalaýjy zawodlary we suwy süýjedýän desgalary gurmak barada programmalaýyn işler edilýär, bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylýar, suw geçirijileriň ulgamlary täzelenýär.
Mundanam başga, ýurtda agyz suwuny ölçeýji enjamlary oturtmak barada hem çäreleriň görülýändigi aýdylýar. Emma bu işiň jikme-jiklikleri, suwuň hakykatda haçandan ölçelip başlanjagy, adamlaryň artykmaç ulanylan suw üçin näçe töleg etmeli boljagy barada zat aýdylmaýar.
Şeýle-de metbugatda ekerançylyk ýerlerinde ulanylýan suwuň nähili ölçeljegi, bu ugyrda bar diýilýän bisarpaçylygyň nähili azaldyljagy ýa-da ozalky praktikadan nähilidir bir üýteşme boljagy barada maglumat berilmeýär.
Suw problemasy
Golaýda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Aşgabada sapary mahalynda türkmen türmesinden boşadylan türk mugallymynyň türk metbugatyna beren gürrüňinde aýdylmagyna görä, türkmen türmelerinde suw uly problemalaryň biri bolup durýar.
Ikinji tarapdan, ýurt içinde Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlaryň arasynda-da agyz suwunyň hilinden zeýrenýänler az däl.
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýaşaýan, emma adynyň efirde tutulmazlygyny soran daýhan zenanyň Azatlyk radyosynyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Daşoguzda suwuň hiliniň ýaramazlygy ilatyň saglygyna uly zyýan ýetirýär:
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şonuň bilen birlikde, garrygalaly Amangelen Şapudakow ýaly, ýurduň ilatly punktlaryndaky agyz suwy meselesi, bu ugurdaky korrupsiýa barada daşary ýurt metbugatynda, Azatlyk radiosynda çykyş eden raýatlaryň ýanalýan halatlary hem bolýar.
Türkmenistanda suw ilata mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilýän zatlaryň hatarynda agzalýar. Ýöne indi hökümet maslahatynda suw ölçeýji enjamlaryň oturdylmagy barada görülýän çäreler barada habar berilmeginden çen tutulsa, ýurtda suwy bisarpa ulanmaklygyň soňy geljek ýaly görünýär. Emma edil häzir Türkmenistanyň suwy görülmedik derejede bisarpa tutýandygy barada alada bildirilýär.
Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbsary Saparmyrat Yklymowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň oba hojalygynda suw «jenaýatçylykly derejelerde» bisarpa ulanylýar.
Finlandiýaly ekolog Olli Warisiň oktýabr aýynda «Nature» žurnalynda ýazmagyna görä, eger Merkezi Aziýa ýurtlary öz suw resurslaryny netijeli ulanmagy öwrenmeseler, olara basym bu ýagdaýdan gelip çykýan sosial-ykdysady sarsgynlar bilen bilelikde, Ýakyn Gündogar ýa-da Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň ykbaly garaşýar.
Alymyň hasaplamalaryna görä, regiona bu meselede iň uly zyýan getirýän Türkmenistan bolup, bu ýurt ilatyň jan başyna ulanylýan arassa suwuň möçberi babatda iň ýokarda durýar.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Amyderýa, Tejen, Etrek, Murgap ýaly, başga ýurtlaryň territoriýasyndan gelýän derýalaryň suwuna garaşly, şol bir wagtda ýurtda emeli kanal gurlup, onýyllyklar bäri iň bir suwy köp talap edýän ekinleriň biri bolan gowaça ekilýär.