"YD" Türkmenistana göz dikýär"

"Türkmenistanyň jeňçileriň ünsüni çekip biljek uly tebigy baýlyklary bar".

Ýaňy-ýakynda “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň öz täsirini Owganystana hem ýaýratmak howpunyň bardygy, sebitdäki beýleki, şol sanda “Özbegistanyň yslam hereketi” ýaly jeňçi toparlaryň hem bu gurama ygrarlydygy barada maglumatlar peýda boldy.

Şol bir wagtda käbir ekspertler gürrüňi gidýän sebitde “Yslam döwleti” topary ornaşsa, onda olaryň ilkinji nobatda Türkmenistana hüjüm etjekdigi baradaky käbir pikirleri orta atýarlar. Düýbi Orsýetde ýerleşýän Ýakyn Gündogary we Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça merkeziň başlygy Semýon Arkadýewiç Bagdasarow bu çaklamalar bilen bagly habarçymyz Merdan Saryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Semýon Arkadýewiç, siz ozalky interwýularyňyzyň birinde sebitde “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri ornaşsa, olaryň ilkinji nobatda Türkmenistana hüjüm etjekdigini nygtapdyňyz. Siz muny nämä esaslanyp aýdýarsyňyz?

Semýon Bagdasarow: Ilki bilen bu Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly. Häzir amerikalylar ýurtdan çykyp, ol ýerde özleriniň 9 müňden gowrak harby kontingentini saklap galjak bolýarlar. Bu [regionda] howpsuzlygy üpjün ederden gaty bärden gaýdýan san.

S.Bagdasarow

Owgan armiýasy gowşak. Üstesine-de, tejribeden görnüşi ýaly, olar köp halatda ýerli, has dogrusy “Talyban” ýaly jeňçi toparlara goşulanyny hem kem görenoklar.

Mundan başga-da sebitde “Özbegistanyň yslam hereketi”, “Türküstanyň yslam hereketi”, “Yslam jyhadynyň geňeşi” ýaly merkezi aziýalylardan ybarat ekstremistik toparlar-da hereket edýärler.

Bularyň [regionyň ýurtlaryna] örän uly howp salýandyklaryny nygtamak gerek. Olaryň käbir ýolbaşçylary türmelerden azat edilensoň, gürrüňi gidýän jeňçiler ýurduň [Owganystanyň] Gunduz we Farýab welaýatlaryndaky söweş hereketlerini has-da ýaýbaňlandyrdylar. Bilşimiz ýaly, agzaýan soňky welaýatymyz Türkmenistan bilen araçäkde ýerleşýär.

Şol bir wagtda, olar Ýakyn Gündogarda, gynandyrsa-da, belli bir derejede üstünlikli hereket edýän “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň howandarlygynyň astyna geçmegi saýlap alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Semýon Arkadýewiç, Türkmenistana dolanyp geläýsek. Bularyň Türkmenistana nähili gönümel täsiri bolar?

Semýon Bagdasarow: Türkmenistana dolanyp gelsek, bu ýurduň jeňçileriň ünsüni çekip biljek uly tebigy baýlyklary bar. Ýatladyp geçsem, “Yslam döwleti” diýilýäniň hem inkubasiýa, kemala geliş döwri şular ýaly şertlerde bolup geçipdi. Ýagny, olar üç ýylyň dowamynda Siriýada aýaga galyp, ondan soň hem Yragyň tebigy ýangyja baý sebitlerini ele alyp başlapdylar.

Ikinjiden, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe 900 km golaý türkmen-owgan serhedi belli bir derejede asudady. Häzir merhum Nyýazow näçe tankytlansa-da, ol her edip, hesip edip, garaz, “Talyban” bilen umumy dil tapmagy başarypdy. Häzir beýle asudalygyň ýokdugy juda aýdyň görünýär.

Üçünjiden, Türkmenistanyň ýaragly güýçleri nähili ýagdaýda? Bu ýyllaryň dowamynda olaryň söweş hereketleri bilen bagly hiç hili tejribesi bolmandy. Üstesine-de, türkmen harby goşunynyň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtmaga käbir esaslaryň bardygy hem öňe sürülýär.

Netije-de türkmen-owgan serhedinde örän pajygaly wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Men bu wakalar şu ýyl ýa-da geljek ýyl bolar diýip çaklamok. Emma perspektiwada munuň amala aşmagyna uly mümkinçilik bar.

Azatlyk Radiosy: Semýon Arkadýewiç, “Talyban”, şeýle-de ýaňy gürrüňini eden beýleki ekstremistik toparlarymyz öňden bäri Owganystanda hereket edip gelýärler. “Yslam döwleti” diýilýän jeňçileriň bu ýere aralaşmagy bilen näme üýtgär? Bu ikisiniň öz öňünde goýýan maksalarynda nähilidir bir tapawut barmy?

Semýon Bagdasarow: 1990-njy ýyllardaky bolan söweşlerden we häzirki tejribeden ugur alynsa, “Talyban” has köp Owganystanyň öz içki häkimiýeti ugrunda göreşýär. Hawa, onuň düzüminde hem [Owganystanyň töweregindäki ýurtlara göz dikýän] käbir ýek-tük ekstremistik toparlar bardyr, emma olaryň esasy ünsi Owgystanyň özüne gönükdirilen. “Talyban” üçünji bir ýurduň içine girmäge onçakly gyzyklanma hem bildirýändir diýip biljek däl.

Emma “Yslam döwleti” diýilýäni - bu eýýäm başga gep. Ol öz täsiriniň bütin dünýä ýaýbaňlanmagyny isleýär.

Azatlyk Radiosy: Resmi Aşgabat bu gürrüňini berýän ýagdaýlaryňyzyň öňüni almak üçin nähili ädimleri ädip biler?

Semýon Bagdasarow: Ilki bilen-ä, Aşgabat türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda söweşýän entiki türkmenlere, meýdan komandirlerine goldaw bermeli. Bu hem diňe bir belli bir derejedäki gumanitar kömek bilen çäklenmän, eýsem olaryň harby-ýarag bazasy güýçlendirilmeli.

Biri bal, gaýmak iýip, döwrän sürmeli, beýleki hem gün-güzeranyny aýlajak bolup, agyr gara zähmet çekmeli diýen bölünişik bolmaly däl.
S.Bagdasarow

Türkmenistan öz ýaragly güýçlerine, serhet goşunlaryna hem ünsi has artdyrmaly. Umuman, Türkmenistanyň söweş ukyplylygy nähili? Meniň “palança tankym” bar diýeniň bilen, iş bitmeýär, bu ýeterlik däl.

Ýagdaýlar gyzza-gyzza gelende, bitaraplyk barada edilýän uly, owadan gürrüňleriň hiç kime peýdasy degmez. Terroristler bitaraplyk diýlen zady bilmeýärler.

Ýene bir esasy zat, ol hem öz halkyňy bütewi saklajak bolmaly. Biri bal, gaýmak iýip, döwrän sürmeli, beýleki hem gün-güzeranyny aýlajak bolup, agyr gara zähmet çekmeli diýen bölünişik bolmaly däl. “Yslam döwleti” topary we şuňa meňzeşler hut şu ýagdaýlardan peýdalanyp, ony öz bähbidine ulanýarlar. Bu juda möhüm mesele.

Azatlyk Radiosy: Semýon Arkadýewiç, bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň beýleki bir goňşusy Eýran, Hytaýyň hem ýurtda uly maýalary bar. Ýagdaýlar ýaramazlaşsa, bu ýurtlar Aşgabada näderejede kömek edip bilerler?

Semýon Bagdasarow: Maňa bu sorag owal hem berlipdi. Men size açyk we aýdyň aýdyp biljek: Hytaý bu meselä asla goşulmaz. Bu barada hiç hili şek-şübhe hem bolup bilmez. Hytaýyň [nirededir bir ýerde] wakalara harby taýdan goşulanyna entek duş gelnenok. Men Pekiniň harby taýdan kömek etjekdigini aýdyp biljek däl, diýmek, bu mümkinçilik barada pikirlenip oturmagyňam geregi ýok.

Eýran barada aýdylanda, ol häzir Yrakda, Siriýada bolýan zatlar bilen has köpräk başagaý. Tähran esasy ünsüni häzir şol ugra gönükdirýär. Türkmenistanda bir zat bolanda, onuň näderejede hemaýat edip biljekdigini, aslynda nähilidir bir kömek hödürläp biljekdigini aýtmak kyn. Çakymça, ol, esasan, eýrän-türkmen serhediniň goragyny berkitmek we öz goragyny [güýçlendirmek] bilen aladalanar.

Netjede, [maňa galsa], men bu meselede Eýrana ýa-da Hytaýa bil baglamazdym.

Azatlyk Radiosy: Russiýa barada näme aýdyp bilersiňiz? Ol bu meselede nähili rol oýnap biler?

Semýon Bagdasarow: Geliň, bir zada düşüneliň, Hytaýyň täsiriniň artmagy bilen, soňky döwürde Moskwanyň Türkmenistandaky bähbitleri göz-görtele azaldy. Russiýa bir ýerde dartgynly ýagdaý ýüze çykdy diýip, goşulyp bilmez. Bu, elbetde, Aşgabat bilen Moskwanyň özara ylalaşyklaryna bagly bolar.