Orsýetlileriň esasy köpçüligi dünýä habarlaryny Orsýetiň döwlet telewideniýesinden almagy dowam etdirýär. Olar Malaýziýanyň 17-nji iýulda gündogar Ukrainada ýykylan ýolagçy uçary barada näme gördüler?
Malaýziýanyň ýykylan uçary baradaky habar çykyp-çykman, Orsýetiň döwlet telewideniýesi bu habaryň dürli tarapa barmak çommaldýan dürli wersiýalaryny orta atmaga howlukdy, ýöne onuň Orsýete we gündogar Ukraindaky moskwaçy jeňçilere galtaşyk ähtimalyna welin baş galdyrmady.
Dünýä mediasy armazlyk bilen delilleri, bu uçary jeňçileriň Orsýetde ýasalan uçara garşy «Buk» sistemasyny ulanyp, bilmezlikden uran bolmagynyň ahmaldygy baradaky subutnamalary yzarlaýan bir wagtynda, Orsýetiň döwlet telewideniýesi başga taraplara seretdi.
"Raketa? Bir hadysa? Uçaryň üstündäki terrorçy? NTV-niň agşamky habarynda diktoryň Malaýziýanyň gündogar Ukrainada ýykylan uçary barada ilkinji agzan ähtimallyk teoriýalary şular boldy.
NTV-niň wakanyň bolan ýerinden habar berýän habarçysy bolsa, özleri özlerini jar eden Donetsk halk respublikasynyň iki resmisine bu hili uçary ýykmaklyga tehniki mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdyrmak üçin söz bermezinden öň, hatda ukrain häkimiýetlerini wagtyndan öň separatistleri günälemekde hem aýyplady.
"Hadysanyň sebäbi malaýziýa we ukrain häkimiýetleri tarapyndan bada-bat döredilen komissiýa tarapyndan seljeriler» diýip, NTV-niň habarçysy aýtdy. "Tebigy zat, betbagtçylykdan soňky ilkinji minutlarda uçaryň urlup ýykylandygy barada habar peýda boldy. Onsoň bada-bat diýen ýaly, wakanyň töwereginde hiç bir derňew geçirmezden, ukrain häkimiýetleri bu işiň jeňçiler tarapyndan edilendigini, olarda uçara garşy «Buk» sistemasynyň bolmalydygyny yglan etdiler. Şol pursatda biz DHR-iň – Donetsk halk respublikasynyň – wakanyň bolan ýerindäki lideri bilen telefonda habarlaşdyk. Ynha, onuň aýdan zatlary...»
Umuman, NTV bu betbagtçylyga, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň bu hadysa haýsy ýurduň territoriýasynda bolsa, şonuň hem jogapkärdigi baradaky beýanaty bilen bilelikde, jemi 14 minut bagyşlady.
"Azaşan bolmagy mümkin"
Orsýetiň 17-nji iýuldaky agşamky habarlarynyň köpüsinde Malaýziýanyň uçarynyň howa giňişliginiň ýapyklygy zerarly ugrundan azaşan bolmagynyň mümkindigi ýa-da ony ukrain häkimiýetleriniň urup ýykan bolmagynyň ahmaldygy baradaky pikirlere ýykgyn edildi.
NTV raýat uçarlarynyň bu zonadan uçmagyny dowam etdirmegine «ukrain hökümetiniň jeňçilerde şeýle belentlikden uçup barýan uçarlary ýykyp biljek ýaraglar ýok diýen pikire aşa ynanmagy sebäp boldy» diýdi.
Rossiýa-1 telekanalynyň "Vesti" habar programmasynda Ukrainanyň baş prokurorynyň Donetskdäki jeňçiler uçara garşy «Buk» sistemasyny basyp almadylar diýen beýanaty getirilip, bu jeňçilerde şeýle ýaraglaryň ýokdugyna «delil» hökmünde görkezildi. Emma hut şol programmada, 29-njy iýunda, separatist jeňçileriň «Buk» sistemasyny basyp alandygy we ony Donetskiniň howa giňişligini goramakda ulanjakdygy habar berlipdi.
Beýleki programmalarda bolşy ýaly, "Vesti" hem ukrain harbylarynyň 2001-nji ýylda, Gara deňizde geçirilen türgenleşik mahalynda Orsýetiň ýolagçy uçaryny tötänden urup ýykandygyny ýatlatdy.
"Biz munuň Ukrainanyň howa giňişliginde ýolagçy uçary babatda bolan adatdan daşary ýagdaýyň ilkinjisi däldigini ýatladýarys” diýip, 'Vesti' aýtdy. "On üç ýyl ozal, Ukrainanyň uçara garşy raketasy Sibir Howaýollarynyň Tel Awiwden Nowosibirskä gelýän Tu-154 uçaryny urup ýykypdy. Uçaryň üstündäki hemme adam ölüpdi."
"Vestiniň" «ýarag eksperti» diýip tanadylan Andreý Klintsewiç bilen guran 35 minutlyk gepleşigi iň köp analizli gepleşik boldy
Klintsewiç Orsýet Dumasynyň deputaty, 12-nji iýulda Rossiýa-24-de ukrain goşunlary Slowýanskdäki söweş mahalynda fosfor ýaraglaryny ulandy diýip «tassyklan» Frnats Klintsewiçiň ogly.
Klintsewiç jeňçileriň şeýle belentlikden we çalt uçup barýan uçary urup ýykyp bilmejekdiklerini aýdyp, aýak depdi.
"Biziň gelip biljek esasy netijämiz, siziň hem düşünişiňiz ýaly, jeňçileriň iş ýüzünde şeýle uçary urup ýykmagynyň mümkin däldigidir. Sebäbi ol örän çalt hereket edýärdi, «Buk» sistemasynyň ony urup ýykmagy üçin bir minutdanam az wagt bar» diýip, ol aýtdy. «Şeýle karara gelmek üçin bu wagt gaty az bolýar. Türgenleşmedik ekipaž şeýle ýagdaýda aňsat çalasyn herket edip ýetişmez» diýip, ol aýtdy.
Levada merkeziniň iýunda geçiren pikir soraşlygyna görä, Orsýetlileriň 94 prosenti Orsýet we dünýä baradaky maglumatlaryny telewideniýeden alýar, şol bir wagtda olaryň 9 prosenti öz maglumatlaryny internetden alýandyklaryny aýtdylar. Olaryň 50 prosentden gowragy beýle maglumatlary diňe bir çeşmeden alýandygyny aýtdy, 60 prosent çemesi bolsa döwlet telewideniýesiniň Ukraina degişli habarlary dogruçyl beýan edýändigine özleriniň ynanýandygyny aýtdy.
Emma Moskwada we beýleki uly şäherlerde hemme kişi Orsýetiň döwlet telewideniýesiniň jadysynda däl.
"Birinji kanal bu uçar ukrain (hökümetiniň) raketalary tarapyndan urlup ýykyldy diýende, men, dogrusy, haýran galdym» diýip, 32 ýaşly Ilýa Nemets 18-nji iýulda Moskwanyň merkezinde Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtdy. "Olar hiç bir çeşmä salgylanmadylar. Bu biraz gorkunç ýagdaý. Biz ynamdar habary nireden alyp biljegimizi bilmeýäris."
(Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Moskwadaky habarçysy Tom Balmfortyň Moskwadan kömek etmeginde ýazyldy.)