Bir gezek: Ýokanç kesel

Näsag adamyň krowatda alkogolly içgi içýän pursatyny suratlandyrýan karikatura.

Dokuz wagşy haýwan

Bir gezek belli ýomakçy ýazyjy Gurbangylyç Hydyrowyň öýünde saçak başynda otyrdyk. Ýazyjynyň 1-nji klasda okaýan agtygy gapydan boýnuny uzadyp “Ata, wagşy haýwanlary bilýärmiň, adyny aýtsana!” diýdi. Gurbanglyç aga “Ýolbars” diýdi. Sähel salymdan soňra agtygy ýene-de gapydan boýnuny uzadyp “Ata, ýene bir wagşy haýwanyň adyny äytsana!” diýdi. Gurbangylyç aga “Gaplaň” diýdi. Aradan sähel salym geçdi. Agtygy ýene-de gapydan boýnuny uzadyp:

-Ata, mugallym bize “Dokuz sany wagşy haýwanyň adyny ýazyp geliň!” diýdi. Ýaňy aýdanlaryňy sanap gördüm, iki bolýan eken -diýdi. Häsiýeti babatda äwmezek Gurbangylyç aga:

-Gyzym, “Bäş ýolbars, dört gaplaň” diý-de ýazaý! Jemi dokuz bolar -diýip, maslahat berdi.

Ählisi sizden

Bir gezek ýazyjy-şahyrlaryň jem bolan ýerinde ýurtda ýaşap-öten atly-abraýly şahsyýetleriň türkmeniň haýsy urug-tiresine degişlidigi hakynda gürrüň, jedel edildi. Biri “Şaja Batyrow bizden” diýse, beýleki biri “Balyş Öwezow bizden” diýdi. Ýene biri “Jumadurdy Garaýew bizden” diýip magtansa, başga biri “Ýurda iň uzak baştutanlyk eden Muhammetnazar Gapurow bizden” diýip öwündi. “Ýurduň birinji prezidenti Nyýazow bizden” diýip, öwnenem tapyldy.

Garaz her kim öz urug-taýpasyny beýgeltjege “hossar” çykdy. Diňe bir çetde oturan Pyhy Tagan dymýardy. Bu ahwalata geň galanyň biri “A-how, Pyhy, mydama eňegiňe jaň dakylan ýalydyr welin, häzir nämä dymýaň?” diýdi. Pyhy Tagan:

-Rast gürrüň etdiňiz, at tutanlaryňyzyň ählisi sizden. Ýöne Marks, Englis, Lenin, Stalin dagy-da türkmen. Näme üçin olary öz urug-taýpaňyza degişli etmeýärsiňiz? Size bir zady ýatladaýyn, bilip goýuň, Hudaý bizdendir, oňa degmäň, galany sizden! -diýdi.

Ýokanç kesel

Bir gezek şahyr Mämmet Seýit galamdaş ýoldaşy bilen ýola çykypdyr. Olaryň ýoly keselhananyň üstünden düşüpdir. Ýol hemrasy “Mämmet, keselhanada bir tanşym ýatyr. Ýolumyz keselhanaň üstünden düşdi. Soňra ýöriteläp ýol söküp gelmez ýaly, aýak ütünde halyndan habar tutaýyn. Sen biraz garaşyp bilmezmiň?” diýipdir. Mämmet aga “Sogap iş edýäň, garaşaryn” diýipdir.

Aradan esli salym geçipdir. Mämmet aganyň ýol hemrasy çykar ýerde çykmandyr. Sabyr käsesi dolan Mämmet aga keselhananyň nobatçysyna “Gyzym, menem, ýoldaşymy-da tanaýaň. Zähmet görme-de, ýoldaşyma aýt, tizräk çyksyn” diýipdir. Nobatçy gyz:

-Ol keselliniň ýanyndan häli çykdy. Häzir däliziň ugrunda bir görmegeý gelin bilen gürleşip dur. Owadan gelni görüp, gyzamykdan galan keseli gozgana meňzeýär -diýip, şelaýyn gülýär. Durmuşda ýörelgesi halallyk bolan Mämmet aga:

-Men gitdim. Meni sorasa “Mämmet aga ýokanç keselden gorkýan eken” diýäý -diýipdir.

Toplan we taraşlan Amanmyrat Bugaýew.