Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum-18: “Iýegowa şaýadyna" ýene iş kesildi


Feliks Korli
Feliks Korli
Dini meseleler boýunca “Forum-18” täzelikler agentligi Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan ýüz öwren bir dinçiniň türmä höküm edilendigini habar berýär. Guramanyň maglumatyna görä, “Iýegowa şaýatlary” guramasynyň wekili 23 ýaşly Pawel Paýmow 26-njy fewralda bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Türkmenistanda bir aýa golaý wagt bäri raýatlary harby gulluga çagyrmak çäresiniň ýazky möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosy Pawel Paýmowyň işi barada maglumat ýaýradan “Forum-18” täzelikler agentliginiň redaktory Feliks Korli bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: “Iýegowa şaýady” Pawel Paýmowyň tussag edilmeginiň jikme-jikligi barada gürrüň beräýseňiz?

Feliks Korli: Pawel Paýmow goşun gullugyna alýan edaranyň çakylygyndan ýüz öwrüp, öz dini ynançlary sebäpli, harby gullugy ýerine ýetirip bilmejegini aýdypdyr. Biziň bilşimize görä, ol alternatiw gulluga taýýardygyny aýdypdyr. Emma ol şol bada tussag edildimi ýa-da suddan soň tussag edildimi, biz muny takyk bilmeýäris. Ozal wyždan ýesirleriniň ençemesi suda çenli öýlerinde galypdy we suduň çykaran permanyndan soň tussag edilipdiler. Biz Paýmowyň haçan tussag edilendigini entek takyk bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Paýmowyň nirede saklanýandygy barada maglumat barmy?

Feliks Korli: Bize gowşan soňky maglumata görä, ol tussaglaryň suddan öň saklanýan Ýaşlykdaky türmesinde. Onuň wyždan ýesirleriniň saklanýan ýeri bolan Seýdidäki türmä ýa-da başga bir ýere iberiljegi barada hem maglumat alyp bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz bu waka barada Türkmenistanyň özünden, türkmen resmilerinden maglumat alyp bildiňizmi?

Feliks Korli: Türkmenistanda köp wakalary resmilere tassyklatmak ýa ret etdirmek örän kyn bolýar. Bu waka degişli maglumatlar bize “Iýegowa şaýatlary” guramasynyň beýleki wekillerinden gowuşdy. Biz appelýasion arzalara garaýan suda, onuň tussag edilen etrabynyň suduna ýüz tutduk, emma appelýasion suduň wekili Paýmowyň işi boýunça Aşgabadyň şäher suduna appelýasiýa berilmändigini aýtdy. Maglumaty tassyklatmak ýa ret etdirmek boýunça eden synanyşygymyzyň netijesi şeýle boldy.
Azatlyk Radiosy: Pawel Paýmowyň işi Türkmenistanda harby gullukdan boýun gaçyran dinçileriň tussag edilmegine degişli wakalaryň diňe biri. “Forum-18” guramasynyň maglumatynda 26-njy fewralda bir ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen Paýmowyň Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyryp, türmä höküm edilen ýedinji dinçidigi, [ondan başga-da] ýene bäş adamyň şertli tussaglyga höküm edilendigi aýdylýar. Türkmenistanda dinçileriň goşun gullugy bilen bagly meselesiniň ýüze çykmagyna näme sebäp bolýar?

Feliks Korli: Mesele Türkmenistanda alternatiw gullugyň ýokdugynda. Şu sebäpden dini ynançlary üçin ýarag götermek islemeýän we harby gullukdan ýüz öwürýän islendik adam, islendik dinçi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda türmä höküm edilip bilinýär. Türkmenistan özüniň halkara borçnamalaryna laýyklykda öz ynançlary sebäpli ýarag göterip bilmeýän adamlara alternatiw gullugy ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik teklip etmeli. Adamlaryň ýaragdan ýüz öwürmeginiň dürli sebäpleriniň bolmagy mümkin. Ýarag götermek islemeýän şeýle adamlar keselhanalarda, şypahanalarda, harby edaralardan daşda bolan dürli sosial obýektlerde, şeýle-de harby pudaga degişli bolsa-da, ýaraga gatnaşygy bolmadyk gurluşyk ýaly işlerde işläp bilerdiler.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli türme tussaglygyny başdan geçiren adamlar bilen gepleşip gördüňizmi?

Feliks Korli: Biz şeýle adamlar bilen gepleşip gördük. Olar türme möhleti dolansoň hem öz problemalarynyň tamamlanmaýandygyny aýdýarlar. Olar özleriniň işe alynmaýandygyny, polisiýa tarapyndan yzarlanýandygyny gürrüň berýärler. Türme tussaglygyny başdan geçiren 15 sany öňki wyždan ýesiri özlerine garşy edilen rehimsizlikler we urlup-ýenjilmeler bilen baglylykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüz tutdy, olaryň käbiri gaýtadan tussag astyna düşdi. Käbir wyždan ýesirleri özleriniň amnistiýa düşmezligi üçin häkimiýetleriň ýörite pirimleri ulanýandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda harby gullukdan boýun gaçyryp, jeza çeken dinçiler türmeden çykansoňlar ýene-de goşun gullugyna çagyrylýarmy?

Feliks Korli: Soňky iki-üç ýylyň dowamynda ençeme adam ikinji gezek hem türmä höküm edildi. Olar harby gullukdan ikinji sapar boýun gaçyransoňlar, ikinji gezek türme möhletini has berk režimli ýerde saklanýarlar. Dinçileriň şol bir sebäpden ikinji gezek türme düşmegi bilen bagly wakalaryň sany artýar.
XS
SM
MD
LG