Türkmenistanda goşun gullugynda ölen, şikes alan, ejir çeken ýa kemsidilen ýaşlaryň ene-atalary, hossarlary näme etmeli? Hakykata nädip ýetmeli, çagalaryny nädip goramaly we özleriniň kanuny hukuklaryny nädip talap etmeli? Azatlyk Radiosy şeýle sowallar bilen türkmenistanly ýurist, häzir Gollandiýada hereket edýän “Garaşsyz aklawçylaryň bileleşigi” atly guramanyň ýolbaşçysy Timur Misrihanowa ýüzlendi.
Azatlyk Radiosy: Timur, hossarynyň goşunda ýogalmagynyň hakyky sebäbiniň anyklanmagyny isleýän we öz talabyny Azatlyk Radiosynyň üstünden köpçülige ýetiren maşgala, şeýle-de goşundaky zorluklaryň beýleki pidalary, olaryň hossarlary näme etmeli? Türkmenistanda hakykata ýetmek üçin nähili kanuny ýollar bar?
Timur Misrihanow: Siziň agzan wakaňyzda hökmany suratda heläk bolanyň jesediniň eksgumasiýa, ýagny gabryndan gaýtadan çykarylmagyny gazanmaly. Munuň üçin ýurduň ähli kanun goraýjy edaralaryna, ýerli edaralardan başlap, prezidente çenli ähli derejelerde arzyňy ýetirmeli. Bu tagallalaryň netije bermedik halatynda halkara strukturalaryna arz bilen ýüzlenmek üçin dokumentleri taýýarlamaly.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýaşaýjylary halkara guramalaryndan haýsylaryna ýüz tutup bilýärler?
Timur Misrihanow: Türkmenistanyň raýatlary Adam hukuklary boýunça halkara komitete ýüzlenip bilýärler. Goşunda esgeriň gynamalara ýa rehimsiz gatnaşyga sezewar edilendigi barada subutnamalaryň bolan ýagdaýynda BMG-niň Gynamalara garşy göreş boýunça komitetine arz edip bolýar. Şu iki komitete indiwidual şikaýat bilen ýüzlenip bolýar.
Azatlyk Radiosy: Siz heläk bolan esgeriň jesediniň jaýlanan mazaryndan gazylyp çykarylmagyny gazanmaly diýdiňiz. Bize ýüz tutan maşgala goşundan öli getirilen garyndaşynyň jesediniň gaýtadan sud medisina barlagyndan geçirilmegini talap etse-de, muny hiç gazanyp bilmän gelýändigini, kanuny goraýjy edaralara edilen ýüzlenmeleriniň jogapsyz galandygyny, hatda suduň-da olaryň talabyny kanagatlandyrmandygyny aýdýar. Şeýle ýagdaýda olar üçin çykalga barmy?
Timur Misrihanow: Edil şeýle ýagdaýda iberilen arzalara resmi jogaba bir aýyň dowamynda garaşmaly. Eger bir aýyň dowamynda jogap gelmese, iberilen hatlaryň nusgalary bilen halkara edaralaryna ýüzlenmeli. Emma bellemeli möhüm bir zat, Türkmenistanda raýatlar döwlet edaralaryna ýüz tutanda hökman ýazmaça görnüşde poçta arkaly ”zakaznoýe pismo s uwedomleniýem” diýilýän, ýagny öňünden harjy tölenen we hatyň adresata ýetirilendigini iberene habar bermek göz öňünde tutulýan poçta hyzmaty arkaly ibermeli. Iberilen arzalaryň nusgalaryny we poçtanyň kwitansiýalaryny ýygnap, soňra Adam hukuklary boýunça halkara komitetine ýüz tutmaly.
Azatlyk Radiosy: Goşun gullugynda zorluklaryň öňüni almak üçin ýol barmy?
Timur Misrihanow: Birinjiden, goşunda gulluk edýänlerden ilkinji howply signallar gelen badyna, hökman harby bölüme barmaly. Hem esgeriň özi hem-de harby bölümiň ýolbaşçylary bilen duşuşmaly. Hökman edilmeli zat harby bölümiň ýolbaşçysynyň adyna arza ýazmaly. Ýazmaça görnüşli bu dokumentiň iki nusgasy bolmaly, birini harby bölüme tabşyrmaly, beýlekisini arzany alan harby bölümiň resmisine gol çekdirip, özüňde saklamaly. Arzada öz şikaýatyňy we howatyrlanmalara sebäp bolan wakalary jikme-jik beýan etmeli.
Azatlyk Radiosy: Ene-atalar goşuna baranda harby bölümiň ýolbaşçylary olary kabul etmäge, şikaýatlara garamaga we esger bilen duşuşdyrmaga rugsat bermäge borçlumy? Türkmenistanda muňa degişli resmi düzgünler barmy?
Timur Misrihanow: Hawa, harby bölümleriň ähli derejelerdäki ýolbaşçylary esgeriň ene-atasyny iş gününiň islendik pursatynda kabul etmäge borçly. Haýsy-da bolsa bölümiň resmileri baranlary kabul etmekden boýun gaçyrsa, derhal prokuratura arz etmeli.
Azatlyk Radiosy: Käbir esgerler, has beterinden gorkup, özlerine azar berilýändigi barada habar bermeýärler, ene-atalar hem çagasyna has uly zyýan ýetirmekden çekinip, wagtynda çäre görmeýärler. Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýda näme etmeli?
Timur Misrihanow: Türkmenistanda ”dedowşina” barada aýdylanda, goşundaky zorluklar, kemsitmeler iki-ýeke waka däl. Bize gowuşýan maglumatlara görä, goşunda gulluk edýänleriň 80—85 prosenti zorlugyň ol ýa beýleki görnüşine sezewar edilýär. Bu ýagdaý sowet döwründe-de bardy, häzirem dowam edýär. Harby ýolbaşçylaryň özleriniň-de esgerleri jenaýatçylyklara itermegine degişli wakalar hem bize mälim. Şonuň üçin zorluklar bilen bagly ilkinji alamatlar barada eşiden halatynda ene-atalar gyssagly çäre görmeli. Hiç zatdan çekinmeli däl. Sebäbi dymmaklyk esgeriň ölümine getirip bilýär. Şonuň üçinem giç bolmanka häkimiýetlere, prokuratura edaralaryna we beýleki kanuny goraýjy edaralara, Goranmak ministrligine arz etmeli. Dadyňy ähli ýere ýetirmeli.