"Mellek berjek" diýip aldaýarlar"

Ekin meýdany.

Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatlarynda ilata mellek ýerlerini, jaý salmak üçin ýer uçastoklaryny bölüp bermek barada wagtal-wagtal anyk tabşyryklary berýär. Emma muňa garamazdan, ýurtda ilatyň döwlet tarapyndan paýlanylýan mellek ýeri almak bilen bagly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Şu hepdäniň başynda Azatlyk Radiosy Balkan welaýatyndan özüni Oraztäç daýza diýip tanyşdyran 60 ýaşlaryndaky pensioner zenanyň 3 ýyla golaý wagt garaşyp mellek ýerini alandygy barada söhbetdeşligi çap edipdi.

Mellek meselesi bilen bagly bökdençlikleriň Mary welaýatynda hem bardygyny aýdylýar. Döwlet tarapyndan paýlanylmaly mellek ýeriniň ilata berilmeýändigini, şu sebäpden hem goh-galmagallaryň döreýän halatlarynyň hem bolýandygyny adynyň efirde tutulmazlygyny soran Mary etrabynyň daýhanbirleşikleriniň biriniň ýaşaýjysy belleýär. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“"Mellek berjek" diýip aldaýarlar”