Geçen hepde ýurtda garaşsyzlyk baýramynyň 23 ýyllygy bellenildi. Garaşsyzlyk baýramy sowlansoň, indiki ýylyň dekabr aýynda bellenjek ýurduň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk işleriniň eýýäm häzirden başlanmalydygy barada görkezme berilidi. Bu çärelere, adatça bolşy ýaly, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem gatnaşdylar.
Studentleriň okuwdan daşgary ýüzbe-ýüz bolýan mejburlyklary diňe bir köpçülikleýin çäreler bilen çäklenmeýär. Olaryň okuw döwri özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşiginden tä ulanýan mobil telefonyna çenli hem berk gözegçilik edilýär.
Forma
Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň belli bir formasy bar we olara şol formadan gaýry egin-eşik geýmäge rugsat ýok. Oglanlar gara kostýum-balakly, ak köýnekli we galstukly bolmaly. Gyzlar keşdeli ýakaly milli köýnek we begres geýinmeli.
Şeýle-de okuw jaýynda her bir student boýnundan öz adyny, haýsy fakultetdendigini görkezýän maglumatly tarketka dakynýar. Gyz ýa oglan bolsun tapawudy ýok, olaryň kellesinde hökman tahýa, döşlerinde baýdajygyň şekilindäki nyşan bolmaly. Oglan studentler okuwa sakgally gelmeli däl. Olaryň saçy hem gysga bolmaly.
Student gyzlaryň daş keşbine degişli gadagançylyklar hem az däl. Mysal üçin, student gyzlar ökjeli köwüş geýmeli däl. Student gyzlaryň saçlary goşa örüm hem uzyn bolmaly, onsoň hut şol sebäpli gyzlaryň käbiri öz saçyna ýasama ötürme saç dakynmaga mejbur bolýarlar.
3-4 ýyl mundan ozal bolsa student gyzlaryň gymmat bahaly altyn şaý-seplerini dakynmaklaryna hem gadagançylyk girizildi. Gyzlaryň kosmetika ulanmaklaryna hem gözegçilik edilýär. Kosmetika minimal möçberde ulanylmaly. Uzyn dyrnak ýa-da goşaryňda alaja diýen ýaly zatlar hem bolmaly däl. Gyzlardan öz alyn saçlaryny göni açmak talap edilýändigi hem aýdylýar.
Galyberse-de, her bir talybyň elinde, okuw esbaplaryny götermek üçin, gara portfel bolmaly.
Okuwdan soň...
Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň durmuşyna girizilen çäklendirmeler olaryň okuwdan soň özlerini alyp baryşlaryna hem degişli. Mysal üçin, her bir student okuw döwri awtoulag sürmejekdigi barada, ýokary okuw jaýyna girende, ýörite dilhaty berýär. Eger ol awtoulag süräýse, onda özüne degişli çäre görülmegine garşy bolmajakdygyna agzalan dilhatda öňünden razylyk berýär.
Şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary kanikul – dynç alyş döwri ýa-da başga bir wagtda öýe gaýtjak bolýan studentlerden hususy taksilere münmezligi talap edýärler. Studentler döwlete degişli transport: awtobus, otly ýa-da uçar bilen öýe gaýtmaly. Bu talaplar resmi däl, dilden aýdylýan talaplar.
Mundan başga-da studentleriň diskotekalara, kafelere baryp, ol ýerde oturmaklary hem oňlanmaýar. Aram-aram bu ýerlere ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň aýlanyp, studentleri gözleýändikleri hem aýdylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan studentler bolsa mugallymlaryň gözegçiliginde bolup, gijesine umumy ýaşaýyş jaýyndan birugsat çykyp hem bilenoklar.
Studentlere mobil telefon ulanmakda hem käbir çäklendirmeler bar. Birnäçe ýyl mundan ozal mobil telefon gadagan edilen bolsa, indi bu çäklendirmä göz ýumulýar. Emma gymmatbaha mobil telefon götermeklik oňlanmaýar.
"Borçlar"
Şol bir wagtda hem studentlere girizilýän gadagançylyklar bilen birlikde olaryň hökmany berjaý etmeli borçlary hem bar. Studentleriň köpçülikleýin çärelere gatnaşmaklary hökmany. Esasanam 1-2-nji kurslarda olar köp çärelere gatnaşmaly bolýarlar. Bu çäreleriň arasynda baýramçylyk çäreleri bilen birlikde ýowarlar we dürli görnüşli we derejeli ýygnaklardyr, konferensiýalar hem bar.
Ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallara-da mejbury abuna ýazylmaly bolýarlar. Bu maksat bilen özleriniň stipendiýalaryndan pul tutulýandygyny studentleriň käbiri aýdýar.
Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň bu hili berk çäreler bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmeýär. Emma studentler bu gadagançylyklary we borçlary ýerine ýetirmeseler, onda olara dürli görnüşdäki temmi çäreleriniň görülýändigi aýdylýar.
Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýokary okuw jaýynyň mugallymynyň gürrüň bermegine görä, “etmişler” üçin ilkibaşda duýduryş berilýär. Soň ene-atalary çagyrylyp, olar habarly edilýär. Eger-de şondan soňam student talaplary berjaý etmese, onda ol okuwdan çykarylyp bilinýär.
Häzirki wagtda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň sany baradaky takyk resmi maglumaty tapmak başartmady. Ýöne geçen 2013-14-nji okuw ýylynda şol döwürdäki 19 sany ýokary okuw jaýynda 26,7 müň student okandygy barada resmi çeşmelerde bellenilýär.