Ulaglaryň gara aýnalary aýyrdylýar

Aýnalary garaldylan bir ulag

Eýýäm birnäçe gün bäri paýtagtyň köçelerinde polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary aýnalary garaňkyradylan awtoulaglary saklap, olaryň eýelerinden öz ulaglarynyň aýnalaryndaky garaňkyradýan ýörite plýonaklary aýyrmaklaryny talap edýärler.

Şol bir wagtda-da ýurduň käbir media serişdelerinde awtoulaglaryň aýnalarynyň garaňkadylmagy baradaky polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň duýduryşy çap edilýär. Hususan-da, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) Aşgabat telekanalynda we ”Türkmen owazy” radiokanalynda efire gidýän “Ýoluňyz ak bolsun!” atly gepleşiginde şu günler bu barada yzygiderli bildirişler berilýär.

Bu gadagançylyk barada resmi mediada köpçülige ýetirilýän duýduryşlarda bu çäräniň zerurlygy ulaglaryň aýnalarynyň garaldylmagynyň “ýol-ulag hadysasynyň döremegine sebäp bolup bilýändigi” bilen düşündirilýär.

50%

Bildirişde aýdylyşy ýaly, yzyňy daşky iki gapdallaýyn görüş aýnalary bolanda, ýeňil awtoulaglarda sürüjiniň hemem ýolagçynyň oturgyçlaryna deňeç bolan aýnalarda ýagtylyk geçirijiligi 50%-e çenli garaňkyradylan aýnalary ulanmaga ygtyýar berilýär. Şeýle-de awtoulaglarda ýalpyldawyk aýnalary hem-de örtükleri ulanmak gadagan edilýär.

Emma, käbir sürüjileriň aýtmaklaryna görä, polisiýanyň ýol gözegçilik inspektorlary awtoulagyň aýnasynyň garaňkylygynyň prosent derejesine seredip durmaýarlar. Özüni Durdy diýip tanadan paýtagtly sürüjiniň aýtmagyna görä, onuň awtoulagynyň aýnasynyň garaňkylygynyň prosenti ölçelmändir.

“GAI-şnik gara aýna bolmaly däl diýip, gara plýonkany aýyr diýdi. Meniň 50%-e çenli rugsat berilýär diýenime ol ”tapawudy ýok, ähli gara plýonkalar aýyrylýar” diýip jogap berdi.” diýip, Durdy gürrüň berýär.

Ýokarky maglumaty resmi çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmasa-da, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan awtoulaglarynyň aýnalaryndan gara plýonkalary aýyrdylan sürüjileriň biz bilen gürrüňdeş bolanlarynyň hemmesi polisiýanyň ýol gözegçilik inspektorlarynyň aýnanyň garaňkylygynyň prosentliligini ölçemän aýyrdýandygyny gürrüň berdiler.

Awtosürüjileriň käbirlerine saklanan ýerlerinde şol plýonkalar aýyrdylýan bolsa, käbirlerini goýberip soň öýlerinde aýyrmaga rugsat berýärler. Bu hili ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan sürüjileriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, polisiýanyň ýol gözegçilik inspektorlary häzirlikçe diňe duýduryş berýärler. Emma polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary soňra ”günäkärlere” jerime salynjakdygyny aýdypdyrlar.

Jerime

Şu ýylyň ilkinji gününde güýje giren Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakynda kodeksiniň 211-nji maddasynyň 3-nji böleginde ulag serişdeleriniň öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler şol sanda bellenilen kada bozulyp garaňkyradylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy administratiw jerimäniň binýatlyk mukdarynyň 0,2 böleginden 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýändigi aýdylýar. Bu bolsa 20-50 manat çemesi pul bolýar.

Şol maddanyň 4-nji böleginde bolsa bu hili hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi administratiw jerimäniň binýatlyk mukdarynyň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çenli çäklendirilmegine eltýändigi ýazylan.

Belläp geçsek, gürrüňi edilýän gadagançylyk diňe hususy awtoulag sürüjilerine degişli bolup, ol hökümet ulaglaryny öz içine almaýar.

Şol bir wagtda hem günden goranmak üçin aýnalaryň garaňkyradylmagyna gadagançylygyň girizilmegi adaty sürüjilerde nägilelik döredýär. Awtoulaglaryň garaňkyradýany aýrylan aýnalaryndan Günüň ýiti şöhleleri geçip, awtoulagyň salony gyzýar. Awtoulaglaryň aýnalaryndan garaňkylyk berýän plýonkalary aýrylanynda, maşynyň aýnalarynda çyzyk galýan wagty-da bolýar.

Şeýle-de awtoulaglarda diňe gara plýonkalar bilen garaňkyradylan aýnalar gadagan edilmän, eýse zawodda çykan mahaly garaňkyradylan aýnalara garşy hem “göreş” alnyp barylýar. Häkimiýetleriň bu “göreşi” mundan has irräk wagt başlanypdy. Şol sebäpli öz maşynlarynyň zawodda goýlan aýnalaryny çalyşmaly bolan sürüjiler hem az däl.

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda awtoulaglaryň aýnalarynyň garaňkyradylmagyna girizilýän häzirki gadagançylyk ilkinji gezek däl. Mundan ozal Nyýazow döwründe hem garaňkyradylan aýnalara birnäçe gezek gadagançylyk girizilipdi. Soňky bir-iki ýylyň içinde hem eýýäm iki gezek aýnalaryň garaňkyradylmagyna çäklendirmeler girizildi.