Baýdak göteriji

Marat Nyýazow.

Bu altmyşynjy ýyllaryň ortalaryndan başlanypdy. Ol paýtagtda bolýan uly sport dabaralarynyň baýdak göterijisidi. Onuň döşündäki keseligine asylan lentada dürli medallar lowurdaşýardy. Medallar uly ýeňişlerden habar berýärdi.

Baýdak göterip barýan Marat Nyýazowdy.

Geljege bolan ynam

Belli sport ussady Marat Nyýazow 1933-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inipdir. Ol şahyr Ata Nyýazowyň ogly bolmaly.

Ata Nyýazowyň türkmen edebiýatynyň taryhynda öz orny bar. Ol ilkinji iri proza eserini dörediji hem Ýazyjylaryň Bütinsoýuz 1-nji gurultaýyna gatnaşyjy hökmünde bellidir.

Şol döwürlerde durmuş örän dartgynly bolupdyr. Şeýle-de bolsa, sowatly-bilimli adamlarda geljege bolan ynam güýçli möwç urupdyr. Ata Nyýazow diňe täze eser ýazmak ýa ýazylany redaktirlemek bilen çäklenmän, dünýä edebiýatyndan A.S. Puşkiniň, A. Nowaýynyň, K. Lahutiniň eserlerini türkmen diline terjime edipdir. Şol döwrüň intelligensiýasy dünýä medeniýetini özleşdirmäge çalşypdyr we öz nesliniň dünýä belli göreşijiler derejesinde ösüp-ýetişmegini isläpdir. Belki, şeýle maksat bilen dünýä inen ogluna Marat diýen at goýýar. Oglunyň fransuz rewolýusioneri Marat ýaly gaýduwsyz hem göreşiji bolmagyny islän bolsa gerek.

Marat 10 ýaşyndaka, A. Nyýazow ukrain topragynda barýan söweşlerde wepat bolupdyr. Marat ýetimligine garamazdan gowy bilim alyp, Moskwanyň I.M. Gubkin adyndaky nebit-himiýa we gaz senagaty institutyna okuwa girmegi başarypdyr.

Ol institutda okaýan döwründe atyjylyk sporty bilen çynlakaý gyzyklanyp, student wagtynda ilkinji ýeňiş medalyny döşünden dakmagy başarýar.

Barlyşyksyz göreş

“Göreşde ataň hem bolsa ýyk” diýen söz bar, Marat ýaryşa çykyp başlanyndan, şol ýörelgä eýerdi. Sebäbi bäsdeş köpdi hem olar biri-birinden ezberdi.

Beýleki bir tarapdan, göreş ýaşynyň örän gysgadygyny bilýärdi.

Atyjylyk sporty boýunça ol 7 gezek dünýäniň çempiony bolup, 13 gezek kümüş hem bürünç medallary eýeledi. Şol wagtyň özünde Ýewropanyň 3 gezek çempiony boldy. Bu beýik derejäni SSSR-de 14 gezek gazandy. Ýaryşlar dowamynda Dünýä rekordyny 9, Ýewropanyň rekordyny 11, SSSR-iň rekordyny hem 13 gezek täzeläp bildi.

Bular, elbetde, maglumat üçin getirilen sanlar. Hakykatda her ýeňiş üçin, ömründen bir bölegini sarp edendigi belli. Sebäbi her gezek nyşanany nazara alanyňda, ummasyz güçýli erke hem aýratyn bir pursada eýe bolmak gerek diýýärler.

Ol muňa hötde gelen bolmaly, her ýaryşda baýragy goşa-goşadan alyp bildi. Oňa hem bäsdeşlerini ýeňmek, hem rekordy täzelemek başartdy.

1960-njy ýylda Rimde geçen Olimpia oýunlarynda atyjylyk sporty boýunça Marat Nyýazow küşüş medala eýe boldy. Bu geçen asyrda türkmenleriň arasynda gazanylan iň beýik hem ýeke-täk ýokary sylagdyr.

Türgenlik

Ol uly göreşden galansoň, ýaşlary türgenleşdirmek işine başlady. Bu örän kyn hem aşa agyr işdi.

Atyjylyk sporty köp çykdajy talap edýän ugur. Onuň üçin aýratyn türgenleşik meýdançasy gerek. Atmak üçin göni urup bilýän kämil tüpeň zerur hem her günki türgenleşikde ok zaýalamaly bolýar. Bu zatlar pul hem ýörite alada talap edýär. Şonuň üçin Marada özi ýaly şägirt ýetişdirmek kyn düşdi.

“Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar” diýipdirler. Şol tulpary müňleriň arasyndan seçmek gerekdi.

SSSR dargap, Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolanda, onuň hünärine örän kembaha garadylar. “Biz Bitarap ýurt, bize atyjy nämä gerek, mergen nämä gerek” diýdiler. Ol daşary ýurtlara gitdi hem öz hünärini ýaşlara öwretdi. Ahyrynda ýene Watana dolandy. Sebäbi ýurtda ýaşamaly möhletiniň ýakynlaşýandygyny ýüregi syzýardy.

Öz-özüňi tapmak

Ýurtda ýeke galan döwründe, ol belli kino režisýory Kerim Annanowyň gözüne ildi.

Kerim öz kakasy, belli aktýor Baba Annanowyň döreden “Güýz” hekaýasy esasynda gysga ölçegdäki çeper filmi surata düşürmek isleýärdi. Oňa ýalňyz galan ýaşuly Gulja aganyň roluny oýnara adam gerekdi. Bu rola Marat Nyýazow diýseň laýyk geldi. Köp ýaýdanjaňlykdan soň, ahyrynda Marat aga surata düşmäge razylyk berdi.

“Ussadyň büresi hem bihal bolmaýar” diýilýäni çyn ekeni. Ol bu rola hötde gelmegi başardy. Şeýdip, ömrüniň ahyrky bölegini bir gojanyň keşbinde janlandyryp bildi.

Kinolyk işler tamamlanyp, gözden geçirmeler birýüzli boldy. Şol döwürde, 2009-njy ýylyň 8-nji aprelinde Marat Nyýazow Aşgabatda aradan çykdy.

Ol soňky, has ýaş nesliň hyýalynda “Güýz” filmindäki şekili bilen galdy.

Uly nesliň hyýalynda bolsa türkmen sportunyň baýdagyny parladyp barýan göreşiji hökmünde ýaşaýar.

Geçen asyryň ikinji ýarymynda Marat Nyýazow ýaşlaryň buýsanjy bolupdy. Megerem, ol häzirem şol buýsanja eýe.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.