Dollar 'propiska' boýunça satylar

Dollar almaga nobata duran adamlar

Aşgabatdaky walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar paýtagtda propiskasy bolanlara satylýar. Bu düzgüniň 11-nji noýabrdan güýje girýändigi alyş-çalyş punktlarynyň käbirinde asylan bildirişlerde habar berilýär.

Walýuta alyş-çalyş nokatlarynda asylan şol bildirişlerde fiziki şahslara islendik möçberdäki daşary ýurt pulunyň türkmen manadyna satylmagynyň adamlaryň Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap ýa-da Mary welaýatynda ýazga duran sebitinde ýerleşýän alyş-çalyş nokatlarynda geçirilýändigi aýdylýar.

Alyş-çalyş nokatlarynda asylan bildiriş

Şonuň üçin alyş-çalyş nokatlarynda walýuta satyn aljak bolýan adamdan onuň şahsyýetini tassyklaýan dokumentiniň bolmagy talap edilýär. Alyş-çalyş nokatlaryndan walýuta satyn aljak bolýan raýatlarda pasport, ýaşaýjynyň hukuknamasy, harby işgärlerde bolsa harby bileti ýaly dokumentleri bolmaly. Şeýle-de öý uprawleniýesinden ýaşaýan ýeri baradaky sprawkany getirse-de bolýandygyny alyş-çalyş nokatlarynyň birinde habar berdiler.

Dollar satyn almakçy bolýan adam alyş-çalyş nokatlarynda günüň dowamynda diňe bir gezek pul çalşyp bilýär. Şol sebäpli walýuta satyn alýan adamyň talap edilýän dokumentlerdäki maglumatlary ýörite sanawa we kwitansiýa ýazylýar.

Galyberse-de, bu bildirişde bir adama bir gezekde türkmen manadyna satylýan daşary ýurt pulunyň möçberiniň ABŞ-nyň 1 müň dollary ýa-da şoňa barabar möçberdäki beýleki daşary ýurt walýutasy bilen çäklendirilendigi ýatladylýar. Ýöne, bu çäklendirmäniň girizlenenine ep-esli wagt bolandygyna garamazdan, käbir alyş-çalyş nokatlarynda çäklendirilen möçberden az walýutanyň berilýändigini raýatlatlaryň käbirleri gürrüň berýärler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Dollar nobatlary

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň girizen bu çäklendirmesi soňky günlerde paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň öňündäki nobatlarda duran adamlaryň sanyny azaltdy. Düýn we şu gün şol nokatlaryň öňündäki nobatlardaky adamlaryň sany öňkä garanyňda has az.

Mysal üçin, şu gün irden “Senagat” bankyndaky we Ýimpaş söwda merkezindäki walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobata duran adamlaryň sany 10-15 adamdan köp däldi. Parahat mikroraýonyndaky "Paýtagt" söwda merkezindäki alyş-çalyş nokadynda bolsa nobata duran bary-ýogy 5-6 adamdy. Ýogsa, ozallar gürrüňi gidýän bu alyş-çalyş nokatlarynda nobata duranlaryň sany azyndan 30-40 adama ýetýärdi.

“Gara bazar”

Emma şol bir wagtda-da resmi alyş-çalyş nokatlaryndaky walýuta söwdasy bilen bagly emele gelen häzirki ýagdaý, şol alyş-çalyş nokatlarynyň açylmagy bilen ozal idegi görnetin azalan dollar “gara bazaryny” gaýtadan janlandyrdy.

“Gara bazarda” çäklendirme ýok. Islän wagtyň islän möçberdäki dollary satyn alyp bolýar” diýip, paýtagtly telekeçi Serdar aýdýar.

Emma “gara bazaryň” bu ýeňillikleri üçin dollary resmi alyş-çalyş nokatlaryndakydan birneme gymmadrak satyn almaly bolýar. Dollar gytçylygy “gara bazardaky” dollaryň bahasyny ýokary galdyrdy. Eger ABŞ-nyň dollarynyň resmi kursy 2 manat 86 teňňe bolsa, “gara bazarda” dollary 2 manat 94 teňňeden satyn alyp bolýar. Käbir ýerlerde bolsa “dollarçylar” bir dollary 3 manatdan hem satýarlar.

Ýokarda agzalan täze çäklendirmeleriň girizlýändigi barada ýurduň habar serişdelerinde hiç hili maglumat berlenok. Şeýle-de Degişli döwlet ýolbaşçylary daşary ýurt walýutalary bilen bagly emele gelen bu ýagdaý barada media serişdeleri arkaly ýurduň ilatyna hiç hili düşündiriş berenoklar.

Emma makalanyň başynda agzalan bildirişde Türkmenistanyň Merkezi banky bu düzgüniň ýurtda puluň aýlanyşygyny kadalaşdyrylmak we pula gözegçilik etmek işiniň täsirini ýokarlandyrmak maksady bilen girizilýändigini habar berýär.