Dinçi türmeden boşadyldy, emma aklanmady

33 ýaşly Bibi Rahmanowa adamsy we ogly bilen

Türkmenistanly Iýegowa şaýady Bibi Rahmanowanyň dört hepdeden soň türme tussaglygyndan boşadylandygy habar berildi. Ýaş çaganyň enesi Rahmanowa awgust aýynda tutulyp, soňra dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

“Iýegowa şaýatlary” guramasynyň ýakyn günlerde ýaýradan maglumatyna görä, Bibi Rahmanowa 2-nji sentýabrda agşam sagat 8-de Daşoguzyň türmesinden boşadylypdyr, emma oňa ýöňkelen aýyplamalar ýatyrylmandyr.

Rahmanowany dört ýyl türme tussaglygyna höküm etmek barada suduň çykaran ozalky kararynyň şertli tussaglyga çalyşylandygy habar berilýär. Rahmanowanyň şikaýatyna garan Daşoguzyň welaýat sudunyň kararynda Rahmanowanyň aýal maşgaladygy, ýaş çaganyň enesidigi hem-de onuň öň jenaýat işine çekilmändigi hasaba alyndy diýlip görkezilýär.

Rahmanowanyň tussaglygy

Dört ýaşly çaganyň ejesi 33 ýaşly Bibi Rahmanowa 6-njy awgustda resmi taýdan aýyplama bildirilip, tussag astyna alnypdy. 18-nji awgustda geçirilen sud diňlenişiginde Rahmanowa “polisiýa işgärine hüjüm etmek” we “huligançylyk” aýyplamalary esasynda günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

“Iýegowa şaýatlary” dini guramasy Bibi Rahmanowanyň “galp” aýyplamalar esasynda, “bikanun” ýagdaýda türme tussaglygyna höküm edilendigini yglan edipdi. Guramanyň maglumatyna görä, Bibi öz adamsy Wepa Tuwakow we ogly bilen bilelikde şu ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabatdaky tanyşlary tarapyndan ugradylan dini edebiýaty we käbir şahsy emläkleri almak üçin Daşoguzyň wokzalyna baranda, olaryň daşyny gaban raýat eşigindäki polisiýa işgärleri tarapyndan urlup-ýenjilipdir.

“Iýegowa şaýatlary” dini guramasynyň we dini meseleler boýunça “Forum 18” täzelikler agentliginiň maglumatlarynda dört hepde çemesi wagtlap türme tussaglygynda saklanan Bibi Rahmanowanyň türmede fiziki taýdan kemsitmelere we ýowuz zorluklara sezewar edilendigi habar berilýär. Oňa hem türme işgärleri hem-de beýleki tussaglar tarapyndan sütem edilendigi aýdylýar.

Bibi Rahmanowanyň daşary ýurtly aklawçysy onuň tussaglykdan boşadylmagynyň sebäbini belli bir derejede onuň ykbalyna halkara dini guramalar tarapyndan bildirilen aladalanmalar bilen hem baglanyşdyrýar.

Dini gysyşlar

Rahmanowanyň ýagdaýy “Iýegowa şaýatlary” dini akymyna eýerýän adamlara Türkmenistanda basyş edilmeginiň ýeke-täk mysaly däl. Ýurtda dinçileriň esasy hak-hukuklarynyň yzygiderli depelenýändigi barada habar berilýär.

“Iýegowa şaýatlary” dini guramasy häzirki wagtda Türkmenistanda öz dinçilerinden sekiz adamyň dini ynançlary sebäpli tussaglykda saklanýandygy we olardan altysнnyň harby gullukdan boýun gaçyran ýaşlardygy we ýene ikisiniň galp aýyplamalar esasynda türmä höküm edilendigi barada habar berýär.

Dini meseleler boýunça “Forum 18” täzelikler agentligi Türkmenistanda tussag edilen dinçileriň sanawyny çap etdi. Sanawda “Iýegowa şaýatlary” dini akymynyň 8 dinçisiniň we bir protestant dinçisiniň ady görkezilýär:

“Iýegowa şaýatlary”:

1. Döwran Mätýakubow, 21 ýaşynda, 2012-nji ýylda Daşoguzyň sudy tarapyndan 2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi;

2. Mätkerim Aminow, 23 ýaşynda, 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Daşoguzyň sudy tarapyndan 2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi;

3. Amirlan Tolkaçew, 21 ýaşynda, 2013-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenabadyň sudy tarapyndan 18 aýlyk türme tussaglygyna höküm edildi;

4. Suhrab Rahmanberdiýew, 18 ýaşynda, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda 18 aýlyk türme tussaglygyna höküm edildi;

5. Pawel Paymow, 23 ýaşynda, 2014-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabadyň sudy tarapyndan 1 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi;

6. Merdan Amanow, 19 ýaşynda, 2014-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabadyň sudy tarapyndan 1 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi;

7. Aibek Salaýew, 35 ýaşynda, 2012-nji ýylyň aprel aýynda, Daşoguzyň sudy tarapyndan 4 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi;

8. Bähram Şamyradow, 42 ýaşynda, Daşoguzyň sudy tarapyndan 4 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi;

Protestant dinçi:

9. Umyt Gojaýew, 32 ýaşynda, 2012-nji ýylyň maý aýynda Daşoguzyň sudy tarapyndan 4 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi;

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň adam hukuklary boýunça halkara kanunlaryndan ugur alyp, ýurtda dini azatlyklara ýol berjegine umyt baglaýarlar.