Uzaklaşdyrylan terminal

Täze awtobus terminalaynyň içi boş

Paýtagtda 6-njy oktýabrdan başlap girizilen täze düzgüne görä, otly biletleri 5 gün öňünden Aşgabadyň etegindäki Halkara awtobus terminalynda satylyp ugrady. Paýtagtyň wokzalynda bolsa indi ýolagçy biletleri diňe otlynyň ugrajak gününe satylýar. Biletler çalşyryljak ýa-da yzyna tabşyryljak bolsa-da, ýolagçylar şäheriň daşyndaky Halkara awtobus terminalyna barmaly.

Täze açylan bu terminaldan indi diňe bir şäherara ýolagçy awtobuslar ugraman, eýse bu ýerde demir ýol we uçar biletlerini satýan aerokassalar hem ýerleşdirildi. Terminaldaky aerokassa Türkmenhowaýollarynyň şäherdäki kassalarynyň bir bölümi görnüşinde işleýän bolsa, bu ýerdäki demirýol kassasy paýtagtyň otly biletlerini satýan esasy kassa öwrüldi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Otly kassalary göçürildi

Emma käbir paýtagtlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň aýtmaklaryna görä, Aşgabadyň demirýol wokzalyndan takmynan 15 kilometr uzakda, şäheriň daşynda ýerleşýän bu täze Halkara awtobus terminaly amatly diýerden has uzak bolýar.

Bu Halkara awtobus terminalyna şäheriň öz içinde gatnaýan birnäçe marşrut awtobuslarynyň barýandygyna garamazdan, otly biletlerini satyn almak üçin şeýle uzaga gitmek juda amatsyz diýip hasaplaýanlar az däl. “Bilet ýok. Wagty bilen tapdyranok. Indem 15 kilometr gidip getirmeli etdiler. Haý, bula bolanok adamlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Wkontakte sosial ulgamyndaky sahypasynda türkmenistanly okyjy Gurbannyýaz Muhamow öz pikirini ýazypdyr.

Wokzaldan uzakda kassa nämä gerek?
Allaýar

Näme sebäpden demirýol kassalarynyň awtobus terminalyna geçirilendigine düşünmeýän adamlar hem az däl. “Wokzaldaky kassada ýetikdi. Şonda bilet satmagy düzetseler, başga kassa geregem däldi. Onsoňam, wokzaldan uzakda kassa nämä gerek?” diýip, paýtagtly Allaýar öz pikirini beýan edýär.

Şol bir wagtda-da ýurduň demirýol edarasy täze girizilen düzgüniň sebäbi ýa-da munuň haýsy maksatlar göz öňünde tutulyp edilendigi barada hiç hili resmi düşündiriş bermedi.

Bu aralykda bir gije-gündiziň dowamynda 2000 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenip gurlan bu täze awtobus terminalaynyň içi boş. Demirýol kassasynyň öňünde 5-6 adam bar diýäýmeseň, amatlyklar döredilen bu örän uly terminalyň içinde diňe bu terminalda işleýän adamlary görmek bolýar. Bu terminaldaky dükanlardyr, kafe we dellekhanada-da asla müşderi görünmeýär. Terminalyň işgärleri bu ýerdäki myhmananyň otaglarynyň hem boşdugyny aýdýarlar.

Şäherara taksiler

Demirýol kassalarynyň paýtagtyň demirýol wokzalyndan 15 kilometrlik uzaklyga geçirilmegi şäherara gatnaw boýunça gatnaýan transporty şäheriň çetine çykarmak boýunça edilýän işleriň ýene-de biri bolsa gerek. Ýatlap geçsek, hususy şäherara taksileri hem şu ýyl şäheriň içinden Çoganla göçürildi.

Şäherara hususy ýeňil awtoulag taksileriniň terminaly

Şäherara hususy ýeňil awtoulag taksileriniň terminaly hem agzalýan Halkara awtobus terminalynyň golaýynda ýerleşýär. Hususy taksileriň şäheriň çetine çykarylmagy hem ýolgaçylarda nägilelik döredipdi.

Häli-şindi Mary şäherine hususy taksiler bilen sapara gidýän ýerli synçy Ýaýlym Begow hem hususy taksileriň durýan ýeriniň Çoganla göçürilmeginiň ýolagçylar üçin amatly däldigini aýdýar: “Ol ýere barmak üçin iki sany awtobusa münmeli. Barýançam, iň azyndan sagat ýarym ýol ýöremeli. Ýa-da men taksa münmeli. Taksa münsemem, bahasy, ýeke özüm münsem iň azyndan 15 manat pul tölemeli. Onsoň şol ýere gitmek hemme ýolagçylar üçin örän amatsyz”.

Halkara awtobus terminaly şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtyň demirgazygynda Çoganly obasynda açyldy. Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan bu terminal halkara statusyny göterse-de, entäk bu terminaldan daşary ýurtlara gitmäge mümkinçilik ýok. Häzir bu terminaldan, esasan, ýurduň welaýat merkezlerine we käbir şäherlerine şäherara awtobuslar gidýär.