Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşundaky zorluk: kim kimi näme üçin ezýär?


Esgerleriň näme üçin harby bölümden gaçýandygy, bu ugurdaky problemalaryň çözgüdi barada metbugatda açyk gürrüň edilmeýär.
Esgerleriň näme üçin harby bölümden gaçýandygy, bu ugurdaky problemalaryň çözgüdi barada metbugatda açyk gürrüň edilmeýär.

Golaýda iki sany esgeriň harby bölümden gaçmagy türkmen goşunyndaky diýdimzorluga ýene bir gezek ünsi çekdi.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gulluk ýerinden gaçan iki esgeriň Gökjede ele salnanadygyny habar berdi. Ýöne döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty bu mesele bilen bagly habarlary, synlary we çekişmeleri çap etmänsoň, tutulan esgerleriň soňky ykbaly ýa-da olaryň näme üçin harby bölümden gaçandygy näbelliligine galýar.

Ýerli synçylar türkmen goşunynda diýdimzorlugyň, urup-ýençmeleriň, esgerleriň käte harby bölümden gaçmaga mejbur edilmeginiň, hatda gümürtik ýagdaýda ölmeginiň hem saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda esgerleriň näme üçin harby bölümden gaçýandygy, bu ugurdaky problemalaryň çözgüdi barada açyk gürrüň edilmeýär.

Türkmen milli goşuny ýurt garaşsyzlygyndan soň döredildi. Ozal türkmen esgerleri Sowet soýuzynyň dürli ýerlerine gidip, dogduk depelerinden uzakda, rus dilinde berilýän komanda-buýruk astynda gulluk eden bolsalar, garaşsyzlyk olara öz watanlarynda, öz dillerinde berilýän buýruk astynda gulluk etmek mümkinçiligini berdi.

Ýöne Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda, ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklakmagyna görä, goşun üçin goýberilýän serişdäniň tygşytlanmagy we tertip-düzgüniň gowşamagy bilen bagly, esgerleriň hal-ahwaly ýyl-ýyldan ýaramazlaşdy. Prezident Nyýazowyň goşunyň özüni eklemeldigi baradaky talaby netijeside “60-lyk” diýilýän harby bölümler döredili. Bu bölümlerde gulluk edýän esgerler mal bakmak, ekin ekmek ýaly işler bilen meşgul boldular.

Emma “60-lyk” bölümler Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýatyryldy we goşundaky tertip-düzgün, esgerleriň hal-ahwaly, harby gullukçylaryň durmuş-ýaşaýşy meselesinde bir topar reforma geçirildi. Ýerli synçylar indi, Nyýazow döwründäki ýaly, bir döwüm çörek diläp, çem gelen ýerde ýatyp-turup ýören ýa biriniň gapysynda, kärende ýerinde işleýän esgerleriň göze ilmeýändigini aýdýarlar.

Ezmek “düzgüni”

Emma goşunda ýaş esgerleri urup-ýençmek, ezmek “düzgüni” saklanyp galana meňzeýär. Häzir Ýewropada ýaşaýan öňki esger Aýmyrat (ady howpsuzlyk aladalary sebäpli üýtgedildi) türkmen goşunynda gulluga alnan ýaş esgeri ezmegiň adaty bir zatdygyny aýdýar:

—Ýaş esgeri gullugyň ilki alty aýynda hemme taraplaýyn ezýärler, urup-ýençýärler, kemsidýärler. Bu kemsitmeler bir ýyl ýa ondan hem kän gulluk eden esgerler tarapyndan amala aşyrylýar. Olar ýaş esgeri “synagdan geçirýärler”, ýagny ol özüne edilen sütem barada komandirlere şikaýat edýärmi ýa edenok, şuny barlaýarlar. Eger ýaş esger özüne ýuwutdyrylýan hunabalara çydaman, arz etse, oňa “kozýol”, “geçi” ýa-da “adam satýan”“ “şugul” diýen ýarlyk dakýarlar.

Bäherdende ýaşaýan graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow esgerleriň komandirleriň zulumyna çydaman, köpçülikleýin harby bölümi terk etmäge mejbur bolýan halatlarynyň hem bardygyny, şeýle wakanyň 2008-ji ýylyň tomsunda Seýdi şäherinde hem bolandygyny aýdýar:

—70-80 sany oglan komandirleriniň zulumyna çydap bilmän, gaçyp gidýär. Komandirler olaryň yzyndan baryp, seržant oglanlara “siziň diýeniňizi etjek, ýöne şu oglanlary yzyna gaýtaryň” diýýärler. Soň şu gepleşik boýunça ogldary bölüme dolap gektiren seržantlara “bölümi bikanun terk etdiňiz” diýip, sud edipdirler.

Sazak Durdymyradow alty esgere iki ýyldan iş kesen suduň hökümi bilen hem tanşandygyny, esger oglanlara çekip-çydap bolmajak sözleriň diýlendigini suduň özüniň hem boýun alýandygyny aýdýar.

Gümürtik ölümler

Türkmenistan parahat ýurt, ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda goşundaky eden-etdilikler sebäpli gümürtik ýagdaýda ýogalýan, öz janyna kast edýän esgerleriň hem bardygy aýdylýar. Şeýle betbagtçylykly ýagdaýda ogluny ýitiren ene-atalaryň adalatly derňew geçirmek talaplarynyň diňlenmezligi olary käte daşary ýurt metbugatyndan haraý gözlemäge mejbur edýär.

Mysal üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häzirki “Azatlyk” daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Akmämmet Sapargeldiýew Azatlyk Radiosyna telefon edip, 2010-njy ýylyň 3-nji iýulynda Saragtda gulluk edýän ogly Batyryň jesedini getirip berendiklerini gürrüň beripdi. Oňa “ogluň öz janyna kast etdi” diýipdirler. Akmämmet oglunyň jesedinde okuň giren-çykan ýerlerini gözden geçirip, wakanyň bolşy barada aýdylan zatlary diňläp, özünde bir topar soragyň dörändigini aýdýar:

—Bir ok-a döşden giripdir-de, ýanbaşdan, böwregiň ýanyndan çykypdyr, bir okam göni ýürekden girip, aşak geçipdir. Awtomatdanam üç ok çykdy diýilýär. Onsoň baryp sorasam, olar “bir oky ýokaryk atypdyr, ikisinem özüne goýberipdir” diýýärler. Men “awtomata guralan bolsa, nädip beýdip atyp bilýär?” diýýärin.”

Emma Akmämmet Sapargeldiýew öz soraglaryna jogap alyp bilmändir.

Köki nirede?

Aşgabatda ýazyjy Atageldi Garaýew goşundaky zorluklaryň bir gyrasynyň ýurtda giň ýaýran korrupsiýa bilen hem baglydygyny, şu sebäpden goşunda içki tertibi düzetmelidigini aýdýar:

—Içki düzgün-tertibi gaty berkleşdirmeli, örän berk düzgüne salmaly. Ine, şeýle ýagdaýda, ýagny düzgün berkidilse, bu zatlaryň bolmazlygy mümkin. Tertip-düzgüniň berkidilmegi sütem eden, kanuny bozan esgerlere kanun esasynda berk çäre görülmegi bilen bagly. Ol esgere sütem eden esger ýa komandir kanun esasynda sud edilmeli we berlen jezany tertip-düzgün batolýonynda çekmeli. Jeza berlen esger jezasyny doly çekenden soň, galan gulluk möhletini adaty bölümde gulluk edip geçirmeli.

Goşunda esgerlere sütem etmek diňe Türkmenistanda däl, öňki sowet respublikalarynyň köpüsinde, şol sanda rus goşunynda hem saklanyp galýar. Ýöne Orsýetde “Esger eneleri” diýen ýaly guramalar bolup, bu mesele boýunça metbugatda açyk çekişmeler edilýär.
XS
SM
MD
LG