Nemes “professorynyň” syry

Germaniýaly "professor" Lorenz Haag

Russiýanyň metbugatynda germaniýaly professor Lorenz Haag diýlip atlandyrylýan şahsyýete Kremli öwüp, Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini goldaýan adam hökmünde giňden salgylanylýar. Emma “professoryň” ylmy derejesi çynlakaý şübheleri döredýär.

Germaniýaly professor Lorenz Haagy Kremliň apologeti, ýagny onuň janköýeri we hemişe tarapyny tutup çykyş edýän diýip atlandyrsa bolar.

Sebäbi Russiýanyň metbugaty prezident Wladimir Putiniň liderligini öwýän, Russiýanyň Ukrainadaky hereketini goraýan we Günbatary Moskwa bilen gatnaşyklarynda has mylaýym pozisiýada durmaga çagyrýan adam hökmünde Haaga yzygiderli salgylanýar.

Emma faktlardan çen tutsaň, onda “professor” Haag asla professor däl.

Şeýle-de onuň ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýan gurama - “Global aragatnaşyk üçin wekilhana” diýlip atlandyrylýan nemes guramasy düýpgöter galp gurama diýlip ýazgaryldy.

Häzirki wagtda Berlinde ýaşaýan we arhitektura boýunça tanymal rus taryhçysy Dmitriý Hmelnitskiý Haagyň “professorlyk” derejesi babatda şübhelenen ilkinji şahs boldy.

"Germaniýada şeýle professor we wekilhana ýok”

“Professor Lorenz Haag, ýagny “Global aragatnaşyk üçin wekilhananyň” başlygy diňe ‘ITAR-TASS’ habar gullugynyň habarçylarynyň hyýalynda bar. Olar “germaniýaly ekspert” ady bilen ençeme ýyldan bäri Haag bilen yzygiderli interwýulary geçirip gelýärler. Germaniýada şeýle professor we wekilhana ýok” diýip, Hmelnitskiý 6-njy oktýabrda Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Hmelnitskiniň öňe sürmeleri rus internetinde Haagyň şahsyýeti, maksatlary ýa-da onuň bar bolmagynyň sebäpleri barada gyzgalaňly jedelleri tutaşdyrdy.

Rus bloggeri Pawel Gnilorybowyň sözlerine görä, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “ITAR-TASS” habar gullugy eýýäm 2007-nji ýylda toslama professory döredipdir.

“Rus metbugatynyň daşary ýurtly sözçüler bilen hemişe problemalary bardy. ‘ITAR-TASS’ habar gullugynyň işgärleri rezýume we ada esaslanyp, germaniýaly professory döretdiler” diýip, blogger Gnilorybow ýazdy.

Teswirleri dürli gazetlerde çap boldy

“Professor Haag”, aýtmaklaryna görä, döredileli bäri “TASS” habar gullugy, esasan-da onuň habarçysy Wladimir Smelow tarapyndan pikiri yzygiderli soralýan, islenýän adam boldy. Şeýle-de onuň teswirleri Russiýanyň “Izwestiýa”, “Wzglýad” we “Duel” ýaly gazetlerinde gaýtadan çap edildi.

Ençeme ýyllaryň dowamynda Haag Kremliň Günorta Osetiýa babatyndaky pozisiýasyny goldady; Birleşen Ştatlaryň Polşada raketa goranyş komponentlerini ýerleşdirmek baradaky planlaryny tankyt etdi; Sowet Soýuzynyň Ikinji jahan urşundaky roluny öwdi.

Haagyň “TASS” habar gullugyna beren interwýusyna esaslanyp taýýarlanylan iň soňky makalalaryň birinde ol germaniýalylaryň köpüsiniň “Russiýanyň Krym babatyndaky hereketine we munuň krymlylaryň öz islegidigine” düşünýändigini öňe sürdi. Bu makala maý aýynda “Wzglýad” neşirinde çap boldy.

Netije bermedi

Haagyň ylmy derejesi barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan geçirilen derňewler hiç bir netije bermedi. Şeýle-de onuň “Global aragatnaşyk üçin wekilhana” atly guramasy barada hem hiç hili maglumat ýok.

Muňa garamazdan, Haagyň suraty Hemnitzedäki Ykdysady innowasiýa institutynyň websahypasynda çap edilipdir. O bu suratda institutyň ylmy geňeşiniň başlygy diýlip görkezilýär.

Institutyň websahypasynda habarlaşmak üçin ýerleşdirilen aragatnaşyk telefon belgileriniň “hasaba alynmandygy” aýdylýar.

Haag “Russiýa Federasiýasynyň Ýewropadaky, Birleşen Ştatlardaky we Kanadadaky kosmonawtlar prezidiumynyň agzasy” adyna hem eýe ýaly bolup görünýär.

Hmelnitskiniň sözlerine görä, Haag Russiýanyň howpsuzlyk gullugy bilen gatnaşyklary bolan “Howpsuzlyk Akademiýasy” diýlip atlandyrylýan Germaniýadaky guramada işleýär eken.

Gürrüňi gidýän bu akademiýa, Germaniýanyň metbugatynda onuň adamlary Russiýanyň howpsuzlyk gullugyna işe çekmek üçin dürli içalyçylyk operasiýalarynda ulanylýandygy barada maglumatlar çykansoň, 2008-nji ýylda Moskwa tarapyndan ýapylypdy diýip, Hmelnitskiý belleýär.