Türkmen-owgan serhedi: "Talybanyň" daşary ýurtly tälimçileri

"Talyban" söweşijileri.

Owganystanyň demirgazygyndaky Jowzjan we Farýap welaýatlarynda käbir ýerli liderler regiondaky söweşijileriň arasynda owganystanly bolmadyk, başga ýurtlardan baran adamlaryň köpelýändigini aýdýarlar. Türkmenistan bilen serhetdeş Farýap we Jowzjan welaýatlarynda soňky döwürde söweşler köpelýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Owganystanyň milli mejlisiniň Farýap welaýatynyň Anthoý etrabyndan deputaty Beşir Ahmet Dayanç Owganystanyň daşyndan baran söweşijileriň owgan söweşijilerine esasan söweş we ýarag ugrundan tälim berýändigini gürrüň berdi. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Beşir aga, Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk meselesi barha kynlaşýar. Siziň ýaşaýan etrabyňyzda ýagdaýlar nähili?

Beşir Ahmet Taýanç: Bilşiňiz ýaly, ýakynda Owganystanda prezidentlik saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlarda täze prezident saýlanyldy. Şondan soň halkyň içinde ýurduň gelejegi, howpsuzlygy babatynda umyt döredi. Ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda hem täze ruhy galkynyş emele geldi. Şol bir wagtyň özünde “Talyban” söweşijileriniň arasynda dürli adalanmalar döredi. Şol sebäpden, mundan bir aý ozalky howpsuzlyk ýagdaýlary bilen deňeşdirenimizde, şu günlerde ýagdaýlar ýaramaz däl.

Emma täze saýlanan hökümet ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek barada alada etmese, ýagdaýlar has-da ýaramazlaşyp biler. Şol sebäpden ýurduň täze hökümetinden hem howpsuzlyk pudagyna has köp üns berilmegini isleýäris. Sebäbi Owganystanyň demirgazygynda gan döküşikli wakalar bolýar we täze hökümet şol sebitdäki ýagdaýlara üns bermese, onuň has-da ýaramazlaşmagy mümkin. Sebäbi [demirgazykdaky söweşijiler] ýene-de öz operasiýalaryna başlap, ilatyň arasyna aralaşyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Farýapda ýa-da obalaryňyzda hökümete garşy söweşýänler kimler?

Beşir Ahmet Taýanç: Olar “Talyban” söweşijileri. Olaryň arasynda Pakistandan, Özbegistandan gelen söweşijiler, şeýle-de Owganystanyň öz çäginde ýaşaýan türkmenler, özbekler bar. Häzirki ýagdaýlar barada aýdanymyzda, “Talyban” söweşijileri göni, ýagny ýüzbe-ýüz söweşleri amala aşyrmakdan gaça durýarlar. Meniň pikirimçe, olar bu taktikada o diýen netije alyp bilmänsoňlar, obadyr etraplarda ýer minalaryny ýerleşdirip, terrorçylykly bomba hüjümlerini amala aşyrýarlar.

Biziň ýaşaýan sebitimizdäki “Talyban” söweşijileriniň düzüminde türkmenler, özbekler, täjikler, puştunlar we aýmaklar bar. Şol bir wagtyň özünde olaryň arasynda ýurduň daşyndan gelenler hem bar. Olar etrapdyr obalardaky söweşijilere ýer minasynyň, bombanyň ýasalyşyny, hüjümleriň amala aşyrylyşyny öwredýärler. Ýagny, “Talybanyň” arasynda şeýle toparlar hem bar.

Azatlyk Radiosy: Beşir aga, daşyndan gelenler diýýäniňiz kimler? Olar nireden, ýagny haýsy ýurtdan barýarlar?

Beşir Ahmet Taýanç: Olar “Özbegistanyň Yslam hereketi” toparyna degişli, şeýle-de “Talybanyň” arasynda “Jyndulla”, “Kwetta geňeşi”, “Peşawar geňeşi”, “Hakkany” ýaly toparlaryň agzalary bar. Bu toparlaryň her birinden gelen wekiller bar. Ýöne şol bir wagtyň özünde biz “Talyban” hereketiniň içindäki bu kiçi toparlaryň öz arasynda hem wagtal-wagtal gapma-garşylyklaryň bolýandygyny eşidýäris.

Azatlyk Radiosy: Onda siziň aýtmagyňyza görä, daşyndan baran söweşijiler ýüzbe-ýüz uruşlara gatnaşman, olar minalaryň ýasalyşy, hüjümleriň, uruşlaryň amala aşyrylyşy barada “Talybana” tälim berýärler, şeýlemi?

Beşir Ahmet Taýanç: Dogry, olar uruş operasiýalarynyň geçirilişi, minalaryň ýasalyşy we ýerleşdirilişi ýaly türgenleşik çärelerini geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde ýurduň daşyndan baranlar “Talybana” gizlin maglumatlary berip, olary maliýe goldawy we transport bilen üpjün edýär. Umuman aýdanymyzda, ýurduň içinden “Talybana” goşulan söweşijiler ähli terrorçylykly hüjümleri amala aşyrýarlar, ýurduň daşyndan gelenler bolsa olary türgenleşdirýärler we ähli ygtyýar hem olaryň elinde bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň daşyndan barýanlaryň sany köpelýärmi?

Beşir Ahmet Taýanç: Olaryň sany ýerli “Talyban” söweşijileri bilen deňeşdirenimizde o diýen köp däl. Meselem, Farýap welaýatynda 1500-2000 çemesi “Talyban” söweşijisi bar diýip çaklaýarys. Şolaryň arasynda 100-150 sany daşary ýurtdan gelen “Talyban” söweşijisi bar diýip pikir edýäris. Meselem, bir adam mina ýasaýan inžener bolsa, ol 50 adama tälim berip bilýär.

Şol bir wagtda ýakynda men Almak etrabynyň häkimi bilen söhbetdeş boldum. Ol hem biziň etrabymyzda alty sany daşary ýurtly “Talyban” bar we olar öz maşgalasy bilen birlikde Özbegistandan şu ýere gelip ýaşaýarlar diýdi. Ýagny, bir etrapda alty sany daşary ýurtdan gelen “Talyban” söweşijisi bar. Şu nukdaýnazardan olaryň sany o diýen köp däl.

Azatlyk Radiosy: Mundan alty aý ozalky ýagdaý bilen deňeşdireniňizde, olaryň sany köpelýärmi?

Beşir Ahmet Taýanç: “Talyban” bir sebitde haýsy-da bolsa bir hüjümi amala aşyrjak mahaly, onuň şol hüjümi etmäge ýeterlik söweşijisi bolmasa, onda olar başga ýurtlardan hem söweşijileri çagyryp bilýärler. Şol nukdaýnazardan olaryň sanynyň has-da köpelmegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtly söweşijileriň Farýaba, Jowzjana gelmeginiň sebäbi näme? Olar näme üçin bu sebite gelýärler?

Beşir Ahmet Taýanç: Bilşiňiz ýaly, Farýap welaýaty Owganystanda demirgazgyň derwezesi diýlip atlandyrylýar. Bu welaýata “Talyban” söweşijileri agalyk etse, bu ýagdaý Jowzjan, Serpul, Badhyz welaýatlaryna, şeýle-de Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky araçäge howp abandyryp bilýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky Akgine gümrük postunyň Owganystan üçin uly ykdysady ähmiýeti bar.

Şeýlelikde “Talyban” söweşijileri meseläniň ykdysady we syýasy taraplaryny nazara alyp, şu sebitde kök urmak isleýärler we Farýap welaýatynda öz hökümetini yglan edip, baýdagyny galgatmak isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, “Talyban” söweşijileriniň Farýabda güýçlenmegi goňşy ýurtlara, meselem Türkmenistana howp salýarmy?

Beşir Ahmet Taýanç: Elbetde, “Talyban” söweşijileri Türkmenistan, Özbegistan, Eýran ýaly Owganystanyň goňşy ýurtlaryna hiç wagt hüjüm etmez diýip bilmeris, muňa hiç kim kepil hem geçip bilmez. Şu nukdaýnazardan, “Talyban” söweşijileriniň Türkmenistanyň araçäklerine ýakynlaşmagy Türkmenistanyň howpsuzlygy babatda wajyp mesele diýip pikir edýärin. Şol sebäpden biz Owganystanyň täze hökümetinden we dünýä jemgyýetçiliginden “Talyban” söweşijileriniň” demirgazyk Owganystanda güýçlenmeginiň öňüni almaga çagyrýarys.