Azeri žurnalisti howatyrlanýar

Hatyja Ysmaýylowa.

Azerbaýjanyň derňeýji žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa ýurda dolanan mahaly özüniň tussag edilmeginden howatyrlanýandygyny aýdýar. Ysmaýylowa nebite baý ýurtda garaşsyz žurnalistlere we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere ençeme aýlardan bäri edilýän basyşlardan gürrüň açýar.

Azeri derňeýji žurnalisti Strasburgda Ýewropanyň Parlament assambleýasynyň agzalary bilen duşuşmak üçin eden saparyndan soň Bakuwa dolanan mahaly özüniň tussag edilmeginden howatyrlanýandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň maşgalasynyň biznes işleri barada ýazýan giň göwrümli raportlary bilen tanalýan we Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynda gündelik gepleşikleri alyp barýan Hatyja Ysmaýylowa eýýäm öz garşysyna töhmet atmak aýyplamasy bilen sud işiniň gozgalandygyny we 3-nji oktýabrda özüne suda barmak buýrugynyň çykarylandygyny habar berdi.

“Men häzirki wagtda, bu saparymdan yzyma dolananymdan soň, tussag edilmek bilen ýüzbe-ýüz boljakdygym barada maňa duýduryş berildi, belki, bu maňa duýduryş bermegiň ýene bir usulydyr. Olar ýa meniň Azerbaýjana yzyma dolanmazlygymy isleýärler ýa-da meni gorkuzyp, Azerbaýjandaky zatlar barada sesimi çykarmazlygymy isleýärler diýip pikir edýärin. Olar munuň meniň bilen ylalaşmagyň ýoly däldigine düşünmelidirler” diýip, Ysmaýylowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Basyşlar...

Ysmaýylowa bu wakany Azerbaýjanda raýat jemgyýetine garşy edilýän giňişleýin basyşlaryň bir bölegi hökmünde görýär. Ol bu ýagdaýyň maý aýynda Azerbaýjan Ýewropa geňeşiniň Ministrler komitetiniň başlyklygyny öz üstüne alaly bäri dowam edýändigini nygtaýar.Ýerli hukuk goraýjy aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda Azerbaýjanda 98 syýasy tussag bar, olaryň 14-si garaşsyz žurnalistler we bloggerler.

Ysmaýylowa garşy gozgalan sud işinde žurnalistiň sosial ulgamda çap etdi diýilýän maglumaty hakda gürrüň gidýär. Bu maglumatda Azerbaýjanyň aňtaw gullugynyň bir oppozision aktiwistiň kimdir biri bilen jynsy gatnaşykdaky pursatyny bikanun wideoýazga alandygy aýdylýar. Hatyja Ysmaýlowa Azerbaýjanyň döwlet aňtaw gullugynyň bu wejera wideoýazgyny şol aktiwistden beýleki oppozisionerleriň garşysyna özlerine gerekli maglumat almak üçin şantaž maksady bilen ulanandygyny paş edýär.

Ýöne Ysmaýylowa bu maglumatda özüniň gürrüňi gidýän oppozisioneriň adyny we oňa degişli ähli şahsy maglumatlary öçürendigine garamazdan, ol oppozisioneriň, töhmet atmakda aýyplap, özüni suda berendigini aýtdy.

Bikanun usuly paş etmek

Azeri žurnalisti gürrüňi edilýän wakada öz maksadynyň hökümetiň öz tankytçylaryna garşy ulanýan bu bikanun, wejera usulyny paş etmekden ybarat bolandygyny nygtaýar.

“Azerbaýjanyň Milli howpsuzlyk ministrligi we Azerbaýjanyň ýörite gulluklary öz garşydaşlarynyň jynsy gatnaşyklary barada edilen gizlin wideoýazgylary syýasy maksatlar üçin ulanmakda ozaldan ýakasyny tanadan. Şeýle zatlar maňa garşy hem ulanyldy. Şeýle zatlar beýlekilere garşy hem ulanyldy. Meniň üçin bu sud işi Azerbaýjanda alnyp barylýan bu çärelere ünsi çekmek üçin mümkinçilik bolar” diýip, Ysmaýylowa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.

“Men sud edilmekden gaçmaýaryn. Men yzyma gitmäge höwes edýärin we Azerbaýjanyň ýörite gulluklarynyň öz tankytçylaryna garşy ulanýan usullary barada aç-açan gürrüňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Yslmaýylowa belleýär.

Geçen ýyl Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky “Ýeni Azerbaýjan” partiýasy bilen ilteşikli websahypada “Hatyjanyň ermeni ejesi ölmeli” sözbaşyly makala çap edildi. Şol makalada Ysmaýylowanyň ejesiniň Bakuwdaky ýaşaýan ýeriniň ady, şeýle-de Ysmaýylowanyň Türkiýede “jynsy gatnaşyk biznesinde” “tenini satýar” diýlip görkezilen aýal doganynyň adresi ýerleşdirilipdir. 2012-nji ýylda bu waka bilen bagly bikanun ele salnan wideoýazgy internetde çap edilipdi.

Ysmaýylowa yzyna Azerbaýjana dolanman, daşary ýurtda galmak pikiriniň ýokdugyny aýdyp, şeýle diýdi: “Men Bakuwa, yzyma dolanýaryn, ol ýer meniň öýüm we kimdir biriniň meni öýümden kowmagyna ýol bermerin”.